‏ 1 Samuel 9

Şawul Şamuwele duşýar

1Benýamin tiresinden Kiş atly bir baý adam bardy. Ol Abyýeliň ogly, Seroryň agtygy, Bekoradyň çowlugy, Apyýanyň ýuwlugydy. 2Onuň Şawul atly ýaş hem görmegeý bir ogly bardy. Ysraýylda boý-syrat babatda oňa taý ýokdy; beýlekiler onuň egnindendi. 3Bir gün Şawulyň kakasy Kiş öz urkaçy eşeklerini ýitirdi. Ol Şawula: «Hyzmatkärlerden birini ýanyňa al-da, eşekleriň gözlegine çyk» diýdi. 4Olar Efraýym daglygynyň we Şalyşa topragynyň içinden geçdiler, ýöne olar eşekleri tapmadylar. Soňra olar Şagalym topragynyň içinden geçdiler, ýöne ol ýerden hem eşekler tapylmady. Onsoň olar benýamin topragynyň içinden geçdiler, ýöne eşeklerden derek tapyp bilmediler. 5Olar Sup topragyna ýetenlerinde, Şawul ýanyndaky hyzmatkärine: «Yzymyza gaýdaly, ýogsam, kakam eşeklere derek bizi gaýgy edip başlar» diýdi. 6Hyzmatkär oňa şeýle jogap berdi: «Ine, şu galada sylag-hormatly bir Hudaýyň adamy bar. Onuň aýdany hemişe dogry bolup çykýar. Ýör, şonuň ýanyna gideli. Belki, ol bize gitmeli ýolumyzy salgy berer». 7Şawul hyzmatkärine: «Eger gitsek, oňa näme äkideris? Torbalarymyzdaky çöreklerem-ä tükendi. Hudaýyň adamyna äkider ýaly bizde hiç hili sowgat ýok ahyryn. Hany, bizde näme bar?» diýdi. 8Hyzmatkär Şawula ýene: «Ine, mende bir kiçi kümüş teňňe bar. Men ony Hudaýyň adamyna bererin, ol bize ýol görkezer» diýdi. 9(Öňler Ysraýylda Hudaýdan sorap görmäge gidenlerinde, «Ýör, görgüriň ýanyna gideli» diýer ekenler, çünki häzirki pygambere öňler görgür diýipdirler.) 10Şawul hyzmatkäre: «Gowy pikir, bolýar, ýör gideli» diýdi. Şeýdip, olar Hudaýyň adamynyň ýaşaýan galasyna gitdiler. 11Ýokarlygyna gala çykyp barýarkalar, olaryň öňünden suwa barýan gelin-gyzlar çykdy. Ol ikisi bulardan: «Görgür şu ýerdemi?» diýip soradylar. 12Olar şeýle jogap berdiler: «Hawa, hanha, öňüňizden barýar. Eglenmäň. Onuň gala gelip durşy, sebäbi depelikdäki seždegähde bu gün halk gurbanlyk berýär. 13Nahar iýmek üçin, seždegähe çykmanka, edil gala giren ýeriňizde siz ony tapyp bilersiňiz. Çünki ol baryp, tä gurbanlyga pata berýänçä, adamlar nahar iýmezler. Ol barandan soň, çagyrylanlar nahary öňlerine alarlar. Indi haýal etmän ýokary çyksaňyz, siz ony taparsyňyz». 14Olar ýokarlygyna gala tarap gitdiler. Gala girip barýarkalar, seždegähe çykýan ýol bilen olara tarap Şamuwel ýöräp gelýärdi.

15Şawul gelmezinden bir gün öň Reb Şamuwele şeýle diýipdi: 16«Ertir şu wagtlar Men seniň ýanyňa benýamin topragyndan bir adam ibererin. Sen onuň başyna ýag guýup, ony Meniň halkym Ysraýyla hökümdar bellärsiň. Ol Meniň halkymy piliştlileriň elinden halas eder. Halkymyň ejir çekýändigini Men gördüm, çünki olaryň ahy-nalasy Maňa ýetdi». 17Şamuwel Şawuly görende, Reb oňa: «Ine, Meniň saňa aýdan adamym şu. Meniň halkyma baştutanlyk etjek şoldur» diýdi. 18Şondan soň derwezäniň agzynda Şawul Şamuweliň golaýragyna gelip: «Aýtsaňyzlaň, görgüriň öýi niredekä?» diýip, ondan sorady. 19Şamuwel Şawula şeýle jogap berdi: «Görgür mendirin. Öňüme düş, seždegähe çykaly, siz bu gün meniň bilen bile naharlanarsyňyz. Ertir irden men siziň soraglaryňyza jogap bererin we sizi öz ýoluňyza ugradaryn. 20Üç gün mundan öň ýiten eşekleriňizi bolsa alada etmäň, olar eýýäm tapyldy. Tutuş Ysraýylyň baýlygy seniňki we ataňyň nesilleriniňki dälmi eýsem?!» 21Şawul oňa: «Men Ysraýylyň iň kiçi tiresi bolan benýamin tiresinden ahyryn, meniň maşgalamam tirämizde göze görünýän maşgala däl-ä. Näme üçin sen maňa beýle zatlary aýdýaň?» diýip jogap berdi. 22Soňra Şamuwel Şawul bilen onuň hyzmatkärini uly bir otaga alyp bardy we ony çagyrylan otuz töweregi adamyň hemmesiniň üstünden töre geçirdi. 23Soňra Şamuwel aşpeze: «Aýratyn goý diýip buýran paýymy getir» diýdi. 24Aşpez bir budy üstüniň ýagy bilen bile getirip, Şawulyň öňünde goýdy. Şamuwel Şawula: «Ine, şu paý seniň üçin goýuldy. Al, iýiber, men muny ýörite seniň üçin goýdurdym, bu myhmanlary bolsa seniň bilen bile nahar iýmäge çagyrdym» diýdi. Şeýdip, ol gün Şawul Şamuwel bilen bile naharlandy. 25Olar seždegähden gala gaýdyp gelenlerinden soň, Şamuwel Şawul bilen üçegiň üstünde gepleşdi.

Şamuwel Şawuly hökümdarlyga belleýär

26Daň atanda: «Tur, men seni ugradaýyn» diýip, Şamuwel üçegiň üstünde ýatan Şawula gygyrdy. Şawul turandan soň, ol ikisi bile ýola çykdy. 27Olar galanyň çetine çykanlarynda, Şamuwel Şawula: «Hyzmatkäriňe aýt, goý, ol öňümizden ýöräbersin. Sen şu ýerde biraz aýak çek, men saňa Hudaýyň sözüni aýtjak» diýdi.
Copyright information for TukLat16