‏ 1 Samuel 31

Şawulyň we onuň ogullarynyň ölümi

(1 Ýyl ýazgylary 10:1-12)

1 Piliştliler Ysraýylyň garşysyna söweş etdi. Ysraýyllar piliştlilerden gaçyp, Gilbowa dagynda köpüsi gyryldy. 2Piliştliler Şawulyň we onuň ogullary Ýonatanyň, Abynadabyň hem-de Malkyşuwanyň yzyndan kowup ýetip, onuň ogullaryny öldürdiler. 3Şawula garşy söweş güýçlendi, ýaýçylar ony tapdylar we agyr ýaraladylar. 4Şawul ýaragçy nökerine şeýle diýdi: «Gylyjyňy al-da, meni öldür; sünnetsizleriň elinden ölüp, olara göz bolmaýyn». Emma onuň ýaragçy nökeri juda gorkdy we beýle etmek islemedi. Şoňa görä, Şawul öz gylyjyny aldy-da, onuň üstüne özüni oklady. 5Şawulyň ölendigini gören ýaragçy nökeri-de öz gylyjynyň üstüne özüni oklap, onuň bilen bile öldi. 6Şeýdip, Şawulyň özi, üç ogly, ýaragçy nökeri hem-de ähli adamlary bir günde öldüler. 7Ysraýylyň ýeňlip gaçandygyny, Şawulyň hem onuň ogullarynyň ölendigini görüp, jülgäniň beýleki tarapynda we Iordan derýasynyň aňyrsynda ýaşaýan ysraýyllar öz galalaryny taşlap gaçdylar; piliştliler gelip, olary eýelediler. 8Ertesi gün piliştliler öldürilenleri talamak üçin gelenlerinde, Gilbowa dagyndan Şawul bilen onuň üç oglunyň jesedini tapdylar. 9Olar Şawulyň kellesini kesip, ýaragyny aldylar we buthanalaryna hem-de halkyna habar bermek üçin, tutuş piliştlileriň ýurduna çaparlar gönderdiler. 10Şawulyň ýaragyny Aştoret hudaýlarynyň buthanasynda goýdular, jesedini bolsa Beýtşeýan galasynyň diwaryndan asyp goýdular. 11Piliştlileriň Şawula edenlerini Gilgatdaky Ýabeşiň ilaty eşidende, 12onuň gaýduwsyz adamlarynyň ählisi aýaga galdy. Olar uzak gije ýörediler. Baryp, Şawulyň hem onuň ogullarynyň jesetlerini Beýtşeýan galasynyň diwaryndan aýyrdylar; Ýabeşe gelip, jesetleri şol ýerde ýakdylar. 13Soňra olaryň süňklerini getirip, Ýabeşdäki ýylgynyň aşagynda gömdüler we ýedi günläp agyz beklediler.
Copyright information for TukLat16