‏ 1 Samuel 12

Şamuweliň halka soňky sözi

1Soňra Şamuwel tutuş ysraýyl halkyna şeýle diýip ýüzlendi: «Men siziň ähli diýeniňize gulak asdym. Size patyşa-da belledim. 2Ine, indi size baş bolýan patyşaňyz hem bar. Men indi garradym, saç-sakgalym agardy. Ogullarym hem siziň araňyzda. Men ýaşlygymdan tä şu güne çenli size baş boldum. 3Ine, men. Rebbiň we Onuň seçip-saýlanynyň huzurynda men barada şaýatlyk ediň: heý, men biriňiziň öküziňizi ýa eşegiňizi aldymmy? Heý, biriňize al saldymmy ýa biriňizi ynjytdymmy? Ýa biriňizden para alyp, onuň etmişine göz ýumdummy? Eger şeýle bolsa, meniň garşyma şaýatlyk ediň, men olary size gaýtaryp bereýin». 4Olar: «Sen bize al hem salmadyň, bizi ezmediňem, hiç zadymyza el-de urmadyň» diýdiler. 5Soňra Şamuwel olara: «Menden hiç hili nogsanlyk tapmandygyňyza bu gün Reb-de, Onuň seçip-saýlany hem şaýatdyr» diýdi. Halk: «Hawa, Ol şaýat» diýdi. 6Şamuwel sözüni dowam etdi: «Musany we Haruny bellän, ata-babalaryňyzy Müsürden alyp çykan Rebdir. 7Indi bolsa turuň, men sizi hem-de ata-babalaryňyzy halas etmek üçin Rebbiň eden ähli dogry işleri esasynda Onuň huzurynda sizi ýazgaraýyn. 8Ýakup Müsüre gidende, müsürliler olary ezdiler
Müsürliler olary ezdiler – bu sözler käbir golýazmalarda ýok.
, şonda siziň ata-babalaryňyz Rebbe perýat etdiler. Onsoň Reb Musa bilen Haruny iberip, olary Müsürden alyp çykdy we şu ýerde ornaşdyrdy.
9Ýöne siziň ata-babalaryňyz öz Hudaýyny – Rebbi unutdylar. Reb olary Hasor galasynyň şasy Ýabynyň leşgerbaşysy Siseranyň, piliştlileriň we Mowap şasynyň eline berdi; olar siziňkilere garşy uruşdylar. 10Şonda ata-babalaryňyz: „Biz günä gazandyk. Rebden ýüz öwrüp, Bagal we Aştoret butlaryna gulluk etdik. Indi bizi duşmanlarymyzyň elinden al, biz Saňa gulluk etjek“diýip, Rebbe perýat etdiler. 11Şonda Ýerubagaly, Baragy
Barak – käbir golýazmalarda Bedan.
, Ýeftahy we Şamuweli iberip, Reb sizi ähli duşmanlaryňyzyň elinden halas etdi. Şeýdip, siz asuda durmuşa ýetdiňiz.
12Ammonlaryň şasy Nahaşyň üstüňize sürnüp gelýändigini göreniňizde bolsa, öz Hudaýyňyz Rebbiň şalygyndan boýun gaçyryp, menden özüňize patyşa talap etdiňiz. 13Saýlap-seçip, diläp alan patyşaňyz, ine, dur. Hawa, ony size Reb berdi. 14Eger siz Rebden gorkup, Oňa gulluk etseňiz, Oňa gulak asyp, Rebbiň buýrugyna garşy baş götermeseňiz, siz we size hökümdarlyk edýän patyşa Hudaýyňyz Rebbiň yzyna eýerse, tutan işiňiz oňuna bolar. 15Emma Rebbe gulak asman, Onuň buýrugyna garşy baş göterseňiz welin, ata-babalaryňyza edişi ýaly, Reb size hem jeza berer. 16Indi bolsa duran ýeriňizden gozganman, Rebbiň gözüňiziň alnynda görkezjek gudratyna tomaşa ediň. 17Häzir tomus, şeýle dälmi! Men Rebbi çagyrjak. Ol ýagyş ýagdyrar hem-de gögi gümmürdeder. Şonda özüňize patyşa soramak bilen Rebbiň öňünde juda pis iş edendigiňize siz göz ýetirersiňiz». 18Soňra Şamuwel Rebbi çagyrdy; Reb şol gün ýagyş ýagdyrdy we gögi gümmürdetdi. Adamlar Rebden we Şamuwelden juda gorkdular. 19Olar Şamuwele şeýle diýdiler: «Öz gullaryňyň aman galmagy üçin, Hudaýyň Rebbe dileg et. Biz şu pis iş, ýagny özümize patyşa talap etmek bilen öz günämizi has-da agraldypdyrys». 20Şamuwel halka şeýle diýdi: «Hawa, siz pis işlere baş goşduňyz, ýöne şonda-da gorkmaň. Rebden ýüz öwürmäň-de, tutuş kalbyňyz bilen Oňa gulluk ediň. 21Galp hudaýlaryň yzyna düşmäň. Olar size ne peýda berer, ne-de sizi gorar, çünki olar bihuda zatlardyr. 22Şöhratly adynyň hatyrasyna Reb Öz halkyny terk etmez, çünki Ol sizi Öz halky etmekden hoşal boldy. 23Üstesine-de, siziň üçin dileg etmegimi bes edip, Rebbiň öňünde günä gazanmagymdan Rebbiň Özi saklasyn! Men size hözirli hem dogry ýol görkezjek. 24Diňe Rebden gorkuň we Oňa tüýs ýürekden, wepadarlyk bilen gulluk ediň. Görüň, Ol siziň üçin nähili gudratly işleri etdi! 25Öz pis hereketleriňizden el çekmeseňiz welin, patyşaňyz bilen bile ýok edilersiňiz».
Copyright information for TukLat16