‏ 1 Samuel 20

Ýonatan Dawuda kömek edýär

1 Dawut Ramadaky Naýot galasyndan gaçyp gaýtdy we Ýonatanyň ýanyna gelip, oňa: «Men näme etdim? Meniň ýazygym näme? Kastyma çykar ýaly, men seniň kakaňa näme ýamanlyk etdim?» diýdi. 2Ýonatan oňa: «Aýdýanyň näme?! Sen ölmersiň. Wajyp bolsun, bolmasyn, parhy ýok, kakam menden ýaşyryn hiç zat etmeýär. Onsoň muny näme üçin ýaşyrsyn. Ýok, beýle zat bolup bilmez» diýdi. 3Dawut hem ant içip, şeýle diýdi: «Meni sulhuň alýandygyny kakaň gaty gowy bilýär; kakaň „Muny Ýonatana eşitdirmeli däl, eger eşidäýse, ol gynanar“diýip pikir edýär. Ýöne Rebden hem senden ant içýärin, indi men ajalyň öň ýanynda durun». 4Ýonatan Dawuda: «Seniň üçin islän zadyňy ederin» diýdi. 5Dawut Ýonatana şeýle diýdi: «Ertir Täze Aý baýramydyr. Men patyşa bilen bile nahar edinmelidirin. Ýöne sen maňa gitmäge we üçünji gün agşama çenli meýdanda gizlenmäge rugsat ber. 6Eger kakaň meniň ýokdugymy biläýse, onda oňa: „Dawut öz galasy Beýtullahama gitmek üçin rugsat sorap, maňa köp ýalbardy. Çünki olar tutuş urug bolup gurbanlyk berýän ekenler“diýersiň. 7Eger ol „Bolýar“diýäýse-hä, guluňa ne ýagşy, emma gaharlanaýsa, onda onuň niýetini ýamana düwenligidir. 8Öz guluňa wepaly bol, çünki biz mukaddes äht edişdik. Eger men ýazykly bolsam, onda meni özüň öldüräý, kakaňyň ýanyna eltip näme etjek?» 9Ýonatan oňa: «Aýdýanyň näme?! Kakamyň saňa ýamanlyk etjegini bilerin-de, heý, onam saňa aýtmarynmy?!» diýdi. 10Soňra Dawut: «Eger kakaň gazaba münäýse, kim ony maňa habar berer?» diýip, Ýonatandan sorady. 11Ýonatan Dawuda: «Ýör, meýdana çykaly» diýdi. Şeýdip, ol ikisi meýdana çykdylar. 12Ýonatan Dawuda: «Ysraýyl Hudaýy Reb şaýat bolsun! Men ertir ýa-da birigün şu wagtlara çenli kakamyň niýetini biljek bolaryn. Eger sen babatda onuň niýeti düzüw bolsa, men saňa habar ýetirerin. 13Emma ol ýamanlyk etmegi ýüregine düwäýse, menem ony saňa ýetirmesem, seni sag-salamat ýola salmasam, onda, goý, Reb maňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin. Reb kakama ýar bolşy ýaly, saňa-da ýar bolsun. 14 15Dirikäm Reb kimin maňa wepaly bol. Ölenimden soň bolsa, hatda Reb seniň ähli duşmanlaryňy ýer ýüzünden ýok etse-de, meniň neslime hemişe wepaly bol». 16Şunlukda, «Dawudyň duşmanlarynyň jezasyny, goý, Rebbiň Özi bersin» diýip, Ýonatan Dawudyň kowumy bilen äht edişdi. 17Ýonatan Dawuda özüne bolan söýgüsi üçin ýene ant içirtdi, sebäbi ol Dawudy janyndan hem eziz görýärdi. 18Soňra Ýonatan Dawuda: «Ertir Täze Aý baýramy. Seniň ýokdugyň ornuňyň boşdugyndanam belli bolar. 19Birigün uzak ýöräp, git-de, öňki saparky gizlenen ýeriňde gizlen we daşyň ýanynda maňa garaş. 20Nyşana atan ýaly edip, men şol daşa tarap üç sany peýkam ataryn. 21Soňra men: „Bar, oklary tap-da getir“diýip, bir ýetginjegi ibererin. Eger men oňa: „Oklar, hanha, bu tarapyňda, olary toplap getir“diýäýsem, onda gelersiň. Rebden ant içýärin, bu seniň üçin howp-hatar ýok diýildigidir. 22Emma men ýetginjege: „Oklar, hanha, aňyrrakda“diýäýsem, onda gaçgyn, çünki bu Reb seni ýola salýar diýildigidir. 23Biziň biri-birimiz bilen edişen ähtimize, goý, Reb ebedilik şaýat bolsun» diýdi.

24Şeýdip, Dawut meýdanda gizlendi. Täze Aý baýramçylygy başlananda, patyşa gelip, saçak başyna geçdi. 25Ol adatdakysy ýaly diwara golaý ýerde ornaşdy. Ýonatan onuň garşysynda oturdy
Oturdy – käbir golýazmalarda durdy.
, Abner bolsa Şawulyň gapdalynda oturdy, Dawudyň orny boş durdy.
26Ol gün Şawul sesini çykarmady, çünki ol: «Oňa bir zat bolandyr. Ol haramdyr, hawa, hakykatdan-da, ol tämiz däldir» diýip oýlandy. 27Emma Täze Aý baýramynyň ertesi güni hem Dawudyň orny boşdy. Şawul ogly Ýonatana: «Ýyşaýyň ogly näme baýramçylykda düýnem, bu günem görünmedi?» diýdi. 28 29Ýonatan Şawula şeýle jogap berdi: «Dawut: „Maňa rugsat bersene. Galada biziňkiler urug bolup gurbanlyk berjekler; agam maňa gelsin diýipdir. Eger meni sylaýan bolsaň, onda rugsat ber, gidip, agalarymy göreýin“diýip, Beýtullahama gitmek üçin özelenip ýalbardy. Şonuň üçin hem ol patyşanyň naharyna gelip bilmedi». 30Muny eşiden Şawul Ýonatany gazap bilen dalady: «Wah, hyýanatkär hem azgyn aýalyň dogmasy! Özüň hem-de ýalaňaç ejeň bihaýa bolmadyk bolsaňyz, sen Ýyşaýyň ogluny dost tutunarmydyň? Käşgä, men ony bilmeýän bolsam! 31Ýyşaýyň ogly ýer ýüzünde diri gezip ýörse, özüňe-de, patyşalygyňa-da rahatlyk bolmaz. Häziriň özünde adam iber-de, ony meniň ýanyma getirt, onuň başy ölümli». 32Soňra Ýonatan kakasy Şawula: «Ol näme üçin ölmeli? Ol näme etdi?» diýdi. 33Şol wagt Ýonatany öldürmegi ýüregine düwüp, Şawul naýzasyny oňa tarap zyňdy. Ýonatan öz kakasynyň Dawudyň janynyň kastyna ymykly çykandygyna şonda düşünip galdy. 34Ýonatan gazap bilen saçagyň başyndan turdy we kakasynyň Dawudy pisint etmeýändigine gaty gynanyp, aýyň ikinji güni hiç zat iýmedi. 35Ýanyna bir oglanjyk alyp, Dawut bilen duşuşmak üçin ol daň bilen meýdana tarap gitdi. 36Ýonatan oglanjyga: «Bar, ylga, şu oky tapyp getir» diýdi. Oglanjyk ylgap gitdi. Ýonatan onuň üstaşyry ýaýyny atyp goýberdi. 37Oglanjyk Ýonatanyň atan okunyň düşen ýerine ýetende: «Ok aňyrrakda dälmi näme? 38Bol basymrak, eglenme» diýip, Ýonatan oglanjygyň yzyndan gygyrdy. Ol oglanjyk oklary çöpleşdirip, öz hojaýynyna getirip berdi. 39Oglanjygyň hiç zatdan habary ýokdy. Muny diňe Ýonatan bilen Dawut bilýärdi. 40Ýonatan ýaraglaryny oglanjyga berip: «Al, şulary gala äkit» diýdi. 41Oglanjyk giden badyna Dawut günorta tarapdan peýda boldy. Ol ýüzüni ýere berip, üç gezek tagzym etdi. Soňra Ýonatan ikisi ogşaşyp aglaşdylar. Dawut has köp aglady. 42Soňra Ýonatan Dawuda: «„Özümize hem-de neslimize Reb ebedilik şaýat bolsun“diýip, ikimiz hem Rebden äht edişdik ahyryn. Bar, indi sen arkaýyn gidiber» diýdi. 43Şondan soň Dawut öz ýoluna gitdi, Ýonatan bolsa gala dolandy.
Copyright information for TukLat16