‏ 1 Samuel 3

Reb Şamuwele görünýär

1Ýetginjek Şamuwel Eliýiň ýanynda Rebbiň huzurynda hyzmat edýärdi. Ol günler Rebbiň sözi seýrek gelerdi, Rebden gelýän ylhamlar azdy. 2Şeýle günleriň birinde çöňňeren gözleri bilen oňly saýgarmaýan Eliý öz düşeginde ýatyrdy. 3Şamuwel hem Hudaýyň sandygynyň saklanýan ýeri bolan Rebbiň ybadathanasynda ýatyrdy. Hudaýyň çyrasy heniz sönmändi. 4 5Birden Reb: «Şamuwel! Şamuwel!» diýip, ony çagyrdy. Şamuwel: «Lepbeý!» diýip seslendi-de, Eliýiň ýanyna ylgady. Ol baryp: «Ine, men geldim» diýdi. Emma Eliý oňa: «Men seni çagyramok ahyryn, bar, ýatyber» diýdi. Şamuwel gidip ýatdy.

6Reb: «Şamuwel!» diýip, ony ýene çagyrdy. Şamuwel ýene turdy-da, Eliýiň ýanyna baryp, oňa: «Ine, men geldim» diýdi. Emma Eliý oňa ýene: «Men seni çagyramok ahyryn, oglum, bar, ýatyber» diýdi. 7Şamuwel heniz Rebbi ýakyndan tanamaýardy, Rebbiň sözi Şamuwele entek aýan bolmandy.

8Reb Şamuweli üçünji gezek çagyrdy. Ol ýene-de turdy-da, Eliýiň ýanyna baryp, oňa: «Ine, men geldim» diýdi. Şondan soň oglany Rebbiň çagyrýandygyna Eliý düşündi. 9Şoňa görä Eliý Şamuwele: «Bar, ýatyber. Eger Ol seni ýene çagyraýsa, Oňa: „Ýa Reb, aýdyber, guluň diňleýär“diýip jogap berersiň» diýdi. Şamuwel ýene-de baryp, öz ýerinde ýatdy.

10Reb gelip, ol ýerde durdy we: «Şamuwel! Şamuwel!» diýip, ýene öňküleri ýaly ony çagyrdy. Şamuwel: «Ýa Reb, aýdyber, guluň diňleýär» diýip jogap berdi. 11Reb Şamuwele şeýle diýdi: «Hawa, Ysraýylda eşideniň inini titretjek bir iş ederin. 12Eliýiň nesline garşy aýdanlarymyň ählisini şol gün berjaý ederin. 13Onuň neslini ebedilik jezalandyrjakdygymy Men oňa aýdypdym. Çünki ol ogullarynyň Maňa dil ýetirendiklerini bilip hem, olary bu işden saklamady. 14Şoňa görä Eliýiň maşgalasynyň günäsi gurbanlyk bilen-de, sadaka bilen-de hiç wagt ýuwulmaz diýip, Men onuň nesline garşy ant içdim».

15Şamuwel daň atýança ýatdy. Soňra turup, Rebbiň öýüniň gapylaryny açdy. Şamuwel bu gören görnüşini Eliýä duýdurmakdan gorkýardy. 16Emma Eliý: «Şamuwel, oglum» diýip, ony ýanyna çagyrdy. Şamuwel: «Ine, men geldim» diýip jogap berdi. 17Eliý Şamuwele: «Ol saňa näme diýdi? Menden ýaşyrma. Onuň aýdanlarynyň ýekejesini menden gizläýseň, goý, Hudaý saňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin» diýdi. 18Şondan soň Şamuwel hiç zady gizlemän, hemmesini bolşy ýaly Eliýä gürrüň berdi. Eliý: «Ol Rebdir, goý, Ol Öz halanyny etsin» diýdi.

19Şamuwel ulalýardy. Onuň aýdanlarynyň ählisi hakykat ýüzünde berjaý bolýardy, çünki Reb onuň bilendi. 20Şamuweliň Rebbiň ynamdar pygamberidigini Dandan Beýerşeba çenli bütin Ysraýyl bildi. 21Reb sözi arkaly Özüni Şamuwele Şiloda aýan edenden soň, Ol ýene-de şol ýerde görünmegini dowam etdirdi.
Copyright information for TukLat16