1 Timothy 6
Gullar baradaky ündewler
1Hudaýyň adyna we öwredýän taglymatymyza dil ýetmez ýaly, gulçulyk boýuntyrygy astyndakylaryň bary öz hojaýynlaryny hormata mynasyp saýsyn. 2Hojaýynlary imanly bolan gullar: «Indi biz dogandyrys» diýip, öz hojaýynlaryna geleňsizlik etmesinler, tersine, öňküden-de yhlasly hyzmat etsinler. Sebäbi olaryň hojaýynlary imandaky eziz doganlary bolup, ýagşylyk edýändirler. Bularyň baryny öwret we ünde.Ýalan mugallymlar barada duýduryşlar
3Eger kimde-kim meniň öwredenlerimden özgesini öwretse, Rebbimiz Isa Mesihiň sagdyn taglymatyny ýalan saýyp, Hudaýyň ýörelgesine laýyk bolan taglymaty oňlamaýan bolsa, 4onda ol hiç zada düşünmeýän tekepbirdir. Ol jedelleşmek we sözleriň manysy barada dawalaşmak keseline ýolugyp, göripligiň, agzalalygyň, töhmetleriň hem-de erbet şübheleriň döremegine sebäp bolýar. 5Bular zerarly pikirleri zaýalanan adamlaryň arasynda agzalalyklar ýüze çykýar. Olar hakykaty ýoýup, Hudaýyň ýörelgesi gazanç ýoludyr öýdýärler. ▼▼Käbir golýazmalarda Beýle adamlardan gaça duruň diýen jümle hem bar.
6Hakykatda bolsa, baryňa kaýyl bolup, Hudaýyň ýörelgesine eýermek uly gazançdyr. 7Çünki biz dünýä hiç zat getirmedik. Ondan hiç zat äkidip bilmejegimiz hem mese-mälimdir. 8Şonuň üçin-de, iýjegimiziň, geýjegimiziň bardygyna şükür etmelidiris. 9Baýamakçy bolýanlar bolsa synaga düşüp, akmak we erbet höwesleriň toruna çolaşýandyrlar. Bu höwesler olary weýrançylyga we heläkçilige uçradýandyr, 10sebäbi pul höwesi ähli bela-beteriň körügidir. Käbir adamlar onuň yşkyna düşüp, imandan azaşdylar, özlerini köp görgülere sezewar etdiler. Pawlusyň Timoteosa soňky ündewleri
11Emma sen, eý, Hudaýyň adamy, bu zatlardan gaç. Dogrulyk, takwalyk, iman, söýgi, sabyr-takatlyk we ýumşaklyk ýörelgelerine eýer. 12Iman ugrundaky göreşde edermenlik bilen göreş we baky ýaşaýşy makäm tut. Hudaý seni muňa çagyrdy, sen hem imanyňy köp şaýadyň öňünde doly ykrar edensiň. 13Ähli zada ýaşaýyş berýän Hudaýyň huzurynda we Pontiý Pilatyň öňünde diňe Hudaýa bil baglaýandygyny tassyklan Isa Mesihiň huzurynda saňa şulary tabşyrýaryn: 14Rebbimiz Isa Mesih gelýänçä, özüňe buýrulanlary doly we birkemsiz berjaý et. 15– 16Hudaý beýik we ýeke-täk Hökümdardyr, Ol şalaryň Şasy, taňrylaryň Taňrysy, ölmezligiň ýeke-täk Eýesidir. Ol ynsanyň gözüni gamaşdyrýan nurda ýaşaýar, Ony hiç bir ynsan görmedi, görüp-de bilmez. Ol Isa Mesihi Öz bellän wagtynda iberer. Hormat we gudrat baky Onuňky bolsun! Omyn. 17Bu döwrüň baýlaryna tekepbir bolmazlygy tabşyr. Goý, olar ygtybarsyz, wagtlaýyn baýlyga däl-de, bagtyýar ýaşamagymyz üçin her zady bolelin ýetirýän Hudaýa ▼▼Hudaýa – käbir golýazmalarda diri Hudaýa.
bil baglasynlar. 18Olara ýagşylyk etmegi, ýagşy işler, sahylyk we jomartlyk hazynasyny toplamagy buýur. 19Şeýle hazyna olaryň gelejeginiň berk binýady bolup, hakyky ýaşaýşa ▼▼Hakyky ýaşaýyş – käbir golýazmalarda baky ýaşaýyş.
ýetirer. 20Eý, Timoteos, özüňe ynanylyp berleni gora. Boş gürrüňlerden we «bilim» saýylýan gapma-garşy pikirlerden ýüz öwür. 21Sebäbi käbir adamlar bu ýalan bilime ulaşyp, imandan azaşandyrlar. Hudaýyň merhemeti, goý, size ýar bolsun! ▼▼Käbir golýazmalarda Omyn diýen söz hem bar.
Copyright information for
TukLat16