1 Samuel 28
Şawul porhan aýala ýüz tutýar
1Şol günlerde piliştliler, Ysraýylyň garşysyna uruşmak üçin, öz güýçlerini jemläpdiler. Akyş han Dawuda: «Öz adamlaryňy-da alyp, meniň bilen bile bir goşunda söweşmelidigiňi, elbetde, sen bilýänsiň» diýdi. 2Dawut oňa: «Örän oňat, sen hem öz guluňyň başarnygyny görersiň» diýdi. Akyş han Dawuda: «Gaty gowy, sen ömürboýy meniň janpenam bolarsyň» diýdi. 3Şamuwel ölüpdi we bütin ysraýyl halky onuň ýasyny tutupdy. Ony Ramada – öz galasynda jaýladylar. Şawul bolsa porhanlardyr jadygöýleri çykaryp kowupdy. 4 Piliştliler toplandylar we gelip, Şunemde düşelge gurdular. Şawul hem ähli ysraýyllary jemläp, Gilbowada düşelge gurdy. 5Piliştlileriň goşunyny görende, Şawulyň gorkudan ýaňa ýüregi sarsyp gitdi. 6Şawul Rebbe ýüz tutdy, ýöne Reb oňa ne düýşde, ne Urymyň üsti bilen, ne-de pygamberleriň üsti bilen jogap berdi. 7Soňra Şawul öz hyzmatkärlerine: «Maňa bir porhan aýal tapyň. Men onuň ýanyna gidip, ondan bir zady haýyş etjek» diýdi. Hyzmatkärler oňa: «Endorda bir porhan bar» diýdiler. 8Şawul başga geýim geýip, daşky görnüşini üýtgetdi we ýanyna-da iki adam alyp, gije ol aýalyň ýanyna gitdi. Ol: «Meniň üçin ruhlara ýüz tut we adyny tutjak kişimi çagyr» diýdi. 9Aýal oňa: «Sen Şawulyň porhanlardyr jadygöýleri ýurtdan çykaryp kowandygyny bilibem, meni öldürmek üçin duzak gurjak bolýarmyň?» diýdi. 10Emma Şawul: «Rebden ant içýärin, şu işden saňa hiç hili zyýan ýetmez» diýip, Rebden ant içdi. 11Aýal ondan: «Men seniň ýanyňa kimi getirmeli?» diýip sorady. Ol: «Şamuweli» diýip jogap berdi. 12Aýal Şamuweli görende, çirkin gygyryp, oňa «Meni näme üçin aldadyň? Sen Şawul ahyryn!» diýdi. 13Patyşa oňa: «Gorkma. Näme görýäň?» diýdi. Aýal Şawula: «Ýerden çykyp gelýän ruhy görýän» diýip jogap berdi. 14Şawul: «Görnüşi nähili?» diýdi. Aýal: «Egni donly bir garry adam ýerden çykyp gelýär» diýdi. Şondan soň Şawul onuň Şamuweldigine göz ýetirip, ýüzüni ýere berip, oňa tagzym etdi. 15Şamuwel Şawula: «Näme üçin meni ýokary çykaryp, alada goýduň?» diýdi. Şawul şeýle jogap berdi: «Men çykgynsyz ýagdaýa düşdüm. Piliştliler meniň garşyma uruşýarlar, Hudaý bolsa menden ýüz öwürdi. Indi Ol maňa pygamberleriň üsti bilen-de, düýşde-de jogap bermeýär. Şoňa görä näme etmelidigimi öwrederiň ýaly, men seni çagyrdym». 16Şamuwel oňa şeýle diýdi: «Näme üçin, Reb özüňden ýüz öwrüp, saňa duşman bolansoň, menden soraýarsyň? 17Reb meniň üstüm bilen saňa aýdan zadyny etdi. Ol seniň eliňden patyşalygy alyp, ony saňa derek Dawuda berdi. 18Sebäbi sen Rebbiň sözüne gulak asmadyň, Onuň Amalegiň garşysyna bolan gazabyny ýerine ýetirmediň. Şonuň üçin hem Reb seni bu gün şu ýagdaýa saldy. 19Üstesine-de, seniň bilen bilelikde Ol Ysraýyly piliştlileriň eline berer; ertir ogullaryň bilen bile meniň ýanyma gelersiň. Reb Ysraýyl goşunyny hem piliştlileriň eline berer». 20Şol bada Şawul özüni ýere goýberdi, çünki Şamuweliň aýdanlaryndan ol öler ýaly gorkdy. Uzakly gün bütin gijesi bilen hiç zat iýmänsoň, onda güýç-gurbat galmandy. 21Ýaňky aýal Şawulyň ýanyna geldi we onuň öler ýaly gorkandygyny görüp, oňa şeýle diýdi: «Gyrnagyň saňa gulak asdy we başyny etegine salyp, seniň diýeniňi etdi. 22Indi senem gyrnagyňa gulak as. Men saňa bir döwüm çörek bereýin. Şony iýseň, ýola çykanyňda gurbatlanarsyň». 23«Ýok, iýjek däl» diýip, Şawul muny ret etdi. Onuň hyzmatkärleri we ýaňky aýal ony yrmaga çalyşdylar. Ol razylaşdy. Ol ýerinden turdy we düşegiň üstünde oturdy. 24Bu aýalyň mal ýatagynda bir semiz gölesi bardy. Ol ony dessine soýdy; hamyr ýugurdy we petir bişirdi. 25Ol ony Şawulyň hem onuň hyzmatkärleriniň öňünde goýdy. Olar ony iýdiler we şol gije öz ýollaryna gitdiler.
Copyright information for
TukLat16