2 Chronicles 14
Ýahuda patyşasy Asa
1Abyýa ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Asa patyşa boldy. Onuň döwründe ýurt on ýyl asudalykda ýaşady. 2Asa öz Hudaýy Rebbiň nazarynda oňat we dogry işleri etdi. 3Asa keseki gurbanlyk sypalaryny we seždegähleri aýryp, dikme daşlaryny ýykdy, Aşera butlaryny kesdi. 4Ol ýahuda halkyna atalarynyň Hudaýy Rebbi agtaryp, Onuň kanunyny we tabşyryklaryny berjaý etmegi buýurdy. 5Şeýle hem, Asa Ýahudanyň ähli galalaryndaky seždegähleri we ýakymly ysly tütetgi berilýän sypalaryny aýyrdy. Onuň şalyk süren döwründe ýurt asudalykda ýaşady. 6Ol Ýahuda asudalykdaka galalary gurdy. Şol ýyllarda ol hiç kim bilen uruş etmedi, sebäbi Reb oňa parahatçylyk beripdi. 7Asa ýahuda halkyna: «Geliň, bu galalary gurup, olaryň daşyna diwarlar, diňler, derwezeler we kiltler edeliň. Ýurt entek hem biziňkidir, çünki biz Hudaýymyz Rebbe tabyn bolduk. Biz Oňa tabyn bolduk, Ol bize her tarapdan asudalyk berdi». Şeýdip, olaryň gurluşyk işleri rowaçlandy. 8Asanyň ýahuda tiresinden uly galkanlardyr naýzalar bilen ýaraglanan üç ýüz müň adamdan, benýamin tiresinden galkan göterip, ýaý atýan iki ýüz segsen müň adamdan ybarat goşuny bardy. Olaryň bary batyr ýigitlerdi.Efiopiýalylar hüjüm edýär
9Efiopiýaly Zera müňlerçe esgeri we üç ýüz söweş arabasy bilen Asa garşy çykyp, Mareşa çenli geldi. 10Asa Zeranyň öňünden çykdy. Olar Mareşadaky Sepata deresinde söweş üçin nyzama düzüldiler. 11Asa Hudaýy Rebbi çagyryp, şeýle diýdi: «Ýa Reb, güýçli adama garşy çykmakda ejize diňe Sen ýardam berýänsiň. Ýa Beýik Hudaýymyz, bize ýardam et, çünki biz Saňa bil baglaýarys. Seniň adyň bilen biz bu ummasyz goşunyň garşysyna çykdyk». 12Şeýdip, Reb efiopiýalylary Asanyň we ýahuda halkynyň öňünde ýeňlişe sezewar etdi. Olar gaçdylar. 13Asa bilen onuň goşuny efiopiýalylary Gerara çenli kowdular. Efiopiýalylaryň bary gyrlyp, ýekejesi hem diri galmady. Olar Rebbiň we Onuň goşunynyň öňünde ýeňlişe sezewar boldular. Ýahuda halky gaty köp olja alyp gaýtdy. 14Olar Geraryň töweregindäki ähli galalara zarba urdular, çünki ýerli halka Rebbiň gorkusy aralaşypdy. Urşujylar ähli galalara talaň saldylar, sebäbi şol galalarda olja köpdi. 15Olar çarwalaryň çadyrlaryna hem hüjüm edip, ummasyz goýundyr geçiler we düýeler alyp, Iýerusalime gaýdyp geldiler.
Copyright information for
TukLat16