1 Samuel 19
Şawul Dawudyň kastyna çykýar
1Şawul öz ogly Ýonatana hem-de öz adamlaryna Dawudy öldürmegi tabşyrdy. Emma Ýonatan Dawudy juda gowy görýärdi. 2Ol Dawuda: «Kakam seni öldürmegi ýüregine düwdi. Ertir daňdan hüşgär bol; bir amatly ýer tap-da gizlen. 3Menem seniň meýdanda gizlenen ýeriňe bararyn we kakamyň ýanynda durup, onuň bilen sen hakda gepleşerin. Eger bir zat aňaýsam, saňa habar bererin» diýdi. 4Ýonatan kakasy Şawulyň ýanynda Dawudy taryplap, şeýle diýdi: «Sen öz guluň Dawuda ýamanlyk etme, çünki sen ondan hiç bir ýamanlyk görmediň; gaýtam, sen ondan haýyr gördüň. 5Ol janyny howp astyna salyp, Jalut piliştli bilen söweşdi. Şonda Reb tutuş Ysraýyla beýik ýeňiş getirdi. Sen bu işleri görüp hoşal bolduň. Şu zatlardan soň nädip sen Dawuda ýamanlyk etjek? Ol bigünä ahyryn. Ony öldürmäge esas ýok». 6Şawul Ýonatanyň sözüne ynandy we oňa: «Onuň janyna kast etmejekdigime Rebden ant içýärin» diýdi. 7Ýonatan Dawudy çagyryp, bu gürrüňleri oňa ýetirdi. Soňra ol Dawudy Şawulyň ýanyna alyp bardy. Şunlukda, Dawut ýene öňküsi ýaly Şawula gulluga durdy. 8Ýene söweşler başlandy. Dawut gidip, piliştliler bilen söweşdi we olary uly ýeňlişe sezewar etdi; piliştliler gaçmaga mejbur boldular. 9Bir gün Şawul eli naýzaly öz öýünde otyrdy, Dawudam oňa saz çalyp berýärdi. Birden Reb tarapyndan iberilen jyn-arwah Şawulyň üstüne indi. 10Şawul elindäki naýzasy bilen Dawudy diwara çüýlemegi ýüregine düwdi. Emma Dawut naýzanyň öňünden sowlup ýetişdi; naýza baryp, diwara çümdi. Dawut şol gije ýene-de gaçyp başyny gutardy. 11Şawul Dawudy ertir daň bilen öldürmek üçin, onuň öýüni garawullaň diýip, öz adamlaryny iberdi. Aýaly Mikal Dawuda: «Eger-de şu gije başyňy gutarmasaň, ertir seni öldürerler» diýdi. 12Soňra Mikal Dawudy penjireden çykaryp gaçyryp goýberdi. Ol gaçyp gizlendi. 13Mikal bir buty alyp, düşekde ýatyrdy; onuň başyna tüýli geçi derisini geýdirip, üstüne-de ýapynja atdy. 14Dawudy tutmak üçin, Şawulyň iberen adamlaryna Mikal: «Ol syrkawlap ýatyr» diýdi. 15Onsoň Şawul: «Dawudy öz gözüňiz bilen görüp, ony düşegi bilen bile alyp geliň, men ony öldürjek» diýip, öz adamlaryny iberdi. 16Şawulyň adamlary düşekde başyna tüýli geçi derisi geýdirilen buty görendiklerini oňa habar berdiler. 17Şondan soň Şawul Mikaly çagyryp, oňa: «Näme üçin meni aldap, meniň duşmanymy gaçyryp goýberip, oňa gizlenmäge mümkinçilik berdiň?» diýdi. Mikal oňa: «„Goýbermeseň öldürerin“diýdi» diýip jogap berdi. 18Gaçyp başyny gutaran Dawut Ramada ýaşaýan Şamuweliň ýanyna gelip, Şawulyň özüne edenleriniň baryny oňa gürrüň berdi. Soňra Şamuwel bilen bile Naýot galasyna gidip, şol ýerde galdy. 19Dawudyň Ramadaky Naýot galasyndadygyny Şawula habar berdiler. 20Şawul Dawudy tutup getirmek üçin, öz adamlaryny iberdi. Olar Şamuweliň ýolbaşçylygynda joşup, pygamberlik edip ýören pygamberleriň toparyny gördüler. Şonda Şawulyň adamlarynyň-da üstüne Hudaýyň Ruhy indi. Şunlukda, olar hem joşup, pygamberlik etmäge başladylar. 21Şawul muny eşidip, başga adamlary iberdi, ýöne olar hem joşup, pygamberlik edýänlere goşuldylar. Şawulyň üçünji gezekki iberen adamlary-da öňküleri ýaly boldular. 22Ahyrsoňy Rama Şawulyň özi gitdi. Ol Sekudaky ullakan howdanyň ýanyna baryp: «Şamuwel bilen Dawut nirede?» diýip, şol ýerdäkilerden sorady. Olaryň biri: «Olar Ramanyň Naýot galasynda» diýip jogap berdi. 23Şawul Ramanyň Naýot galasyna tarap barýarka, onuň hem üstüne Hudaýyň Ruhy indi. Ol tä Naýota barýança ýolboýy joşup, pygamberlik edip gitdi. 24Ol hatda eşiklerini çykaryp, Şamuweliň öňünde pygamber ýaly joşdy we tutuş bir gije-gündizläp ýalaňaç süýnüp ýatdy. («Şawul hem pygamberleriň arasyndamy?» diýleni şondan galandyr.)
Copyright information for
TukLat16