‏ 2 Chronicles 20

Ýehoşapat mowaplylary we ammonlylary ýeňýär

1Mundan soň mowaplylar we ammonlylar megunylar bilen birlikde Ýehoşapadyň garşysyna söweşe çykdylar. 2Ýehoşapada şeýle habar geldi: «Deňziň aňyrsyndan, Edomdan bir uly mähelle seniň garşyňa gelýär. Olar eýýäm Haseson Tamardadyr». Bu ýere Eýngedi-de diýilýär. 3Ýehoşapat gorkup, Rebbi agtarmagy ýüregine düwdi. Ol bütin Ýahudada agyz beklemekligi yglan etdi. 4Ýahuda halky Rebden medet dilemek üçin ýygnanyşyp, Ýahudanyň hemme şäherlerinden Rebbe ýalbarmaga geldiler.

5Ýehoşapat Rebbiň öýünde, täze howlynyň öňünde Ýahuda we Iýerusalim jemagatynyň öňünde durup, şeýle diýdi: 6«Atalarymyzyň Hudaýy, ýa Reb! Gökdäki Hudaý Sen dälmisiň? Bütin milletleriň patyşalyklarynyň üstünden höküm sürýän Sensiň. Güýç, gudrat Seniň eliňdedir, hiç kim Saňa garşy durup bilmez. 7Eý, biziň Hudaýymyz, Sen bu ýurduň ilatyny Öz halkyň Ysraýylyň öňünden kowup çykaryp, ýurdy dostuň Ybraýymyň nesillerine ebedilik berdiň. 8Olar ýurtda mesgen tutdular, ol ýerde Seniň adyňa mukaddes öý bina edip, şeýle diýdiler: 9„Başymyzdan betbagtçylyk inse, ýagny gylyç jezasy, gyrgyn keseli ýa-da açlyk gelse, biz şu mukaddes ýerde, Seniň huzuryňda durarys, çünki Seniň adyň şu mukaddes ýerdedir. Başymyza gelen betbagtçylyk zerarly Saňa perýat etsek, Sen bizi eşidersiň we halas edersiň“. 10 11Ine, indi ammonlylar, mowaplylar we Segir dagynyň ilaty, bize miras beren ýurduňdan bizi kowup çykarmakçy bolýarlar. Müsürden çykyp gelýärkäler, ysraýyl halkyna Sen bu milletleriň üstüne çozup girmäge ýol bermediň, ysraýyllar hem yzyna dönüp, olary ýok etmediler. 12Eý, Hudaýymyz, Sen olaryň üstünden höküm çykar! Bize garşy gelýän bu beýik goşuna garşy çykmaga bizde güýç-kuwwat ýok. Biz näme etjegimizi bilemzok, gözümizi Saňa dikýäris».

13Ýahuda erkekleriň bary öz ýaş çagajyklary, aýallary we ogullary bilen Rebbiň huzurynda durdular. 14Onsoň halkyň arasyndan Asafyň neslinden bolan lewilerden Ýahazyýalyň üstüne Rebbiň Ruhy indi. Ýahazyýal Zakarýanyň ogly, Benaýanyň agtygy, Ýegiýeliň çowlugy we Matanýanyň ýuwlugydy. 15Ýahazyýal şeýle diýdi: «Eý, ýahuda halky, Iýerusalimiň ilaty, patyşa Ýehoşapat, gulak asyň! Reb size şeýle diýýär: „Siz bu beýik goşundan gorkmaň, heder etmäň, çünki uruş siziňki däldir, Hudaýyňkydyr. 16Ertir olaryň üstüne hüjüm ediň. Olar Ziz depesine çykarlar. Siz olary Ýerubel çölüniň öňüsyrasynda, deräniň aňry başynda taparsyňyz. 17Bu söweşde size söweşmek gerek däldir. Eý, ýahuda we Iýerusalim halky, nyzama duruň-da, garaşyň, Rebbiň size berjek ýeňşini görüň“. Gorkmaň, heder etmäň. Ertir siz olaryň garşysyna çykyň. Reb siz bilen bolar».

18Ýehoşapat ýüzüni ýere berip sežde etdi, tutuş ýahuda we Iýerusalim halky-da Rebbiň öňünde ýüzin düşüp, Oňa sežde etdiler. 19Lewiler, kohatlar we koralar belent owaz bilen Ysraýyl Hudaýy Rebbe öwgi aýtmak üçin dik durdular.

20Olar ertesi irden turup, Tekowa çölüne tarap gitdiler. Olar ýola rowana bolanlarynda, Ýehoşapat durup, şeýle diýdi: «Eý, ýahuda we Iýerusalim ilaty, maňa gulak asyň! Hudaýyňyz Rebbe ynanyň, şonda berk durarsyňyz. Rebbiň pygamberlerine ynanyň, şonda işiňiz şowuna bolar». 21Ýehoşapat halk bilen maslahatlaşandan soň, Rebbiň şanly huzurynda nagma hem öwgi aýdarlary ýaly aýdymçylar belledi. Aýdymçylar goşunyň öňünden gidip baryşlaryna: «Rebbe şükür ediň, çünki Onuň söýgüsi bakydyr» diýdiler.

22Olar aýdym aýdyp, alkyşlamaga başlan batlaryna, Reb Ýahudanyň garşysyna gelen ammonlylara, mowaplylara we Segir dagynyň ilatyna garşy duzak gurdy, olary dowla saldy. 23Çünki ammonlylar we mowaplylar Segir dagynyň ilatyna hüjüm edip, olary bütinleý ýok edipdiler. Segir dagynyň ilatynyň soňuna çykandan soň, ammonlylar we mowaplylar biri-birlerini gyrmaga başladylar.

24Ýahuda halky çöldäki gözegçilik diňine gelende, uly goşuna tarap seretdiler, maslyklar ýerde pytrap ýatyrdylar. Gaçyp gutulan adam ýokdy. 25Ýehoşapat bilen onuň adamlary olaryň oljasyny almaga gelenlerinde, olar ummasyz köp mallar, harytlar, egin-eşikler we gymmatbaha zatlar tapdylar. Olar göterip äkiderden köp olja aldylar, olar olja gaty köp bolandygy üçin, ony üç günläp topladylar. 26Dördünji gün olar Beraka deresine ýygnanyp, şol ýerde Rebbi alkyşladylar. (Şonuň üçin-de bu dere şu güne çenli hem Beraka
Beraka – bu söz alkyş diýmegi aňladýar.
deresidir.)
27Onsoň ýahuda we Iýerusalim halky Ýehoşapadyň baştutanlygynda şatlyk bilen Iýerusalime dolanyp geldiler, çünki Reb olara duşmanlarynyň üstünden ýeňiş gazandyrypdy. 28Olar Iýerusalimdäki Rebbiň öýüne arfadyr liralar we surnaýlar çalyp geldiler. 29Rebbiň Ysraýylyň duşmanlarynyň garşysyna eden söweşi barada eşidenlerinde, ähli ýurtlaryň patyşalyklaryna Rebbiň gorkusy indi. 30Ýehoşapadyň ýurdy asudalykda boldy, çünki Hudaý olara hemme tarapdan asudalyk beripdi.

31Şeýdip, Ýehoşapat Ýahuda patyşalyk etdi. Ýehoşapat patyşa bolanda otuz bäş ýaşyndady. Ol ýigrimi bäş ýyl Iýerusalimde patyşalyk etdi, onuň ejesiniň ady Azubady. Ol Şilhiniň gyzydy. 32Ýehoşapat Rebbiň nazarynda dogry işlerini edip, kakasy Asanyň ýollaryndan ýöräp, ondan çykmady. 33Emma Ýahudadaky seždegähler entek hem doly aýrylmandy. Halk entek hem ýüregini ata-babalarynyň Hudaýyna baglamandy. 34Ýehoşapadyň başdan-aýak eden ähli işleri barada Hananynyň ogly Ýehuwyň işlerinde – Ysraýyl patyşalarynyň taryh kitabynda ýazylandyr.

35Ömrüniň ahyrynda Ýahudanyň patyşasy Ýehoşapat pis işleri eden Ysraýyl patyşasy Ahazýa goşuldy. 36Ýehoşapat Tarşyşa gidýän gämileri ýasamak üçin Ahazýa goşuldy. Olar gämileri Esýongeberde ýasadylar. 37Onsoň Mareşadan bolan Dodawahunyň ogly Eligezer Ýehoşapada garşy pygamberlik edip: «Ahazýa goşulandygyň üçin Reb seniň ýasan zadyňy ýok eder» diýdi. Gämiler çagşap, olar Tarşyşa gidip bilmediler.
Copyright information for TukLat16