‏ 2 Chronicles 27

Ýahuda patyşasy Ýotam

(2 Patyşalar 15:32-38)

1Ýotam patyşa bolanda ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on alty ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Ýeruşa Sadogyň gyzydy. 2Ýotam kakasy Uzyýa ýaly Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi; emma ol Rebbiň ybadathanasyna girmedi. Halk entek hem erbet işleri edýärdi. 3Ýotam Rebbiň öýüniň demirgazyk derwezesini gurdy. Ofel diwarynyň üstünde hem köp gurluşyk işlerini etdi. 4Bulardan daşary-da, Ýotam Ýahuda daglarynda şäherler gurdy we tokaýlyklarda galalar we diňler saldy. 5Ýotam Ammon patyşasyna garşy urşup, olardan üstün çykdy. Ammonlylar şol ýyl Ýotama ýüz ýetmiş batman
Ýüz ýetmiş batman – ýewreýçe ýüz kikkar. Bu takm. 3,4 tonna deňdir.
kümüş, ýigrimi müň çuwal
Ýigrimi müň çuwal – ýewreýçe on müň kor. Bu takm. 1500 tonna deňdir.
bugdaý we ýigrimi müň çuwal arpa berdiler. Ammonlylar oňa ikinji we üçünji ýylda ýene şonça mukdarda berdiler.
6Hudaýy Rebbine wepaly bolandygy üçin Ýotam kuwwatlandy. 7Ýotamyň beýleki işleri, ähli alyp baran uruşlary hem-de eden işleri Ysraýyl we Ýahuda patyşalarynyň taryh kitabynda ýazylandyr. 8Ýotam patyşa bolanda ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on alty ýyl patyşalyk etdi. 9Ýotam ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda jaýlandy. Ogly Ahaz onuň ýerine patyşa boldy.
Copyright information for TukLat16