2 Chronicles 11
Şemagýa pygamberlik edýär
(1 Patyşalar 12:21-24)
1Rehabgam Iýerusalime geldi. Demirgazyk ysraýyl tirelerine garşy urşup, patyşalygy Rehabgama gaýtaryp bermek üçin, ýahuda hem-de benýamin tirelerinden ýüz segsen müň saýlama urşujylar toplady. 2Emma Hudaýyň adamy Şemagýa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 3«Süleýmanyň ogly, Ýahudanyň patyşasy Rehabgama, ýahuda we benýamin tirelerinden bolan ysraýyl halkyna 4Reb şeýle diýýär diý: „Siz doganlaryňyzyň garşysyna uruşmaň. Her kes öz öýüne gaýtsyn, çünki bu bolan waka Mendendir“». Olar Rebbiň sözüne gulak asyp, Ýarobgamyň garşysyna çykman, öýlerine gaýtdylar.Rehabgam Ýahudany berkidýär
5Rehabgam Iýerusalimde mesgen tutup, Ýahudany goramak üçin galalar gurdy. 6Ol Beýtullahamy, Eýtamy, Tekowany, 7Beýtsury, Sokony, Adullamy, 8Gaty, Mareşany, Zipi, 9Adoraýymy, Lakyşy, Azekany, 10Sorgany, Aýalony we Hebrony gurdy. Rehabgam ýahudalaryň we benýaminleriň galalary berkitdi. 11Rehabgam galalary berkidip, olara serkerdeler belledi. Galalaryň hersini azyk, ýag we şerap bilen üpjün etdi. 12Ol şeýle hem, ähli galalarda uly galkanlary we naýzalary goýup, olary has berkitdi. Ýahuda bilen benýamin Rehabgamyňkydy.Ruhanylar we lewiler Rehabgamy goldaýarlar
13 Ruhanylar we lewiler Ysraýylyň dürli çäklerinden Rehabgamyň ýanyna geldiler. 14Lewiler öz öri meýdanlaryny we mülklerini taşlap, Ýahuda, Iýerusalime geldiler, çünki Ýarobgam we onuň ogullary olary ruhanylyk etmekden aýrypdylar. 15Ýarobgam seždegählere, öz ýasan but erkeçlerine we gölelerine ruhanylaryny belledi. 16Ysraýylyň ähli tirelerinden Ysraýyl Hudaýy Rebbi agtarmagy ýüregine düwenler atalarynyň Hudaýyna gurbanlyk bermek üçin lewileriň yzyndan Iýerusalime geldiler. 17Olar Ýahuda patyşalygyny kuwwatlandyrdylar. Olar üç ýyllap Süleýmanyň ogly Rehabgama goldaw berdiler, çünki olar üç ýyllap Dawudyň, Süleýmanyň ýolundan ýöräpdiler.Rehabgamyň maşgalasy
18Rehabgam Mahalata öýlendi. Mahalat Dawudyň ogly Ýerimot bilen Abyhaýylyň gyzydy. Abyhaýyl Ýyşaýyň ogly Eliýabyň gyzydy. 19Mahalat Rehabgama: Ýeguş, Şemarýa we Zaham atly ogullary dogrup berdi. 20Mahalatdan soň Rehabgam Abyşalomyň gyzy Magaka öýlendi. Magaka oňa: Abyýa, Ataý, Ziza we Şelomyt atly ogullary dogrup berdi. 21Rehabgam Abyşalomyň gyzy Magakany beýleki hemme aýallaryndan we gyrnaklaryndan eý görýärdi. Rehabgamyň on sekiz aýaly we altmyş gyrnagy bardy; ol ýigrimi sekiz ogluň we altmyş gyzyň atasydy. 22Rehabgam Magakanyň ogly Abyýany geljekde patyşa etmek niýeti bilen inilerine baştutan belledi. 23Rehabgam parasatlyk bilen hereket edip, ogullaryny ýahudalaryň we benýaminleriň galalaryna iberip, olary ummasyz azyk bilen üpjün etdi, olara köp aýallar alyp berdi.
Copyright information for
TukLat16