2 Chronicles 24
Ýowaş Rebbiň öýüni bejerdýär
(2 Patyşalar 12:1-16)
1Ýowaş patyşalyk edip başlanda ýedi ýaşyndady. Ol kyrk ýyllap Iýerusalimde patyşalyk etdi. Onuň ejesi Beýerşebadan bolup, ady Sibýady. 2Ýowaş Ýehoýada ruhanynyň bütin ömrüne Rebbiň nazarynda dogry işlerini etdi. 3Ýehoýada Ýowaşa iki aýal alyp berdi; Ýowaş olardan ogullardyr gyzlar gördi. 4Mundan soň Ýowaş Rebbiň öýüni dikeltmegi ýüregine düwdi. 5Ýowaş ruhanylary we lewileri ýygnap, olara şeýle diýdi: «Ýahudanyň şäherlerine gidiň-de, Hudaýyňyzyň öýüni her ýyl bejermek üçin bütin ysraýyl halkyndan pul toplaň. Bu işi dessine ýerine ýetiriň». Emma lewiler howlukmadylar. 6Şeýdip, Ýowaş patyşa Ýehoýada baştutany çagyryp, oňa şeýle diýdi: «Näme üçin Rebbiň guly Musanyň ysraýyl halkyna Äht çadyry üçin salan salgydyny Ýahudadan we Iýerusalimden getirmekligi lewilerden talap etmediň?» 7Pis aýal Atalýanyň ogullary Hudaýyň öýüne urup girip, Rebbiň öýündäki mukaddes zatlary Bagal butlaryna sežde etmekde ulanypdylar. 8Patyşa sandyk ýasamagy buýurdy. Sandygy ýasap, ony Rebbiň öýüniň derwezesiniň agzynda goýdular. 9Hudaýyň guly Musanyň çölde ysraýyl halkyna salan salgydynyň Reb üçin getirilmelidigi Ýahudada we Iýerusalimde yglan edildi. 10Ähli baştutanlar we bütin halk şadyhorramlyk bilen salgytlaryny getirip, tä sandyk dolýança, oňa atdylar. 11Lewiler sandygy patyşanyň emeldarlaryna getirip berenlerinde, onuň içinde köp puluň toplanandygyny görýärdiler. Patyşanyň kätibi bilen baş ruhany gelip, sandygy boşadyp, ony äkidip öz ýerinde goýýardylar. Olar her gün şeýle edip, gaty köp pul topladylar. 12Patyşa we Ýehoýada puly Rebbiň öýünde işleýän işçilere gözegçilik edýän adamlara berdiler. Olar hem şol puldan neçjarlara, ussalara, şeýle hem, demir we bürünç ussalaryna Rebbiň öýüni bejermek üçin iş hakyny tölediler. 13Gözegçiler öz işlerini etdiler. Olaryň bejeriş işleri rowaç aldy. Olar Hudaýyň öýüni öňki halyna getirip, ony berkitdiler. 14Olar işi tamamlanlaryndan soň, galan puly patyşa we Ýehoýada ruhana getirip berdiler. Galan puldan Rebbiň öýi üçin enjamlary, hyzmat üçin we ýakma gurbanlyk bermek üçin enjamlar, jamlar, altyn we kümüş esbaplar ýasadylar. Olar Ýehoýadanyň ömrüniň dowamynda hemişe Rebbiň öýünde ýakma gurbanlyklar hödür etdiler.Ýehoýadanyň ölüminden soňky wakalar
15Ýehoýada garrap, ýaşy birçene ýetip, bir ýüz otuz ýaşynda dünýäden ötdi. 16Ýehoýadany Ysraýylda Hudaý we Onuň öýi üçin eden gowy işleri sebäpli Dawut galasynda patyşalaryň ýanynda jaýladylar. 17Ýehoýada ölenden soň, Ýahudanyň baştutanlary gelip, patyşa tagzym etdiler. Patyşa olara gulak asdy. 18Olar ata-babalarynyň Hudaýy Rebbi terk edip, Aşera we beýleki butlara gulluk etdiler. Olaryň bu günäleri sebäpli Ýahudanyň we Iýerusalimiň üstünden Hudaýyň gazaby indi. 19Reb olary Özüne tarap öwürmek üçin olaryň arasyna pygamberler iberdi. Pygamberler olaryň garşysyna şaýatlyk etdiler, ýöne olar gulak asmadylar. 20Onsoň Ýehoýada ruhanynyň ogly Zekarýanyň üstüne Hudaýyň Ruhy indi. Zekarýa halkyň öňünde dik durup, şeýle diýdi: «Reb şeýle diýýär: „Näme üçin Rebbiň tabşyryklaryny terk edýärsiňiz? Siziň işiňiz rowaç almaz. Rebbi terk edendigiňiz üçin, Ol hem sizi terk etdi“». 21Emma halk Zekarýanyň garşysyna dil düwşüp, ony patyşanyň tabşyrygy bilen Rebbiň öýüniň howlusynda daşlap öldürdi. 22Patyşa Ýowaş Zekarýanyň kakasy Ýehoýadanyň özüne eden ýagşylyklaryny ýatlaman, onuň ogluny öldürdi. Zekarýa ölmeziniň öň ýanynda: «Reb muny görüp, hasabyny sorasyn!» diýdi. 23Ýylyň ahyrynda Siriýa goşuny Ýowaşyň garşysyna çykdy. Olar Ýahuda we Iýerusalime gelip, halkyň baştutanlarynyň baryny ýok etdiler. Olardan alnan ähli oljany Damaskdaky patyşa iberdiler. 24Siriýalylaryň goşuny az hem bolsa, Reb Ýahudanyň uly goşunyny olaryň eline berdi, çünki Ýahudanyň halky ata-babalarynyň Hudaýy Rebbi terk edipdiler. Şeýdip, olar Ýowaşy jezalandyrdylar. 25Siriýalylar Ýowaşa agyr ýara salyp, onuň ýanyndan gidenlerinden soň, Ýowaşyň öz nökerleri Ýehoýada ruhanynyň oglunyň gany üçin ar almaga onuň garşysyna dildüwşük gurap, ony düşeginde öldürdiler. Şeýdip, Ýowaş öldi. Ýowaşy Dawut galasynda jaýladylar, ýöne ony patyşalaryň ýanynda jaýlamadylar. 26Ýowaşyň garşysyna dildüwşük guranlar: ammonly Şimgat atly aýalyň ogly Zabat, mowaply aýal Şimritiň ogly Ýehozabatdy. 27Ýowaşyň ogullary, Ýowaşa garşy edilen köp çykyşlar we Hudaýyň öýüniň täze gurluşygy patyşalaryň taryh kitabynda ýazylandyr. Ýowaşyň ýerine ogly Amazýa patyşa boldy.
Copyright information for
TukLat16