2 Chronicles 17
Ýahuda patyşasy Ýehoşapat
1Asanyň ogly Ýehoşapat onuň ýerine patyşa boldy. Ol Ysraýyla garşy güýç toplady. 2Ol Ýahudanyň esasy galalarynyň ählisinde goşun goýdy. Kakasy Asanyň basyp alan galalary bolan Efraýym galalarynda goşun ýerleşdirdi. 3– 4Reb Ýehoşapat bilendi, sebäbi ol kakasynyň owalky ýollaryndan ýöredi. Ýehoşapat Bagaly agtarman, kakasynyň Hudaýyny agtardy, Onuň tabşyryklaryna gulak goýdy, Ysraýylyň ýoluna eýermedi. 5Şonuň üçin hem Reb onuň patyşalygyny berkitdi. Ähli ýahuda halky Ýehoşapada salgyt töledi. Ol gaty baý hem at-abraýlydy. 6Ýehoşapat Rebbiň ýolundan ýöremeklige ýüregi bilen berlendi. Ol Ýahudadaky seždegähleri we Aşera butlaryny ýok etdi. 7Patyşalygynyň üçünji ýylynda Ýehoşapat Ýahudanyň şäherlerinde halka tälim bersinler diýip emeldarlaryndan Benhaýyly, Abadýany, Zakarýany, Nataniýeli we Mikaýany iberdi. 8Lewilerden Şemagýa, Netanýa, Zebadýa, Asahel, Şemiramot, Ýonatan, Adonyýa, Tobyýa, Tobadonyýa hem-de ruhanylar Elişama, Ýehoram olar bilen gitdiler. 9Olar Ýahudada tälim berdiler. Ýanlaryna Rebbiň Kanun kitabyny alyp, Ýahudanyň ähli şäherlerine aýlanyp, halka tälim berdiler. 10Ýahudanyň töweregindäki ähli ýurtlaryň patyşalyklaryna Rebbiň gorkusy aralaşdy. Olar Ýehoşapada garşy uruş etmediler. 11Piliştlileriň käbirleri Ýehoşapada sowgatlar, salgyt üçin kümüş getirdiler; araplar hem ýedi müň ýedi ýüz goç we ýedi müň ýedi ýüz erkeç getirdiler. 12Ýehoşapat gitdigisaýy güýçlenýärdi. Ol Ýahudada galalar we ammar şäherlerini gurdy. 13Ol Ýahuda şäherlerinde beýik işleri etdi. Onuň Iýerusalimde söweşijileri we batyr ýigitleri bardy. 14Uruglaryna görä olaryň sany şulardy: Ýahudanyň müňbaşylary: serkerde Adna üç ýüz müň batyr ýigit bilen, 15ondan soň serkerde Ýehohanan iki ýüz segsen müň esger bilen, 16ondan soň Zikriniň ogly Emasýa, Rebbiň meýletin hyzmatkäri iki ýüz müň batyr ýigit bilen. 17Benýaminlerden: batyr ýigit Elýada iki ýüz müň ýaýdyr galkan bilen ýaraglanan esger bilen, 18ondan soň Ýehozabat urşa taýýar ýüz segsen müň esger bilen. 19Bular patyşanyň bütin Ýahudadaky galalarynda ýerleşdiren esgerlerinden daşary patyşa hyzmat edýän esgerlerdi.
Copyright information for
TukLat16