‏ 2 Chronicles 22

Ýahuda patyşasy Ahazýa

(2 Patyşalar 8:25-29; 9:21-28)

1 Iýerusalimiň ilaty Ýehoramyň körpe ogly Ahazýany kakasynyň ýerine patyşa etdi. Ýehoramyň beýleki ogullarynyň ählisini araplar bilen düşelgä gelen leşger öldüripdi. Şeýdip, Ýehoramyň ogly Ahazýa Ýahuda patyşa boldy. 2Ahazýa patyşa bolanda kyrk iki ýaşyndady. Ol Iýerusalime bir ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Atalýa Ysraýylyň patyşasy Omrynyň agtygydy. 3Ahazýa hem Ahabyň maşgalasynyň pis ýolundan ýöredi. Ahazýanyň ejesi pis iş etmekde geňeşçisidi. 4Ahazýa hem Ahabyň maşgalasy ýaly, Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Kakasy ölenden soň, Ahabyň nesilleri Ahazýanyň geňeşçisi bolup, ony heläkçilige uçratdylar. 5Ahazýa olaryň maslahatyna eýerip, Ysraýylyň patyşasy Ahabyň ogly Ýoram bilen Siriýanyň patyşasy Hazaýyla garşy uruşmak üçin Ramotgilgada gitdi. Siriýalylar şol ýerde Ýoramy ýaraladylar. 6Ýoram Ramotgilgatda Hazaýyla garşy urşup ýörkä, siriýalylaryň özüne salan ýaralaryny bejertmek üçin Ýizregele gaýdyp geldi. Ýahuda patyşasy Ýehoramyň ogly Ahazýa
Ahazýa – käbir gadymy golýazmalarda Azarýa.
ýaralanan Ahabyň ogly Ýoramy görmek üçin Ýizregele gitdi.

7Emma Ahazýanyň Ýoramyň ýanyna gelip heläk bolmagy Hudaý tarapyndandy. Ahazýa bu ýere gelip, Ýoram bilen bile Nimşiniň ogly Ýehuwyň ýanyna gitdi. Reb Ahabyň nesillerini ýok etmek üçin Ýehuwy saýlapdy. 8Ýehu Ahabyň nesillerine höküm edýärkä, Ýahudanyň baştutanlaryna we Ahazýa hyzmat eden Ahazýanyň doganlarynyň ogullaryna duşup, olary öldürdi. 9Ýehuwyň adamlary Ahazýany agtardylar. Ahazýa Samariýada gizlenip ýörkä tutulyp, Ýehuwyň ýanyna getirildi we öldürildi. Ony jaýlap, şeýle diýdiler: «Ahazýa Rebbe bütin kalby bilen tabyn bolan Ýehoşapadyň agtygydyr». Ahazýanyň nesillerinden patyşalygy dolandyryp biljek adam galmandy.

Ýowaş Atalýadan halas edilýär

(2 Patyşalar 11:1-3)

10 Ýahuda patyşasy Ahazýanyň ejesi Atalýa öz oglunyň öldürilendigi barada eşiden dessine, Ýahudadaky ähli patyşa nesillerini ýok etdi. 11Emma patyşanyň gyzy Ýehoşabgat patyşanyň öldürilmeli şazadalarynyň içinden Ahazýa patyşanyň ogly Ýowaşy ogurlap, ony enekesi bilen bile ýatylýan otagda goýdy. Şeýdip, Ýehoram patyşanyň gyzy, ruhany Ýehoýadanyň aýaly, Ahazýa patyşanyň uýasy Ýehoşabgat Ýowaşy Atalýadan gizledi we Ýowaş diri galdy. 12Ýowaş alty ýyllap Ýehoşabgat bilen Hudaýyň öýünde gizlenip gezdi. Şol döwürde Atalýa ýurtda şalyk sürdi.
Copyright information for TukLat16