1 Thessalonians 5
1Eý, doganlar, bu wakalaryň wagty we seneleri hakda size ýazmagyň geregi ýok. 2Rebbiň güni bir ogrynyň gelşi ýaly geler, muny özüňiz-de bilýänsiňiz ahyryn. 3Adamlar heniz: «Hemmeler sag-salamat, howp-hatar hem ýok» diýip durkalar, olaryň üstünden heläkçilik iner. Bu edil göwreli aýalyň burgusy kimin duýdansyz başlanar. Şonda olar gaçyp gutulmazlar. 4Emma, eý, doganlar, Rebbiň güni siziň üstüňizi bir ogry kimin duýdansyz basmasyn, sebäbi siz garaňkylykda däl ahyryn. 5Siziň baryňyz nura we gündize degişlisiňiz. Biz tümlüge ýa gijä degişli däldiris. 6Şunlukda, ukudaky adamlar ýaly bolmalyň. Tersine, oýa we hüşgär bolalyň. 7Çünki uklaýanlar gije uklaýandyrlar, serhoş bolýanlar-da gije serhoş bolýandyrlar. 8– 9Biz bolsa gündize degişlidiris. Hudaý bizi gazaba duçar bolmaga däl, eýsem Rebbimiz Isa Mesih arkaly halas bolmaga belledi. Şoňa görä-de, egnimize iman bilen söýgini sowut hökmünde, başymyza halas bolmak umydyny tuwulga hökmünde geýip, hüşgär bolalyň. 10Isa Mesih biziň üçin öldi. Ol muny biz ýaşasak-da, ölsek-de, Onuň bilen ýaşap bilmegimiz üçin etdi. 11Şoňa görä-de, edil şu wagt edişiňiz ýaly, biri-biriňize öwüt-ündew beriň, ruhlandyryň.Öwüt-nesihatlar
12Indi bolsa, eý, doganlar, sizden şulary haýyş etmekçi: araňyzda zähmet çekýänleriň, Reb ýolunda size öňbaşçylyk edýänleriň, terbiýe berýänleriň gadyryny biliň; 13edýän işleri üçin olary söýüň, olara uly hormat goýuň; özara parahat ýaşaň. 14Eý, doganlar, size ýalbarýarys: bikär gezýänleri ýazgaryň, göwnüçökgünlere göwünlik beriň, ejizleri goldaň, hemmeler babatda sabyr-takatly boluň. 15Hiç kimiň ýamanlyga ýamanlyk gaýtarmaýandygyna göz ýetiriň. Gaýtam, biri-biriňize we hemmelere ýagşylyk etjek boluň. 16Hemişe şatlanyň. 17Dyngysyz doga-dileg ediň. 18Her ýagdaýa şükür ediň. Hawa, Isa Mesihe degişli bolan siz babatda Hudaýyň islegi şulardyr. 19 Mukaddes Ruhuň oduny söndürmäň. 20Pygamberlik sözlerine äsgermezçilik etmäň. 21Her zady synap görüň. Gowy zady gaýym saklaň. 22Her hili erbetlikden gaça duruň. 23Goý, parahatlygyň gözbaşy bolan Hudaý sizi hemmetaraplaýyn päklesin. Rebbimiz Isa Mesih gelende ruhuňyz, janyňyz we bedeniňiz aýypsyz bolsun. 24Hudaý muny başarar. Çünki sizi çagyran Hudaý ynamdardyr. 25Doganlar, biziň üçin doga-dileg ediň. 26Doganlaryň hemmesini mähirli ogşap salamlaşyň. 27Bu haty doganlaryň baryna okap bermegi Rebbiň adyndan size tabşyrýaryn. 28Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti size ýar bolsun!
Copyright information for
TukLat16