‏ 1 Samuel 2

Hanna Rebbe alkyş aýdýar

1Onsoň Hanna Rebbe dileg etdi: «Reb kalbymy şatlyga besledi,
Reb bilime kuwwat berdi.
Seniň halas edeniň üçin, men şadyýan!
Duşmanlarymyň üstünden gülýän.
2Reb mukaddesdir, Oňa taý bolmaz,
Ondan gaýry Hudaý bolmaz,
biziň Hudaýymyz deý Gaýa bolmaz.
3Buýsançdan doly sözlerden el göter.
Ulumsylyk bilen gep urma,
çünki ähli iş Rebbe aýandyr.
Hemmesine kazylyk edýän Şoldur.
4Güýçlüleriň ýaýy döwüldi,
ejizlere kuwwat geldi.
5Doklar bir döwüm çörek üçin günlükçi boldular,
açlar bolsa doýdular.
Önelgesiz aýal ýedi çaga dogurdy,
köp çagaly aýal perzentsiz galdy.
6Öldürýänem Rebdir,
direldýänem Rebdir.
Ölüler dünýäsine inderýänem,
çykarýanam Rebdir.
7Gedaý goýýanam, baýadýanam Rebdir,
peseldýänem, beýgeldýänem Rebdir.
8Reb garyby aýak astyndan göterýär,
mätäji serdarlaryň hataryna goşýar,
zibilhanadan çykaryp,
Reb ony hezzet tagtynda oturdýar,
çünki Ýeriň sütünleri Rebbiňkidir,
dünýäni şolaryň üstünde bina eden Oldur.
9Wepadarlaryny Öz penasynda saklar Ol.
Emma betniýetleri zulmatda ýitirim eder.
Çünki adam öz güýji bilen mäkäm däl.
10Parçalanjakdyr Rebbiň garşysyna çykanlar.
Olaryň garşysyna Gökde Ol nagra dartar.
Zeminiň çar künjünde Reb höküm eder.
Ol Öz patyşasyna güýç-kuwwat berer,
Öz seçip-saýlan patyşasyna ýeňiş getirer».

11Soňra Elkana öýüne – Rama dolandy. Şamuwel bolsa Rebbe gulluk etmek üçin, Eliý ruhanynyň ýanynda galdy.

Eliýiň ýaramaz ogullary

12Eliýiň ogullary ruhany bolsalar-da, ýaramazdylar. Olar Rebbi sylamaýardylar, 13halkyň öňünde öz ruhanylyk borçlaryna biperwaý garaýardylar. Kimdir biri gurbanlyk berende, Eliýiň ogullarynyň hyzmatkäri eline üç dişli çarşak alyp gelerdi-de, 14ony gazan bolsa gazana, piti bolsa pitä, taba bolsa taba, okara bolsa okara sokardy-da, çarşaga ilenini alyp, ruhana bererdi. Olar sadaka bermek üçin Şilo gelýän ysraýyllaryň ählisi babatynda şeýle edýärdiler. 15Üstesine-de, gurbanlyk malyň ýagy heniz ýakylmanka, ruhanynyň hyzmatkäri sadaka berýäniň ýanyna baryp, oňa: «Ruhana gowurmalyk et ber. Ol seniň bişen etiňi näme etsin, oňa çig et gerek» diýerdi. 16Eger kimdir biri: «Etiň ýagy ýanýança sabyr et, soň geregiň et bolsun» diýäýse, onda ol oňa: «Ýok, eti häzir ber, ýogsam zor bilen alaryn» diýerdi. 17Şunlukda, Rebbiň huzurynda bularyň günäsi juda agyrdy. Sebäbi olar Rebbe niýetlenen sadakany hormatlamaýardylar, ony äsgermeýärdiler.

18Şamuwel Rebbiň huzurynda hyzmat edýärdi. Ol nepis zygyr matadan tikilen efot geýip gezýärdi. 19Ejesi onuň özüne laýyk edip don tikip, her ýyl adamsy bilen bile gurbanlyk bermäge gelende, ony Şamuwele bererdi. 20Gaýtjak bolanlarynda: «Rebbiň hyzmatyna bagyş eden ogluňyň öwezini dolar ýaly, goý, Reb saňa şu aýaldan ýene zürýatlar bersin» diýip, Eliý Elkana hem-de onuň aýalyna ak pata bererdi. Soňra olar öýlerine dolanardylar. 21Hawa, Hannany Reb ýene-de ýalkady: Hannanyň üç ogly, iki gyzy boldy. Şamuwel bolsa Rebbiň huzurynda ösüp ulalýardy.

22Eliý juda garrapdy. Öz ogullarynyň ysraýyllar bilen nähili daraşýandyklaryny, olaryň Rebbe ýüz tutulýan çadyryň gapysynda hyzmat edýän aýallar bilen ýatýandyklaryny ol eşitdi. 23Ol ogullaryna şeýle diýdi: «Bu näme etdigiňiz boldy? Tutuş halk siziň ýaramaz işleriňiz hakynda gürrüň edýär. 24Beýtmäňiz bolanok, ogullarym! Rebbiň halkyndan meniň eşidýän habarym gowy däl. 25Eger adam adamyň garşysyna günä etse, Hudaý olara aralykçy bolar. Emma adam Rebbiň garşysyna günä etse, onda ony kim gorar?» Emma Eliýiň ogullary öz kakasynyň sözüne gulak asmadylar, çünki Reb olary öldürmegi ýüregine düwüpdi. 26Ýaşajyk Şamuwel bolsa Rebbiň we adamlaryň söýgüsini gazanyp, ýaş babatda-da, pähim-paýhas babatda-da gününi sanap ösýärdi.

Eliýiň maşgalasyna garşy pygamberlik

27Bir gün bir pygamber Eliýä şeýle habar getirdi: «Hawa, Reb saňa şeýle diýýär: „Ata-babaň Harun we onuň maşgalasy Müsürde faraonyň gullary bolan wagtlary, Men Haruna Özümiň gudratymy görkezipdim. 28Meniň ruhanym bolup, gurbanlyk sypamyň üstüne çykyp, ýakymly ysly tütetgi ýakyp, Meniň huzurymda efot geýer ýaly, Ysraýylyň ähli tireleriniň içinden Men ony saýladym. Ysraýyllar tarapyndan berlen ýakma gurbanlyklaryndan paý almaga diňe seniň ataňyň nesline rugsat berdim. 29Indi näme üçin siz Meniň buýran gurbanlyklaryma we sadakalaryma göz dikýärsiňiz? Näme üçin sen, Eliý, halkym Ysraýylyň sadakalarynyň iň saýlama ýerleri bilen özüňizi semretjek bolup, öz ogullaryňy Menden artyk hormatlaýarsyň?“ 30Şonuň üçin hem Ysraýyl Hudaýy Reb şuny aýdýar: „Seniň öz nesliň-de, ata-babaňyň nesli-de hemişelik Meniň huzurymda gezer diýip, Men öň söz beripdim. Emma indi Men-Reb muny aýdýandyryn: gaýtmyşym bolsun, çünki Men Özümi sylany sylaryn, äsgermezlik edeni bolsa ryswa ederin. 31Şunlukda, siziň we siziň ata-babalaryňyzyň ganatyny gyrjak günlerim uzakda däl – sizden doglanlaryň hiç birine uzak ömür miýesser etmez. 32Ysraýyla ediljek ýagşylyklara göripçilik bilen seredersiňiz. Siziň nesliňiz hiç wagt uzak ömür sürmez. 33Araňyzda gurbanlyk sypamdan mahrum edilmedik diňe bir adamy diri galdyraryn; ol hem sizi aglamakdan gözleriňizi kör, bagryňyzy gan eder. Tutuş erkek nesliňiz juwanlykda öler. 34Seniň iki ogluň Hopny bilen Pinehasyň başyna düşjek iş – olaryň ikisiniň-de bir günde ölmegi saňa bir alamat bolar. 35Men Özüme göwnümden turjak we pisindim oturjak işleri etjek wepadar bir ruhany saýlaryn. Men onuň neslini ebedileşdirerin, ol ömürbaky Meniň seçip-saýlan patyşamyň huzurynda gezer. 36Hawa, seniň aman galanlaryň: ‘Bir döwüm çörek taparym ýaly, maňa Öz ruhanylaryňyň arasyndan iş ber’ diýip, gara şaý ýa-da bir döwüm çörek üçin dyza çöküp, oňa ýalbararlar“».
Copyright information for TukLat16