1 Samuel 30
Dawut amalekler bilen uruşýar
1 Dawut bilen onuň adamlarynyň Ziklaga gelenlerine üç gün diýende, amalekler Negep çölüne, ylaýta-da Ziklag galasynyň üstüne çozuş etdiler. Olar Ziklagy basyp aldylar we ýakyp-ýandyrdylar. 2Amalekler aýallary, ýaşu-garry diýmän ol ýerdäkileriň ählisini ýesir aldylar, ýöne hiç kimi öldürmän, ýanlary bilen alyp, öz ýollaryna gitdiler. 3Dawut adamlary bilen gala gelende, olar onuň ýakyp-ýandyrylandygyny, aýallarydyr ogul-gyzlarynyň bolsa ýesir edilip äkidilendigini bildiler. 4Dawut we onuň ýanyndakylar tä ysgyndan gaçýançalar möňňürip aglaşdylar. 5Dawudyň iki aýaly, ýagny ýizregelli Ahynogam we karmelli Nabalyň dul galan aýaly Abygaýyl hem ýesir edilip äkidilipdi. 6Dawudyň haly teňdi, çünki halk ony daşlamak isleýärdi. Sebäbi ogul-gyzlarynyň ýesir alnanyna adamlaryň jany ýanýardy. Emma Dawut öz Hudaýy Rebden güýç aldy. 7Ol Ahymelegiň ogly ruhany Abýatara: «Efody getir» diýdi. Abýatar efody Dawudyň ýanyna getirdi. 8Dawut: «Men bu galtamanlaryň yzyndan kowmalymy? Men olaryň yzyndan ýetip bilerinmi?» diýip, Rebbe ýüzlendi. Reb oňa: «Olaryň yzyndan kow. Sen hökman olaryň yzyndan ýetip, ýesirleri halas edersiň» diýip jogap berdi. 9– 10Şunlukda, Dawut ýanyndaky alty ýüz adamy bilen bilelikde ýola düşdi. Olar Besor çaýyna geldiler. Gurbatdan düşen iki ýüz adam çaýdan geçip bilmän, şol ýerde galdylar. Emma Dawut dört ýüz adam bilen bile galtamanlary kowalamagyny dowam etdirdi. 11Olar sähralykdan bir müsürlini tapdylar we Dawudyň ýanyna getirdiler; oňa iýmäge çörek, içmäge suw berdiler. 12Olar oňa bir goşawuç injir kişde bilen iki goşawuç kişmiş-de berdiler. Ol bulary iýenden soň gurbuna geldi, çünki ol üç gije-gündizläp hiç zat iýip-içmändi. 13«Kimiň adamy bolarsyň, nirelisiň?» diýip, Dawut ondan sorady. Ol: «Men bir müsürli ýigit, bir amalegiň guly. Üç gün mundan öň ýaramadym, şonuň üçinem hojaýynym meni taşlap gitdi. 14Biz Negep çölündäki keretleriň, Ýahudanyň bir böleginiň we kalepleriň üstüne çozuş etdik, şeýle hem, Ziklagy ýakyp-ýandyrdyk» diýip jogap berdi. 15Dawut oňa: «Meni şol galtamanlaryň ýanyna eltip bilermiň?» diýdi. Ol: «Eger meni öldürmejekdigiňe ýa-da hojaýynymyň eline bermejekdigiňe ant içseň äkideýin» diýdi. 16Ol Dawudy galtamanlaryň ýanyna getirdi. Şol wagt olar iýip-içip, tans edip, çar tarapa ýaýrapdylar, çünki olar piliştlileriň hem ýahudalaryň ýurdundan örän köp olja alypdylar. 17Dawut daň agarandan tä agşama çenli olary gyrdy. Düýeli gaçan dört ýüz ýigitden başga ýekeje adam-da onuň elinden gutulyp bilmedi. 18Dawut amalekleriň alan zatlarynyň ählisini we iki aýalyny yzyna gaýdyp aldy. 19Ownugu-iri zatlaryň ählisini, ogul-gyzlaryny, olja alnan zatlaryň baryny Dawut yzyna gaýtaryp getirdi; ähli zat ýerbe-ýerdi. 20Dawut başga-da ownuk hem iri mal sürülerini ele saldy. Olary beýleki mallaryň öňünden sürüp: «Ine, bu Dawudyň oljasy» diýýärdiler. 21 Dawut ysgyndan gaçyp, özi bilen gidip bilmän, Besor çaýynda galan iki ýüz adamyň ýanyna geldi. Olar Dawudy hem onuň adamlaryny garşylamaga çykdylar. Golaýlaşanlarynda Dawut olara salam berdi. 22Şonda Dawut bilen bile gelenleriň arasyndaky pis hem ýaramaz adamlar şeýle diýdiler: «Bizden galandyklary üçin, olar oljadan hiç zat almazlar. Olar diňe öz aýallary bilen çagalaryny alsynlar-da gidibersinler». 23Emma Dawut olara şeýle diýdi: «Rebbiň beren zadyny beýle etmäliň, gardaşlarym. Reb bizi gorady we üstümize çozan garakçylary biziň elimize berdi. 24Bu sözüňizi diňlän tapylarmyka? Söweşe giden bilen goşlaryň ýanynda galanyň paýy deň bolar; zatlar deň paýlaşylar». 25Şol günden beýläk Dawut muny Ysraýyl üçin kanun we parz edip goýdy. Bu kanun şu güne çenli dowam edip gelýär. 26 Dawut Ziklaga gelip, «Ine, şu Rebbiň duşmanlaryndan alnan oljadan size sowgat» diýip, öz dostlary bolan ýahuda ýaşulularyna iberdi. 27Şeýle hem ol Beýteldäki, Negep çölünde Ramotdaky, Ýatyrdaky, 28Arogerdäki, Sipmotdaky, Eştemowadaky, 29Rakaldaky, ýerahmeýelleriň galalaryndaky, keýnleriň galalaryndaky, 30Hormadaky, Borgaşandaky, Atakdaky, 31Hebrondaky öz adamlary bilen baran ýerleriniň ählisinde ýaşaýanlara olja alnan zatlardan iberdi.
Copyright information for
TukLat16