‏ 1 Samuel 27

Dawut piliştlileriň arasynda

1 Dawut öz ýanyndan şeýle diýdi: «Günlerde bir gün men Şawulyň elinden heläk bolaryn. Gowusy, men piliştlileriň ýurduna gaçaýyn. Şeýtsem, Şawul meni Ysraýylyň çäginden tapmak umydyny üzer; men onuň elinden halas bolaryn». 2Şeýdip, Dawut ýanyndaky alty ýüz adamy bilen bile Gatyň hany Magogyň ogly Akyşyň tarapyna geçdi. 3Olar maşgalalary bilen bile Gatda Akyş hanyň ýanynda ornaşdylar. Iki aýaly ýizregelli Ahynogam we Nabalyň dul galan aýaly karmelli Abygaýyl hem Dawudyň ýanyndady. 4Şawul Dawudyň Gata gaçandygyny eşidip, ony gözlemegini bes etdi.

5 Dawut Akyş hana şeýle diýdi: «Eger men seniň göwnüňden turan bolsam, onda ýurduň obalarynyň birinden maňa ýaşar ýaly ýer ber; goý, guluň öz ýanyňda patyşa galasynda ýaşamasyn». 6Şeýdip, Akyş han oňa Ziklagy berdi. Şoňa görä, Ziklag şu günki güne çenli hem Ýahuda patyşalaryna degişli bolup gelýär. 7Dawut piliştlileriň ýurdunda bir ýyl dört aý ýaşady. 8Ol adamlary bilen bile geşurlaryň, girzileriň we amalekleriň üstüne çozuş etdi, bular Şura gidýän ýoluň ýakasynda, Müsüre çenli bolan aralykda gadym eýýämden bäri oturan ýerli ilatlardy. 9Dawut ýurda çozuş edip, aýal-erkek diýmän gyrardy; dowarlardyr öküzleri, eşeklerdir düýeleri we geýim-gejimleri olja alyp, Akyş hanyň ýanyna dolanyp gelerdi. 10Akyş han: «Bu gün kimiň üstüne çozduň?» diýip soranda, ol: «Negep çölündäki ýahudalaryň topragyna» diýip, ýa-da «Negep çölündäki ýerahmeýelleriň ýerlerine» diýip, ýa-da «Negep çölündäki keýnleriň ýerlerine» diýip jogap bererdi. 11«„Dawut şeýle-şeýle işler etdi“diýip, biziň gürrüňimizi ederler» diýip, Dawut bir adamy-da Gata getirmezdi. Aýal-erkek diýmän, baryny gyrardy. Piliştlileriň ýurdunda bolan döwründe ol şeýle işler edipdi. 12Akyş han Dawuda ynanyp: «Ol öz halkynyň gözünden büs-bütin düşüp, meniň hemişelik guluma öwrüler» diýip pikir edýärdi.
Copyright information for TukLat16