1 Samuel 6
Äht sandygy gaýdyp gelýär
1 Rebbiň sandygy ýedi aýlap piliştlileriň ýurdunda boldy. 2Şondan soň piliştliler ruhanylardyr palçylary çagyryp, olara: «Rebbiň sandygyny näme etsekkäk? Ony öz mekanyna nähili gaýtarmalydygyny bize aýdyň» diýdiler. 3Olar: «Eger siz Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny yzyna gaýtarmakçy bolsaňyz, onda ony boş goýbermäň, Hudaýa ýazyk gurbanlygyny beriň. Şonda siz beladan gutularsyňyz we Onuň näme sebäpden özüňizi yzyny üzmän jezalandyrandygyna göz ýetirersiňiz» diýdiler. 4Piliştliler: «Biz Oňa nädip ýazyk gurbanlygyny bermeli?» diýip, olardan soradylar. Olar şeýle jogap berdiler: «Piliştli hanlaryň sanyna görä bäş sany çykuwyň, bäş sany-da syçanyň altyndan şekilini ýasaň. Çünki bu bela siziň özüňize-de, hanlaryňyza-da deň derejede degişlidir. 5Şoňa görä endamyňyza çykan çykuwlaryň hem-de ýurduňyza gyrgynçylyk getiren syçanlaryň altyndan şekillerini ýasap, Ysraýylyň Hudaýyny şöhratlandyryň; şeýtseňiz, belki, Hudaý sizden, siziň hudaýlaryňyzdan we ýurduňyzdan el çeker. 6Näme üçin siz müsürlileriň we faraonyň edişi ýaly doňýüreklik edýärsiňiz? Tä ysraýyllara Müsürden çykmaga ygtyýar berýänçäler, olaryň nähili aňkasyny aşyrandygyny ýadyňyzdan çykarmaň. 7Indi täze araba hem-de heniz boýuntyryk salynmadyk iki sany sagynlyk sygyr tapyň-da, olary araba goşuň. Sygyrlaryň gölelerini bolsa, olaryň ýanyndan aýryp, dölede saklaň. 8Rebbiň sandygyny şol arabada ýerleşdiriň; ýazyk gurbanlygy hökmünde Rebbe iberýän altyn şekilleriňizi hem guta salyp, onuň gapdalynda goýuň. Soňra ony ýola salyň, goý, ol öz ugruna gitsin. 9Ýöne oňa gözegçilik ediň. Eger ol öz mekanyna barýan ýol bilen – Beýtşemeşiň ýoly bilen gitse, onda bu aýylganç betbagtçylygy biziň başymyza Rebbiň saldygydyr, emma ol şol ýoldan gitmese, onda bu işde Onuň eliniň ýoklugydyr, munuň tötänlik boldugydyr». 10Adamlar aýdylyşy ýaly etdiler: iki sany sagynlyk sygyr tapyp, olary araba goşdular. Olaryň gölelerini bolsa dölä gabap goýdular. 11Rebbiň sandygyny hem-de altyndan ýasalan syçandyr çykuw şekilleri salnan gutyny piliştliler araba ýüklediler. 12Sygyrlar saga-sola sowuljak bolman, göni Beýtşemeşe barýan uly ýol bilen molaşyp gitdiler. Tä Beýtşemeşiň araçägine çenli piliştli hanlar olaryň yzyndan galmadylar. 13Şol wagt beýtşemeşliler jülgede bugdaý orup ýördüler. Rebbiň sandygyna gözleri düşende, olar begendiler. 14Beýtşemeşli Ýeşuwanyň ekin meýdanyndaky ullakan daşyň ýanynda araba togtady. Olar arabanyň agaçlaryny döwüşdirip, odun etdiler-de, sygyrlary soýup, Rebbe ýakma gurbanlyk berdiler. 15Lewiler Rebbiň sandygyny hem-de onuň ýanyndaky altyn şekiller salnan gutyny arabadan düşürip, şol ullakan daşyň üstünde goýdular. Şol gün beýtşemeşliler Rebbe ýakma we beýleki gurbanlyklary berdiler. 16Piliştlileriň bäş hany bu wakany gözi bilen gördi. Olar şol gün Ekrona dolanyp geldiler. 17 Piliştlileriň Rebbe ýazyk gurbanlygy hökmünde iberen altyndan ýasalan çykuw şekilleriniň biri Aşdot üçin, biri Gaza üçin, biri Aşkelon üçin, biri Gat üçin, ýene biri bolsa Ekron galalary üçindir. 18Altyndan ýasalan syçan şekilleri bolsa piliştlileriň bäş hany tarapyndan dolandyrylýan berk galalaryň we olaryň töweregindäki obalarynyň sanyna görä iberildi. Üstünde Rebbiň sandygy goýlan ullakan daş beýtşemeşli Ýeşuwanyň ekin meýdanynda şu güne çenli dur. 19 Äht sandygynyň içine seredendikleri üçin, Reb beýtşemeşlileri öldürdi. Halkyň içinden Ol ýetmiş adamy ▼▼Ýetmiş adamy – käbir golýazmalarda elli müň ýetmiş adamy.
öldürdi. Halk matam tutdy, çünki halky Reb gyrypdy. 20Beýtşemeşliler: «Rebbiň, ýagny bu mukaddes Hudaýyň öňünde durup biljek barmy näme?! Ol bizden el çeker ýaly, biz sandygy kime ýollasakkak?» diýişdiler. 21Soňra: «Piliştliler Rebbiň sandygyny yzyna iberipdirler. Geliň-de, ony alyp gidiň» diýen habar bilen olar Kirýatýegaryma çapar gönderdiler.
Copyright information for
TukLat16