1 Samuel 10
1Soňra Şamuwel ýagly küýzäni alyp, ýagy Şawulyň kellesinden guýdy-da, ony ogşap, şeýle diýdi: «Öz saýlan halkyna hökümdar bolmagyň üçin, Reb seni belledi. 2Şu gün meniň ýanymdan gideniňden soň, benýamin topragyndaky Selsada, Raheliň mazarynyň ýanynda saňa iki sany adam duşar. Olar: „Eşekleriňiz tapyldy. Kakaň eşeklerden geçip, ‘Ogluma näme bolduka?’ diýip, seniň gaýgyňy edip otyr“diýerler. 3Soňra ol ýerden gidersiň we Tabordaky dub agajynyň ýanyna bararsyň. Ol ýerde sen biri üç owlak, beýlekisi üç çörek, ýene biri bolsa bir tulum şerap alyp, Beýtele, Hudaýyň ýanyna barýan üç kişä duşarsyň. 4Olar saňa salam bererler we bir jübüt çörek hödür ederler; çörekleri alarsyň. 5Ondan gidip, Gibgadaky Hudaýyň baýryna bararsyň. Ol ýerde piliştlileriň bir bölek goşuny bardyr. Gala giren ýeriňde, seždegähden inip gelýän pygamberler toparyna duşarsyň. Olar öňlerinde arfa, deprek, tüýdük we lira çaldyryp, joşup, pygamberlik edip gelýändirler. 6Şondan soň Rebbiň Ruhy seniň kalbyňy eýelär; sen hem olar bilen bile joşup, pygamberlik edersiň we Rebbiň Ruhy seni bütinleý özgerder. 7Şol alamatlar ýerine ýetende, sen göwnüňe gelenini edip bilersiň, çünki Hudaý saňa ýardyr. 8Indi menden öň aşak, Gilgala in. Ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryny bermek üçin, ol ýere men hem barjak. Ýedi gün garaşanyňdan soň, ýanyňa baryp, näme etmelidigiňi aýdaryn». 9Şawul Şamuweliň ýanyndan gaýtmak üçin yzyna öwrülende, Hudaý onuň kalbyny täzeledi. Bu alamatlaryň hemmesi şol gün ýerine ýetdi. 10Gibga galasyna gelenlerinde, olar topar tutup gelýän pygamberlere duşdular. Şonda Hudaýyň Ruhy Şawulyň kalbyny eýeledi. Ol pygamberler bilen bile joşup, pygamberlik etmäge başlady. 11Ony öňden tanaýanlar bu ýagdaýy görüp: «Bu Kişiň ogluna näme bolup ýörkä? Şawul hem pygamberleriň arasyndamy?» diýişdiler. 12Ol ýerdäkileriň biri: «Bu pygamberleriň atalary kim bolupdyr-ka?» diýdi. «Şawul hem pygamberleriň arasyndamy?» diýleni şondan galandyr. 13Şawul joşup, pygamberlik edip bolandan soň, seždegähe çykdy. 14Şawulyň daýysy: «Nirä bardyňyz?» diýip, ondan we onuň hyzmatkärinden sorady. Şawul: «Eşekleri agtardyk, ýöne olary tapyp bilmänimizden soň, Şamuweliň ýanyna gitdik» diýip jogap berdi. 15Şawulyň daýysy: «Ol size näme diýdi?» diýip, ondan sorady. 16Şawul daýysyna: «Ol bize eşekleriň tapylandygyny anyk aýtdy» diýdi. Ýöne Şamuweliň patyşalyk babatda aýdanlaryny ol daýysyna aýtmady.Şawul patyşa hökmünde ykrar edilýär
17Soňra Şamuwel Mispada ysraýyl halkyny Rebbiň huzuryna çagyryp, 18şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Men Ysraýyly Müsürden çykardym, ony müsürlileriň we beýleki şalyklaryň penjesinden halas etdim“. 19Emma bu günki gün özüňizi zulumdan we jebir-jepadan alyp çykan Hudaýyňyzy siz ret etdiňiz. Siz: „Ýok, bize patyşa belle“diýdiňiz. Indi tireme-tire, urugma-urug Rebbiň huzurynda hatara düzüliň». 20Soňra Şamuwel ysraýyl tireleriniň ählisini ýeke-ýekeden öňe çykardy. Olardan bije boýunça benýamin tiresi saýlanyp alyndy. 21Soňra Şamuwel benýamin tiresini maşgalama-maşgala öňe çykardy. Olardan Matrynyň maşgalasynyň bijesi çykdy. Olardan Kişiň ogly Şawulyň bijesi çykdy, ýöne olar ony idäp tapyp bilmediler. 22Olar: «Ol heniz bu ýere gelenokmy?» diýip, Rebden soradylar. Reb: «Ol, ine, ýüküň aňyrsynda gizlendi» diýip jogap berdi. 23Adamlar ony ol ýerden çykaryp getirdiler. Ol halkyň öňünde durdy; beýlekiler onuň egnindendi. 24Şamuwel halka: «Rebbiň saýlan adamyny görýäňizmi? Aramyzda şuňa taý geljegimiz ýokdur!» diýdi. Duranlaryň ählisi: «Ýaşasyn patyşa!» diýip gygyryşdylar. 25Soňra Şamuwel halka patyşanyň düzgünlerini we kadalaryny düşündirdi. Olary kitaba ýazyp, şol ýerde, Rebbiň huzurynda goýdy. Şondan soň Şamuwel adamlary öýli-öýüne ugratdy. 26Şawul-da Gibgadaky öz öýüne gitdi; Hudaý tarapyn ýüreklerine mertlik salnan esgerler oňa ýoldaş boldular. 27Käbir ýaramaz adamlar bolsa: «Şolmy indi bizi gorajak?» diýşip, oňa pisint etmediler. Olar oňa sowgat-serpaý-da etmediler, ýöne Şawul olara üns bermedi.
Copyright information for
TukLat16