1 Samuel 14
Ýonatanyň edermenligi
1Bir gün Şawulyň ogly Ýonatan öz ýaragyny göterýän nökerine: «Ýör, ol tarapdaky piliştlileriň öňdäki bölüminiň üstüne gideli» diýdi. Ýöne ol muny kakasy Şawula aýtmady. 2Şawul şol wagt Gibganyň golaýynda ýerleşýän Migrondaky nar agajynyň aşagynda otyrdy. Onuň ýanyndaky goşunyň jemi alty ýüz adama golaýdy. 3Efot geýnip gezýän Ahyýa hem şu ýerdedi. Ol Ikabodyň dogany bolan Ahytubyň ogludy. Ikabot Pinehasyň ogly, Rebbiň Şilodaky ruhanysy Eliýiň agtygydy. Ýonatanyň gidenini häzir hiç kim bilmeýärdi. 4Piliştli goşunyň öňdäki bölümine barmak üçin, Ýonatan Boses hem Sene atly iki sany uçut gaýanyň arasynda ýerleşýän geçelgeden geçmelidi. 5Gaýalaryň demirgazykdakysy Mikmaşa, günortadakysy bolsa Geba tarap bakyp durdy. 6Ýonatan öz ýaraglaryny göterýän nökerine şeýle diýdi: «Ýör, şol sünnetsizleriň üstüne gideli. Belki, Reb biziň işimizi oňuna eder. Çünki köpüň elinden ýa-da azyň elinden halas etmäge Reb üçin hiç hili kynçylyk ýokdur». 7Ýaragçy nöker Ýonatana: «Gözel göwnüň, ýör. Men seniň bilen; seniň islegiň – meniň islegim» diýdi. 8Soňra Ýonatan oňa şeýle diýdi: «Golaýrak baraly-da, olara görneli. 9Eger olar: „Ýanyňyza barýançak garaşyň“diýseler, biz şol duran ýerimizde durarys, olara golaýlaşmarys. 10Ýöne olar: „Bäri geliň“diýäýseler, onda olaryň ýanyna bararys. Çünki bu olary Rebbiň biziň elimize berendigini görkezýän bir alamat bolar». 11Şeýdip, olaryň ikisi-de piliştlilere göründiler. Piliştliler olary görüp: «Serediň! Ýewreýler gizlenen garymlaryndan çykyp başladylar» diýip seslendiler. 12Soňra Ýonatan bilen onuň ýaragçy nökerine piliştliler: «Bäri geliň, size aýtjak zadymyz bar» diýip gygyrdylar. Ýonatan öz ýaragçy nökerine: «Yzym bilen çykyber. Çünki Reb olary Ysraýylyň eline berdi» diýdi. 13Ýonatan dyrmaşyp, ýokary çykdy. Ýaragçy nökeri-de onuň yzyndady. Piliştliler Ýonatanyň öňünde durup bilmän ýykylýardylar, ýaragçy nöker bolsa yzdan olary gyryp barýardy. 14Birinji söweş jeňinde Ýonatan bilen onuň ýaragçy nökeri her ýüz ädimden birbada ýigrimi töweregi adamy gyrdy. 15Düşelgedäkileri, meýdandakylary, ähli halky aýylganç gorky gaplap aldy. Bölümdäkiler, hatda hüjümçiler gorkudan ýaňa sandyraşdylar, ýer titredi we Rebden gelen güýçli gorky gaplap aldy.Piliştliler ýeňilýärler
16Şawulyň benýamin topragyndaky Gibga galasynda goýan gözegçileri piliştlileriň düşelgesinde turan başagaýlygy gördüler. 17Şawul öz ýanyndakylara: «Adamlary sanaň-da, kimiň ýokdugyny anyklaň» diýdi. Olar görseler, Ýonatan bilen onuň ýaragçy nökeri bu ýerde ýok eken. 18Şawul Ahyýa ruhana: «Hudaýyň sandygyny getir» diýdi. Çünki Hudaýyň sandygy şol gün ysraýyllaryň ýanyndady. 19Şawulyň ruhany bilen gepleşip duran wagtyna çenli piliştlileriň düşelgesinde dowam edýän başagaýlyk ýetjek derejesine ýetipdi. Şoňa görä Şawul ruhana: «Äht sandygyndan eliňi aýyr» diýdi. 20Soňra Şawul we onuň adamlary toplanyşyp gitdiler-de, piliştliler bilen garpyşdylar. Çendenaşa aljyraňňylyga düşen piliştliler biri-birlerine gylyç salýardylar. 21Öň piliştlileriň tarapyna geçip, olar bilen bile olaryň düşelgesine gelen ýewreýler hem Şawul bilen Ýonatanyň ýanyndaky ysraýyllara goşuldylar. 22Piliştlileriň gaçanyny eşidip, Efraýym daglygynda gizlenen ysraýyllar hem söweş meýdanynda olaryň söbügine mündüler. 23Şeýdip, ol gün Reb Ysraýyla ýeňiş getirdi. Söweş Beýtawene geçdi we Şawulyň ýanyndaky goşun hemmesi bile on müň adama golaýdy. Söweş Efraýym daglygyna ýaýrady.Ýonatan bal iýýär
24Ol gün ysraýyllarda ysgyn-mydar galmandy, çünki Şawul: «Agşama çenli, men tä duşmanlarymdan arymy alýançam, duz dadana nälet bolsun» diýip, adamlara ant içiripdi. Şonuň üçin hem goşundan bir adam hem duz datmandy. 25Tutuş goşun arynyň öýjüklerinden doly bir ýeriň üstünden bardy. Ýeriň ýüzi baldan doludy. 26Öýjüklerinden bal akyp durandygyny görseler-de, urşujylaryň hiç biri ondan dadaýyn diýmedi, çünki olar öz içen antlaryndan gorkýardylar. 27Kakasynyň halka ant içirendiginden Ýonatan bihabardy. Ol elindäki hasasynyň ujuny bala batyryp, agzyna ýetirende, onuň gözleri ýalpyldap gitdi. 28Şol wagt adamlardan biri: «„Şu gün duz dadana nälet bolsun“diýip, kakaň halka berk ant içirdi. Şol sebäpli-de halkda ysgyn-mydar galmady» diýdi. 29Ýonatan şeýle diýdi: «Kakamyň beýtmesi goşuna sütem etmek bolýar. Serediň, gözüm ýiteläýendir, sebäbi men şu baldan azajyk dadyp gördüm. 30Eger-de häzir halk duşmanlardan alnan oljadan doýýança iýsedi, onda nähili gowy bolardy; olar, gör näçe piliştlini gyrardylar». 31Mikmaşdan Aýalona çenli bolan aralykda şol gün ysraýyllar piliştlilere zarba urdular. Halkda ysgyn-mydar galmandy. 32Ahyry, halaýyk ele salnan oljalaryň üstüne çozdy. Olar goýunlaryň, öküzlerdir sygyrlaryň damagyny çalyp, ganyny akdyrman, olaryň etini gany bilen bile bişirip iýdiler. 33«Ganly et iýip, halk Rebbiň öňünde günä gazanýar, ony bir görsene» diýip, Şawula habar berdiler. Ol: «Siz haýynlyk etdiňiz. Indi meniň ýanyma uly bir daşy togalap getiriň» diýdi. 34Soňra: «Halkyň arasyna baryň-da, olara aýdyň, goý, her kim öz öküzini ýa-da goýnuny getirsin-de, şu ýerde soýup iýsin. Ganly et iýip, Rebbiň öňünde günä gazanmasynlar» diýip, Şawul sözüniň üstüni ýetirdi. Şoňa görä şol gije her kim öz öküzini getirip, şol ýerde soýdy. 35Şawul ol ýerde Rebbe bir gurbanlyk sypasyny ýasady. Bu onuň Rebbe ýasan ilkinji gurbanlyk sypasydy. 36Soňra Şawul: «Şu gije piliştlileriň üstüne çozalyň-da, daňa çenli olaryň mallaryny talalyň. Olaryň biri-de biziň elimizden aman sypmasyn» diýdi. Adamlary oňa: «Gözel göwnüň» diýdiler. Emma ruhany: «Geliň, ilki Hudaýa sala salalyň» diýdi. 37«Piliştlileriň yzyndan kowaýynmy? Olary Sen Ysraýylyň eline berersiňmi?» diýip, Şawul Hudaýa ýüzlendi. Emma Hudaý ol gün oňa jogap bermedi. 38Soňra Şawul şeýle diýdi: «Eý, halkyň baştutanlary, ähliňiz şu ýere ýygnanyň. Bu günäniň nähili gazanylandygyny anyklalyň. 39Ysraýyly halas edýän Rebden ant içýärin, öz oglum Ýonatan günäkär bolsa-da, ol ölmelidir». Emma tutuş halkyň içinden hiç kim oňa jogap bermedi. 40Soňra ol ysraýyllaryň ählisine ýüzlenip: «Siz bir tarapda, oglum Ýonatan ikimiz hem beýleki tarapda duraly» diýdi. Adamlar Şawula: «Gözel göwnüň» diýdiler. 41Soňra Şawul: «Eý, Ysraýyl Hudaýy Reb! Näme üçin Sen bu gün Öz guluňa jogap bermeýärsiň? Eger oglum Ýonatan ikimiziň birden birimiz ýazykly bolsak, onda Urymy ber, eger-de Öz halkyň Ysraýyl günäkär bolsa, onda Tummymy ber, ýa Ysraýyl Hudaýy Reb ▼▼Eý, Ysraýylyň Hudaýy Reb… ýa Ysraýylyň Hudaýy Reb – bu sözlemleriň deregine käbir golýazmalarda Eý, Ysraýylyň Hudaýy Reb! Maňa dogry çözgüdini ber diýen sözler bar.
» diýdi. Şeýlelikde, gurra taşlanyldy. Gurra Şawul bilen onuň ogly Ýonatana düşdi, halk bolsa bigünä bolup çykdy. 42Soňra Şawul: «Maňa we oglum Ýonatan ikimize gurra taşlaň» diýdi. Bu gezek gurra Ýonatana düşdi. 43Şawul Ýonatana: «Hany, aýt, näme etdiň?» diýdi. Ýonatan oňa: «Elimdäki hasamyň ujuny bala batyrdym-da, baldan dadyp gördüm. Näme, indi men öläýmelimi?» diýdi. 44Şawul Ýonatana: «Eger men seni öldürmesem, onda Hudaý meniň özümi öldürer, hatda ondan beterini görkezer» diýdi. 45Şondan soň halk: «Ýonatany öldürjekmi? Ysraýyly şu beýik ýeňşe ýetireni öldürmekçimi?! Başa barmaz! Rebden ant içýäris, Ýonatana barmagyňam batyrmarsyň. Çünki bu gün ol Hudaýyň ýardam bermegi bilen söweşdi» diýip, Şawula garşylyk görkezdiler. Şeýdip, halk Ýonatanyň başyny ölümden gutardy. 46Şundan soň Şawul piliştlileriň yzyndan kowalamakdan el çekdi; piliştliler öz ýerlerine dolandylar. Şawulyň hökümdarlygy
47Ysraýyla şa bolandan soň, Şawul töweregindäki duşmanlarynyň ählisine: mowap, ammon, edom halklaryna, Soba şalaryna we piliştlilere garşy uruşlar alyp bardy. Baran ýerinde-de, ol ýeňiş gazandy ▼▼Ýeňiş gazandy – käbir golýazmalarda pislik etdi.
. 48Mertlerçe söweşip, amalekleri gyrdy, ysraýyly talaňçylaryň howpundan dyndardy. 49Ýonatan, Ýişwi we Malkyşuwa Şawulyň ogullarydy. Onuň iki gyzynyň ulusynyň ady Merap, kiçisiniň ady bolsa Mikaldy. 50Ahymagasyň gyzy Ahynogam Şawulyň aýalydy. Agasy Neriň ogly Abner onuň goşunbaşysydy. 51Şawulyň kakasy Kiş bilen Abneriň kakasy Ner Abyýeliň ogullarydy. 52Şawul ömürboýy piliştlileriň garşysyna ýowuz uruşlar alyp bardy. Ol nirede gujurly ýa batyr ýigit görse, ony öz ýanyna çekerdi.
Copyright information for
TukLat16