1 Samuel 15
Şawul amalekleri derbi-dagyn edýär
1Şamuwel Şawula şeýle diýdi: «Reb Öz halky ysraýyla patyşa bellemek üçin meni seniň ýanyňa iberdi. Indi sen Rebbiň sözüne gulak as. 2Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men amalekleri jezalandyrjak, çünki olar ysraýyllar Müsürden gelýärkäler, ýolda olara garşy boldular. 3Indi, bar, amalekleri gyr, olaryň ähli emlägini bütinleý ýok et. Olary diri galdyrma. Aýal-erkeginiň, çaga-çugasynyň, mal-garadyr dowarlarynyň, düýedir eşekleriniň baryny gyr“». 4Şundan soň Şawul öz urşujylaryny Telaýym galasyna toplap, olaryň sanyny aldy; iki ýüz müň pyýada goşunyň daşyndan Ýahudadan-da on müň esger bardy. 5Soňra Şawul amalekleriň galasyna gelip, çeşmäniň boýunda bukulyp ýatdy. 6Şawul keýnlere: «Amalekler bilen bile paýhynlanasyňyz gelmeýän bolsa, ol ýerden çykyň; ysraýyl halky Müsürden çykyp gaýdanda, siz oňa ýardam edipdiňiz» diýip habar ýollady. Şunlukda, keýnler ol ýerden çykdylar. 7Şawul Hawyladan Müsüriň gündogaryndaky Şura çenli bolan aralykda amalekleri derbi-dagyn etdi. 8Olar amalek patyşasy Agagy diri ele saldylar, halky bolsa gylyçdan geçirip, bütinleý ýok etdiler. 9Ýöne olar Agagy we goýunlardyr öküzleri, baga bakylan mallary, guzularyň semizlerini mahlasy, gowy zatlary diri galdyrdylar we olary bütinleý ýok etmediler. Olar diňe derde ýaramajak zatlary bütinleý ýok etdiler.Reb Şawuly ret edýär
10– 11Rebbiň Şamuwele: «Şawuly patyşa edendigime ökünýärin, çünki ol Menden ýüz öwürdi, buýruklarymy ýerine ýetirmedi» diýen sözi aýan boldy. Bu Şamuweliň gaharyny getirdi. Ol bütin gijäni Rebbe perýat edip geçirdi. 12Şamuwel daň bilen turup, Şawulyň gözlegine çykdy. «Şawul Karmel galasyna gidip, ol ýerde özüne ýadygärlik oturtdy, soňra bolsa Gilgala gitdi» diýip, Şamuwele habar berdiler. 13Şamuwel Şawulyň ýanyna baranda, Şawul oňa: «Reb saňa ýar bolsun! Men Rebbiň emrini berjaý etdim» diýdi. 14Şamuwel oňa: «Onda bu goýunlaryň mälemesidir öküzleriň molamasy näme?» diýdi. 15Şawul oňa: «Adamlar bulary amaleklerden getirdiler. Halk semiz goýunlardyr öküzleri seniň Hudaýyň Rebbe gurbanlyk bermek üçin diri goýdular, galanlaryny bütinleý ýok edip taşladyk» diýip jogap berdi. 16Soňra Şamuwel Şawula: «Besdir! Men saňa Rebbiň öten agşamky maňa diýen zadyny aýdyp berjek» diýdi. Şawul oňa: «Aýt» diýdi. 17Şamuwel oňa şeýle diýdi: «Özüňi ähmiýetsiz kiçi saýsaň-da, sen ysraýyl tireleriniň kethudasy dälmi eýsem? Reb seni Ysraýylyň üstünden şalyk sürmäge saýlady. 18Reb seni ýola salyp: „Bar, şol günälileri – amalekleri gyryp, bütinleý ýok edýänçäň, olara garşy uruş“diýipdi. 19Näme üçin sen Rebbiň sözüne gulak asmadyň? Näme üçin sen olja kowalaşyp, Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiň?» 20Şawul oňa şeýle jogap berdi: «Men Rebbiň sözüne gulak asdym. Men Rebbiň aýdan ýerine gitdim; amalekleriň patyşasy Agagy tutup getirdim, olaryň özlerini bolsa gyryp, bütinleý ýok etdim. 21Emma meniň adamlarym oljadan ýok edilmeli goýunlardyr öküzleriň iň semizlerini öldürmegiň deregine, olary Gilgalda seniň Hudaýyň Rebbe gurbanlyk bermek üçin şu ýere getiripdirler». 22Şamuwel şeýle diýdi: «Rebbe ýakma gurbanlyklardyr sadakalar bereniň bilen,Onuň Özüne boýun egilişindäki ýaly göwni galkynarmyka?
Çünki boýun egmeklik gurbanlykdan,
gulak asmaklyk goçuň ýagyndan has belentdir.
23Çünki topalaň palçylyga barabar günädir.
Tekepbirlik şere we butparazçylyga barabardyr.
Rebbiň sözüni ret edendigiň üçin
Reb hem seniň patyşa bolmaklygyňy ret etdi».
24Şawul Şamuwele şeýle jogap berdi: «Men günä gazandym, çünki men Rebbiň buýrugyny ýerine ýetirmedim, seniň sözüňi tutmadym. Sebäbi men halkdan gorkup, halkyň diýeni bilen boldum. 25Emma indi ýalbarýaryn, günämi öt. Rebbe sežde ederim ýaly, meniň bilen bile git». 26Şamuwel Şawula şeýle diýdi: «Seniň bilen gitmerin, çünki sen Rebbiň sözüni ret etdiň, Reb hem seniň Ysraýyla patyşa bolmaklygyňy ret etdi». 27Şamuwel gitmekçi bolup öwrülende, Şawul onuň donunyň synyndan ýapyşdy, don ýyrtyldy. 28Şamuwel oňa şeýle diýdi: «Reb bu gün Ysraýyl patyşalygyny seniň eliňden ýyrtyp alyp, saňa görä has gowurak başga birine berdi. 29Şeýle hem, Ysraýyl Şöhraty ýalan sözlemez ýa-da pikirini üýtgetmez. Çünki Ol pikirini üýtgeder ýaly ynsan däldir». 30Soňra Şawul Şamuwele: «Men günä gazandym. Ýöne halkymyň ýaşulularynyň öňünde we Ysraýylyň arasynda meni ryswa etme. Hudaýyň Rebbe sežde etmegim üçin, gaýdanyňda bile gideli» diýdi. 31Şunlukda, Şamuwel yzyna Şawul bilen bile gaýtdy; Şawul Rebbe sežde etdi. 32Soňra Şamuwel şeýle diýdi: «Amalekleriň patyşasy Agagy meniň ýanyma alyp geliň». Agak onuň ýanyna göwnühoş halda geldi. Agak öz ýanyndan «ölüm howpy sowuldy» diýip oýlandy. 33Şamuwel oňa: «Seniň gylyjyň aýallary öz çagalaryndan mahrum etdi. Seniň öz ejeň hem, goý, şol aýallar ýaly perzendinden mahrum bolsun» diýdi we Agagy Gilgalda Rebbiň huzurynda kerçäp taşlady. 34Soňra Şamuwel Rama, Şawul bolsa öz Gibgadaky öýüne gitdi. 35Şondan soň Şamuwel ömri ötýänçä Şawuly gaýdyp ýeke gezek görmese-de, onuň derdini çekip gezdi. Reb Şawuly Ysraýyla patyşa edendigine ökündi.
Copyright information for
TukLat16