‏ 1 Samuel 25

Dawut we Abygaýyl

1Şamuwel aradan çykdy; bütin Ysraýyl ýygnanyp, onuň ýasyny tutdy. Ony Ramadaky öz mülkünde jaýladylar. Şondan soň Dawut Paran çölüne gitdi.

2Magonda bir adam bardy. Onuň mülki Karmeldedi. Ol adam juda baýdy; onuň üç müň goýny, müň geçisi bardy. Ol Karmelde goýunlaryny gyrkdyrýardy. 3Onuň ady Nabal, aýalynyň ady Abygaýyldy. Aýaly akylly hem görmegeýdi, ýöne onuň özi deýýus hem hyrsyz adamdy. Ol Kalep neslindendi. 4Nabalyň öz goýunlaryny gyrkdyrýandygyny Dawut çölde eşitdi. 5Şonda Dawut on ýigidini şeýle tabşyryk bilen onuň ýanyna iberdi: «Karmele gidiň. Nabalyň ýanyna baryň-da, oňa menden salam aýdyň 6we şeýle diýiň: „Özüňiň, maşgalaňyň we ähliňiziň başyňyz abat bolsun! 7Men seniň gyrkymdadygyňy eşitdim. Seniň çopanlaryň biziň ýanymyzda boldular, biz olary ynjytmadyk. Karmelde bolan döwürlerinde olaryň hiç zady ýitmedi. 8Öz ýigitleriňden sorasaň aýdarlar. Indi senem meniň ýigitlerim bilen mylakatly bol, çünki biz ýanyňa sähetli güni geldik. Öz gullaryňa hem ogluň Dawuda nämäň bar bolsa bermegiňi towakga edýärin“».

9 Dawudyň ýigitleri Nabalyň ýanyna baryp, ýaňky aýdylanlaryň ählisini Dawudyň adyndan oňa aýtdylar-da, ondan jogaba garaşdylar. 10Ýöne Nabal Dawudyň ýigitlerine şeýle jogap berdi: «Dawut diýýäniňiz kim ol? Ýyşaýyň ogly diýýäniňiz kim? Häzir öz hojaýynyndan gaçyp ýören hyzmatkär kän. 11Çöregimi, suwumy, gyrkymçylar üçin soýan malymyň etini getirip, nirelidigini-de bilmeýän adamlaryma berip goýberibereýinmi, hä?» 12Şunlukda, Dawudyň ýigitleri yzlaryna dolandylar we gelip, bularyň hemmesini Dawuda aýtdylar. 13Dawut ýigitlerine: «Ähliňiz gylyjyňyzy dakynyň» diýdi. Olaryň ählisi gylyjyny dakyndy, Dawut hem gylyjyny dakyndy. Dört ýüze golaý adam Dawudyň yzyna düşdi, iki ýüz adam bolsa goşlaryň ýanynda galdy.

14Emma bir ýigit Nabalyň aýaly Abygaýyla şeýle diýdi: «Biziň hojaýynymyza salam aýtmak üçin, Dawut çölden çaparlar ýollapdyr. Emma hojaýynymyz olary kemsitdi. 15Olar bize kän ýagşylyk edipdiler, bizi ynjytmandylar. Olaryň ýanynda bolan döwrümizde biziň hiç zadymyz ýitmändi. 16Bile goýunlarymyzy saklanymyzda, olar biziň daşymyzyň galasy bolupdylar. 17Indi şuny bil-de, näme etmelidigiň hakda oýlan, çünki biziň hojaýynymyza we onuň tutuş maşgalasyna garşy erbet karara gelnendir. Nabalyň häsiýeti juda ýaramaz, onuň bilen gepleşip bilýän adam ýok».

18Şundan soň Abygaýyl wagt ýitirmän, iki ýüz çörek, iki tulum şerap, bäş goýnuň gowurdagyny, bir batman gowurgany
Bir batman gowurga – ýewreýçe bäş siýah gowurga. Bu takm. 20 kg deňdir.
, ýüz goşawuç kişmişi, iki ýüz goşawuç injir kişdesini aldy-da, olary eşeklere ýükledi.
19Ol hyzmatkärlerine: «Öňüme düşüň, men siziň yzyňyzdan ýörejek» diýdi. Ýöne ol adamsy Nabala hiç zat aýtmady. 20Abygaýyl dagyň ýapgyt tarapyndan eşekli inip gelýärkä, Dawut hem adamlary bilen oňa tarap gelýärdi. Şeýdip, olar duşuşdylar. 21Şol wagt Dawut içini gepledip gelýärdi: «Haýp, çölde men bu adamyň ähli emlägini gorapdyryn. Onuň ýeke zady-da ýitmändi. Emma ol meniň ýagşylygyma ýamanlyk bilen jogap berdi. 22Eger daň atýança onuň erkek göbeklisiniň baryny gyrmasam, onda, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin». 23Abygaýyl Dawudy görende, eşekden howlukmaç düşdi-de, ýere ýüzin düşüp, oňa tagzym etdi. 24Ol Dawudyň aýagyna ýykylyp, şeýle diýdi: «Günäsi, goý, meniň boýnuma bolsun, agam. Özüň bilen gepleşmäge gyrnagyňa ygtyýar et, onuň iki agyz sözüni diňle. 25Haýyş edýärin, agam, bu nejis Nabalyň sözlerini göwnüňe alma. Onuň özi-de ady ýalydyr. Onuň ady Nabal, özi-de akmak
Nabal, özi-de akmak – ýewreýçe Nabal we akmak sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir.
. Men keniziň agamyň, ýagny seniň iberen nökerleriňi görmändirin.
26Seni gan dökmekden we ar almakdan Rebbiň Özi saklapdyr. Indi, eý, agam, Rebden we seniň adyňdan ant içýärin, agam, saňa ýamanlyk etmek isleýän duşmanlaryň, goý, Nabal ýaly bolsun. 27Ine, şu sowgatlary gyrnagyň seniň ýigitleriňe bermek üçin agasyna getirdi. 28Öz gyrnagyňyň hyýanatçylygyny bagyşla. Rebbiň agamyň neslini abat etjegi şübhesizdir, sebäbi agam Reb üçin göreşýär. Ömürboýy senden ýamanlyk çykmaz. 29Eger kimdir biri agamy yzarlasa ýa-da janyna kast etse, onda janyňy Hudaýyňyz Rebbiň aman saklasyn, duşmanlaryňy bolsa sapandan daş atan kimin edip öldürsin. 30 31Sen agam barada aýdan ähli ýagşylyklaryny ýerine ýetirip, Reb seni Ysraýyla hökümdar bellände, onda sen nähak gan dökmek ýa-da özüňi goramak üçin hasrata sebäp bolmarsyň, ynsabyň-da saňa yza bermez. Reb özüňi ýalkanda, gyrnagyňy ýatlagyn». 32Dawut Abygaýyla şeýle diýdi: «Şu gün meni saňa duşuran Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun! 33Paýhasyňa berekella, özüňe berekella. Bu gün gan dökmekden hem öç almakdan meniň ellerimi sen sakladyň! 34Dogrusyny aýtsam, size hasrat getirmekden meni saklan Ysraýyl Hudaýy Rebden ant içýärin, eger sen haýal etmän meniň ýanyma gelmedik bolsadyň, onda daň atýança Nabalyň ýekeje erkek göbeklisini goýman gyrjagym şübhesizdi». 35Soňra Dawut onuň getiren zatlaryny aldy-da: «Arkaýyn öýüňe gaýdyber; sözüň kabul boldy, haýyşyň bitdi» diýdi.

36Abygaýyl Nabalyň ýanyna gaýdyp geldi. Ol öýünde şalarça meýlis gurap otyrdy. Ol çendenaşa serhoşdy, keýpi diýseň çagdy. Şoňa görä, daň atýança Abygaýyl oňa dil ýarmady. 37Ertesi irden, serhoşlykdan açylansoň, bolan işleriň baryny aýaly oňa gürrüň berdi. Bu zatlary eşiden Nabalyň ýüreginden tutdy, ol doňňara daşa döndi. 38On gün çemesi wagtdan soň Reb Nabaly urdy; ol öldi.

39Nabalyň ölendigini eşidende, Dawut şeýle diýdi: «Meni kemsideni üçin, Nabaly günäkär saýan we Öz guluny ýaman işden saklan Rebbe alkyş bolsun! Reb Nabalyň ýaman niýetini onuň öz başyndan inderdi».

Dawut Abygaýyla öýlenmek üçin oňa sawçy iberdi.
40Dawudyň adamlary Karmele Abygaýylyň ýanyna gelip, oňa: «Dawut bizi saňa sawçylyga iberdi» diýdiler. 41Ol ýerinden turdy-da, dyza çöküp tagzym etdi we şeýle diýdi: «Keniziňiz jenabymyň gullarynyň aýagyny ýuwmaga-da taýyn». 42Abygaýyl dessine eşege mündi. Ol bäş kenizini ýanyna alyp, Dawudyň sawçylarynyň yzyna düşdi. Şeýdip, ol Dawudyň aýaly boldy.

43 Dawut ýizregelli Ahynogama-da öýlendi. Bularyň ikisi-de onuň aýaly boldy. 44Şawul bolsa Dawuda beren gyzy Mikaly gallymly Laýyşyň ogly Palta berdi.
Copyright information for TukLat16