2 Chronicles 13
Ýahuda patyşasy Abyýa
(1 Patyşalar 15:1-8)
1Ýarobgamyň patyşalygynyň sekizinji ýylynda Abyýa Ýahuda patyşa boldy. 2Abyýa Iýerusalimde üç ýyl patyşalyk etdi; onuň ejesiniň ady Mikaýady; ol gibgaly Uryýeliň gyzydy. Abyýa bilen Ýarobgamyň arasynda uruş gidýärdi. 3Abyýa dört ýüz müň saýlama, batyr ýigitlerden ybarat bolan goşuny bilen urşa girişdi. Ýarobgam hem sekiz ýüz müň saýlama, batyr ýigitleri bilen Abyýanyň garşysyna söweşe çykdy. 4Onsoň Abyýa Efraýym daglygynda bolan Samaraýym dagynyň üstünde durup, şeýle diýdi: «Eý, Ýarobgam we bütin ysraýyl halky, maňa gulak asyň! 5Siz Ysraýyl Hudaýy Rebbiň Ysraýylyň üstünden şalyk sürmekligi ebedilik Dawuda we onuň ogullaryna berendigini bilmeýärmisiňiz? Ol muny bozulmajak ähtiň üsti bilen etdi. 6Emma Dawudyň ogly Süleýmanyň nökeri, Nebadyň ogly Ýarobgam gidip, öz hökümdaryna garşy gozgalaň turuzdy. 7Boş we ýaramaz adamlar Ýarobgamyň ýanyna ýygnanyp, Süleýmanyň ogly Rehabgamyň garşysyna çykdylar. Rehabgam ýaş we tejribesiz bolansoň, olar bilen urşup bilmedi. 8Indi siz Dawudyň ogullarynyň elinde bolan Rebbiň patyşalygyna garşy durup bileris diýip pikir edýärsiňiz. Çünki siziň sanyňyz juda köpdür hem-de Ýarobgamyň hudaýlar hökmünde siziň üçin ýasan altyn göleleri ýanyňyzdadyr. 9Siz Rebbiň ruhanylary bolan Harunyň ogullaryny we lewileri kowup, başga ýurtlaryň halklary ýaly öz ruhanylaryňyzy bellediňiz. Bir öküzçe ýa-da ýedi goç bilen mukaddes edilmäge gelen her kes but hudaýlara ruhany bolýar. 10Emma biziň Hudaýymyz Rebdir. Biz Ony terk etmedik. Bizde Rebbiň hyzmatynda durýan ruhanylar bar. 11Ol ruhanylar ertirine, agşamyna Rebbe ýakma gurbanlyklar berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýarlar, sap altyn hantagtasynda hödür çöregini goýýarlar, her gije altyn çyradanda şemleri ýakýarlar. Çünki biz Hudaýymyz Rebbiň ýumuşlaryny bitirýäris, emma siz Ony terk etdiňiz. 12Hudaý biziň baştutanymyzdyr. Onuň ruhanylarynyň ellerinde size garşy urşy yglan etmäge surnaýlar bardyr. Eý, ysraýyllar, atalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň garşysyna uruş etmäň, çünki siz ýeňiş gazanyp bilmersiňiz». 13Ýarobgam Ýahuda goşunyň ýeňse tarapyndan bukuda ýatmak üçin goşun iberipdi. Şeýdip, onuň goşuny Ýahudanyň öň tarapynda, bukuda ýatan goşuny bolsa Ýahudanyň ýeňse tarapyndady. 14Ýahudalar özleriniň hem öňlerinde, hem yzlarynda söweş gidýändigini gördüler. Olar Rebbe perýat etdiler, ruhanylar surnaýlaryny çaldylar. 15Onsoň ýahuda halky gygyryşdy. Ýahudalar gygyryşanlarynda, Hudaý Abyýanyň we Ýahudanyň öňünde Ýarobgamy we bütin ysraýyl halkyny ýeňlişe sezewar etdi. 16Ysraýyllar ýahudalardan gaçdylar. Hudaý ysraýyllary ýahudalaryň eline berdi. 17Abyýa we onuň goşuny ysraýyllara agyr zarba urdular. Ysraýylyň bäş ýüz müň saýlama esgeri öldürildi. 18Şeýdip, ysraýyllar basyldylar, ýahudalar bolsa atalarynyň Hudaýy Rebbe bil baglandyklary üçin olary ýeňdiler. 19Abyýa Ýarobgamyň yzyndan kowup, onuň Beýtel, Ýeşanan we Epron diýen şäherlerini obalary bilen bile basyp aldy. 20Ýarobgam Abyýanyň döwründe güýç-kuwwatyny dikeldip bilmedi. Reb Ýarobgamy jezalandyrdy, şonda ol öldi. 21Emma Abyýa barha güýçlendi. Ol on dört aýal alyp, ýigrimi iki ogluň, on alty gyzyň kakasy boldy. 22Abyýanyň galan işleri, onuň hereketleri we sözleri Ydo pygamberiň ýazgylarynda ýazylandyr.
Copyright information for
TukLat16