2 Chronicles 21
Ýahuda patyşasy Ýehoram
(2 Patyşalar 8:16-19)
1Ýehoşapat ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýlandy. Ogly Ýehoram onuň ýerine patyşa boldy. 2Ýehoramyň inileri şulardy: Azarýa, Ýehiýel, Zakarýa, Azarýahu, Mikaýyl we Şepatýa. Bular Ýehoşapadyň ogullarydy. 3Olaryň kakasy ogullaryna Ýahudadaky galalar bilen birlikde kümüşden, altyndan we gymmatbaha zatlardan ybarat bolan köp sowgatlar beripdi. Emma Ýehoşapat patyşalygy Ýehorama beripdi. Ýehoram onuň nowbahar ogludy. 4Ýehoram kakasynyň tagtyna çykyp, patyşalygyny berkidensoň, ol ähli inilerini hem-de Ysraýylyň käbir baştutanlaryny gylyçdan geçirdi. 5Ýehoram patyşa bolanda otuz iki ýaşyndady. Ol Iýerusalime sekiz ýyl patyşalyk etdi. 6Ahabyň nesilleriniň edişi ýaly, Ýehoram-da Ysraýyl patyşalarynyň ýollaryndan ýöredi, çünki Ahabyň gyzy onuň aýalydy. Ýehoram Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. 7Emma Reb Dawuda onuň nesillerinden biriniň ömürlik tagtda oturjakdygyny wada berendigi we Öz guly Dawut bilen äht edendigi üçin Ýahudany derbi-dagyn etmek islemedi.Edomyň gozgalaňy
(2 Patyşalar 8:20-22)
8Ýehoramyň döwründe edomlylar gozgalaň turzup, Ýahudanyň gol astyndan çykdylar we özlerine bir patyşa goýdular. 9Onsoň Ýehoram söweş arabalarynyň serkerdeleri bilen gitdi. Edomlylar Ýehoram bilen onuň serkerdeleriniň daşyny gabadylar, ýöne Ýehoram ýanyndakylar bilen gije edomlylaryň içinden geçip gaçdylar. 10Şeýdip, Edom şu güne çenli hem Ýahuda garşy gozgalaň turzup, oňa garaşsyz bolup gelýär. Edil şol wagtda Libna galasy hem Ýahudanyň garşysyna uruş turuzdy, çünki Ýehoram ata-babalarynyň Hudaýy Rebbi ret edipdi. 11Mundan başga-da, Ýehoram Ýahuda daglygyndaky butlara seždegähleri gurdy. Ol Iýerusalimiň ilatyna Hudaýa biwepalyk etdirip, Ýahudany azdyrdy. 12– 13Ýehorama Ylýasdan ine, şu hat geldi: «Ataň Dawudyň Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Sen kakaň Ýehoşapadyň we Ýahudanyň patyşasy Asanyň ýollaryna eýermän, eýsem Ysraýylyň patyşalarynyň ýollaryna eýerip, Ysraýylyň patyşasy Ahabyň Ysraýyla edişi ýaly, Ýahudanyň we Iýerusalimiň ilatyna Hudaýa biwepalyk etdirdiň. Sen şeýle hem öz maşgala agzalaryň bolan inileriňi öldürdiň. Olar senden gowudylar. 14Ine, Reb seniň halkyň, çagalaryň, aýallaryň, ähli mal-mülküň başyndan agyr külpet inderer. 15Sen bolsa agyr içege keseline ýolugarsyň, tä içegeleriň daşyna akyp çykýança, keseliň günsaýyn ýaramazlaşar“». 16Reb piliştlileriň we efiopiýalylaryň golaýyndaky araplaryň Ýehorama garşy gazabyny oýardy. 17Olar Ýahudanyň üstüne çozup girip, patyşanyň köşgüne degişli bolan ähli mal-mülkleri, patyşanyň ogullarydyr aýallaryny alyp gitdiler. Patyşanyň körpe ogly Ýehogahazdan başga ogly galmady. 18Bu wakalardan soň, Reb Ýehoramy bejerip bolmaýan içege keseline ýolukdyrdy. 19Iki ýyllap onuň keseli günsaýyn ýaramazlaşyp, ikinji ýylyň ahyrynda içegeleri daşyna çykyp, ol agyr jebir-sütemden ýaňa dünýäden ötdi. Onuň halky ata-babalaryna edişleri ýaly, onuň hatyrasyna ot ýakmadylar. 20Ýehoram patyşa bolanda otuz iki ýaşyndady. Ol sekiz ýyl Iýerusalime patyşalyk etdi. Onuň ölümine gynanç bildiren bolmady. Olar Ýehoramy Dawut galasynda jaýladylar; ýöne ony patyşalaryň mazarynda goýmadylar.
Copyright information for
TukLat16