1 Samuel 17
Jalut ysraýyllara gyjalat berýär
1Uruşmak üçin goşunlaryny jemlän piliştliler Ýahudanyň Soko galasyna toplandylar we Soko bilen Azekanyň aralygyndaky Epesdammym galasynda düşelge gurdular. 2Şawul bilen ysraýyllar hem toplandylar. Olar Ela jülgesinde düşelge gurdular we piliştliler bilen uruşmak üçin, sap-sap bolup durdular. 3Piliştliler bir depede, ysraýyllar bolsa beýleki tarapdaky depede ornaşdylar. Olaryň aralarynda jülge bardy. 4Piliştlileriň düşelgesinden Gat galasyndan Jalut atly bir pälwan öňe çykdy. Onuň boýy alty tirsek bir garyşdy. 5Başynda bürünç tuwulga, egninde bolsa teňňeli sowut bardy. Sowudyň agramy üç batman ▼▼Üç batman – ýewreýçe bäş müň şekel. Bu takm. 57 kg deňdir.
bürünje barabardy. 6Aýaklary bürünç dyzbentlidi, egnine bürünç naýza asylgydy. 7Naýzasynyň sapy pürs agajy ýalydy; naýzasynyň tygynyň agramy on ýedi gadak ▼▼On ýedi gadak – ýewreýçe alty ýüz şekel. Bu takm. 7 kg deňdir.
demre barabardy. Öňünde-de galkançy nökeri bardy. 8Jalut aýak çekdi-de, ysraýyl goşunyna tarap şeýle diýip gygyrdy: «Näme üçin nyzama durup, söweşe çykdyňyz? Men piliştli, siz bolsa Şawulyň gullary. Şeýle dälmi? Araňyzdan birini saýlap seçiň, goý, ol meniň ýanyma gelsin. 9Eger ol meniň bilen tutluşyp, meni öldürip bilse, biz size gul bolarys. Ýöne men üstün çykyp, ony öldüräýsem, onda siz bize gul bolup, gullugymyzda durarsyňyz». 10Piliştli: «Men bu gün ysraýyl goşunyna gyjalat berýärin. Meniň bilen tutluşar ýaly adam beriň» diýdi. 11Piliştliniň bu sözlerini eşidende, Şawuly we ähli ysraýyllary aljyraňňylyk hem gorky gaplap aldy. Dawut Şawulyň düşelgesinde
12 Dawut Ýahudanyň Beýtullaham galasyndan efratly Ýyşaý diýen adamyň ogludy. Ýyşaýyň sekiz ogly bardy. Şawulyň döwründe Ýyşaý eýýäm garrap, ýaşy birçene baran adamdy. 13Ýyşaýyň uly üç ogly Şawul bilen bile söweşe gidipdi. Ol üçüsiniň iň ulusynyň ady Eliýap, ikinjisiniň ady Abynadap, üçünjisiniň ady bolsa Şammady. 14Dawut iň kiçileridi; uly üç ogul Şawulyň ýanyndady. 15Dawut öz kakasynyň goýunlaryny bakmak üçin, Şawulyň ýanyndan käwagt Beýtullahama gelip-giderdi. 16Ol piliştli kyrk günläp irden hem agşam orta çykyp, özüni görkezdi. 17Bir gün Ýyşaý ogly Dawuda şeýle diýdi: «Bir batman gowurga bilen, ine, şu on sany çöregi al-da, derrew düşelgedäki doganlaryňa äkit. 18Bu on bölek peýniri bolsa olaryň müňbaşysyna ber. Agalaryňyň hal-ahwalyndan habar al-da, olardan bir nyşan getir». 19Şol wagt Şawul, Dawudyň doganlary we ähli ysraýyllar Ela jülgesinde piliştliler bilen söweşip ýördüler. 20Dawut irden turup, goýunlary sakça tabşyrdy. Ýyşaýyň tabşyryşy ýaly, azyklary alyp ýola düşdi. Dawut düşelgä gelende, goşun gykylyklap, söweş meýdanyna tarap barýardy. 21Ysraýyllar hem-de piliştliler söweşmek üçin sap-sap bolup, ýüzbe-ýüz durdular. 22Dawut zatlaryny sakça tabşyrdy-da, goşuna tarap ylgady. Agalarynyň ýanyna baryp, olar bilen salamlaşdy. 23Dawut agalary bilen gepleşip durka, ine, birden Gatdan piliştli Jalut pälwan goşunyň içinden çykdy-da, şol öňki sözlerini gaýtalady. Onuň aýdanlaryny Dawut eşitdi. 24Jaludy görenlerinde, ähli ysraýyllar gorkularyna gaçdylar. 25Ysraýyllar: «Bu öňe çykyp durany görýäňizmi? Ol Ysraýyla gyjalat bermek üçin çykýar. Şony öldürene patyşa ummasyz baýlyk bilen birlikde gyzyny-da berjek, maşgalasyny bolsa Ysraýylda salgytdan boşatjak» diýişdiler. 26Dawut ýanyndakylardan: «Bu piliştlini öldürip, Ysraýyly şu aýypdan dyndarana näme ediljek diýdiňiz? Diri Hudaýyň goşunyna gyjalat berer ýaly, bu sünnetsiz kim bolupdyr?» diyip sorady. 27Adamlar oňa: «Hawa, ony öldürene şeýle ediljek» diýip, öňki jogaby berdiler. 28Dawudyň adamlar bilen gepleşip duranyny görüp, gazaba münen iň uly agasy Eliýap oňa şeýle diýdi: «Seniň aşakda näme işiň bar? Çöldäki ojagaz goýunlaryňy kime taşlap gaýtdyň? Gedem hem gara ýüreg-ä sen. Söweşe tomaşa etmäge gelensiň sen». 29Dawut oňa: «Meniň eden zadym näme? Men indi geplemelem dälmi?» diýdi. 30Ol beýlesine öwrüldi-de, ýene-de öňki sözlerini gaýtalady. Adamlar hem oňa öňki jogaby berdiler. 31Dawudyň aýdanlaryny eşidenler muny Şawula ýetirdiler. Şawul ony getirtdi. 32Dawut Şawula: «Şol zerarly ýeke adamam özüni horlamasyn. Guluň gidip, ol piliştli bilen urşar» diýdi. 33Şawul Dawuda: «Bu piliştliniň garşysyna sen çykyp bilmersiň, sebäbi sen entek ýaş. Ol bolsa ýaşlygyndan bäri urşup ýören adam» diýdi. 34Emma Dawut Şawula şeýle diýdi: «Men guluň öz kakamyň goýunlaryny bakardym. Ýolbars ýa-da aýy gelip, sürüden bir guzyny alaýsa, 35men onuň yzyndan ýeterdim-de, ony öldürip, guzyny agzyndan alardym. Bardy-geldi ol maňa topulaýsa, sakgalyndan tutardym-da, ony urup öldürerdim. 36Guluň ýolbars-da, aýy-da öldürip gördi. Bu sünnetsiz piliştli hem şolaryň gününe düşer, çünki ol diri Hudaýyň goşunyna gyjalat berdi». 37Dawut sözüni dowam edip: «Meni ýolbarsdyr aýynyň penjesinden halas eden Reb şu piliştliniň elinden hem halas eder» diýdi. Şawul Dawuda: «Bar, Reb saňa ýar bolsun!» diýdi. 38Soňra Şawul öz ýaraglaryny Dawuda dakdy, başyna öz bürünç tuwulgasyny, egnine bolsa teňňeli sowut geýdirdi. 39Dawut ýaraglarynyň üstünden Şawulyň gylyjyny biline baglady we ýörejek boldy, çünki ol bulary öň dakynyp görmändi. Onsoň Dawut Şawula: «Men bular bilen ýöräp bilemok, çünki men öň bulary dakynyp görmändim» diýdi. Şeýdip, Dawut bulary çykaryp taşlady.Dawut Jaludy öldürýär
40Soňra Dawut eline taýagyny aldy we çeşmeden bäş sany ýylmanak daş saýlap, torbasyna saldy. Sapanyny eline alyp, piliştlä golaýlaşdy. 41Piliştli hem öz öňündäki galkançysy bilen bile Dawuda golaýlap gelýärdi. 42Dawuda gözi düşende, piliştli oňa äsgermezlik bilen seretdi, çünki Dawut ýaşdy, gyzylmeňizdi hem görmegeýdi. 43Piliştli Dawuda: «Üstüme taýakly geler ýaly, men näme itmi?» diýdi-de, öz hudaýlarynyň adyndan Dawuda gargady. 44Piliştli ýene Dawuda: «Hany, bir gelsene, etiňi ýyrtyjy guşlar bilen wagşy haýwanlara şam edeýin» diýdi. 45Soňra Dawut piliştlä: «Sen meniň üstüme gylyçly, naýzaly we gamaly gelýärsiň, emma men seniň üstüňe seniň gyjalat beren Ysraýyl goşunynyň Hudaýy Hökmürowan Rebbiň adyndan gelýärin. 46Şu gün Reb seni meniň elime berer we men seni urup, kelläňi keserin. Men bu gün piliştlileriň ählisiniň läşini ýyrtyjy guşlardyr ýabany haýwanlara şam ederin. Şonda tutuş ýer ýüzi Ysraýylda Hudaýyň bardygyny biler. 47Şu ähli halk Rebbiň gylyçdyr naýzaly halas etmeýändigini biler, çünki söweş Rebbiňkidir. Ol sizi biziň elimize berer». 48Piliştli Dawuda golaýlaşanda, Dawut ol piliştli bilen uruşmak üçin, söweş meýdanyna tarap batly ylgap gitdi. 49Dawut elini torbasyna sokup, ondan bir daş çykardy-da, ony sapanyna salyp atyp goýberdi we piliştliniň maňlaýyndan urdy. Daş piliştliniň maňlaýyny deşdi we ol ýüzinligine ýere ýazyldy. 50Gylyçsyz, sapan hem-de daş bilen Dawut piliştliden üstün çykyp, ony urup öldürdi. 51Soňra ol ylgap baryp, piliştliniň üstüne çykdy we onuň gylyjyny gynyndan sogrup aldy-da, gylyç bilen kellesini kesip taşlady. Öz pälwanlarynyň öldürilendigini görüp, piliştliler gaçdylar. 52Ysraýyllar we ýahudalar gykylyklap aýaga galdylar, olar Gata we Ekronyň derwezelerine çenli piliştlileriň yzyndan kowdular. Ýaralanan piliştliler Gat ▼▼Gat – käbir golýazmalarda jülge.
we Ekron galalaryna barýan Şagaraýym ýolunyň ugrunda serlip ýatyrdy. 53Piliştlileriň yzyndan kowga giden ysraýyllar dolanyp geldiler we olaryň düşelgesini taladylar. 54Dawut piliştliniň kellesini alyp, Iýerusalime getirdi, onuň ýaraglaryny bolsa öz çadyrynda goýdy. Dawut Şawulyň huzurynda
55 Dawudyň Jalut piliştli bilen uruşmaga barýanyny görende, Şawul öz goşunbaşysy Abnerden: «Bu ýigit kimiň ogly, Abner?» diýip sorapdy. Abner: «Patyşanyň ömri uzak bolsun, bilmedim» diýip jogap beripdi. 56Patyşa: «Onuň kimiň ogludygyny anykla» diýipdi. 57 Dawut piliştlini öldürip, yzyna dolanyp gelende, Abner ony Şawulyň huzuryna alyp bardy. Jalut piliştliniň kellesi hem onuň elindedi. 58Şawul ondan: «Ýigit, sen kimiň ogly bolarsyň?» diýip sorady. Dawut: «Seniň beýtullahamly hyzmatkäriň Ýyşaýyň ogly men» diýip jogap berdi.
Copyright information for
TukLat16