2 Chronicles 36
Ýahuda patyşasy Ýehogahaz
(2 Patyşalar 23:30-35)
1Ýurduň halky Ýoşyýanyň ogly Ýehogahazy alyp, kakasynyň ýerine patyşa etdi. 2Ýehogahaz patyşa bolanda ýigrimi üç ýaşyndady. Ol Iýerusalimde üç aý patyşalyk etdi. 3– 4Müsür patyşasy Neko Iýerusalimde Ýehogahazy tagtdan agdaryp, ýurda bir ýüz ýetmiş batman kümüş ▼▼Bir ýüz ýetmiş batman – ýewreýçe ýüz kikkar. Bu takm. 3400 kg deňdir.
, bir ýarym batmana golaý hem altyn ▼▼Bir ýarym batmana golaý – ýewreýçe bir kikkar. Bu takm. 34 kg deňdir.
salgyt saldy. Ol Ýehogahazyň dogany Elýakymy onuň ýerine Ýahuda we Iýerusalime patyşa edip, onuň adyny Ýehoýakym diýip üýtgetdi. Onsoň Neko patyşa Ýehogahazy alyp, Müsüre geldi. Ýahuda patyşasy Ýehoýakym
(2 Patyşalar 23:36–24:7)
5Ýehoýakym patyşa bolanda ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalime on bir ýyl patyşalyk etdi. Ol Hudaýy Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. 6Babyl patyşasy Nebukadnesar Ýehoýakymyň üstüne çozup, ony Babyla äkitmek üçin zynjyr bilen daňdy. 7Nebukadnesar Rebbiň öýündäki gap-gaçlary hem Babyla äkidip, olary özüniň Babyldaky köşgünde goýdy. 8Ýehoýakymyň galan işleri, onuň eden ýigrenji işleri we gabahatlyklary barada Ysraýyl hem Ýahuda patyşalarynyň taryh kitabynda ýazylandyr. Onuň ýerine ogly Ýehoýakyn patyşa boldy.Ýahuda patyşasy Ýehoýakyn
(2 Patyşalar 24:8-17)
9Ýehoýakyn patyşa bolanda sekiz ýaşyndady. Ol Iýerusalimde üç aý, on gün patyşalyk etdi. Ýehoýakyn Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. 10Baharda patyşa Nebukadnesar adam iberip, Ýehoýakyny Rebbiň öýüniň gymmatbaha gap-gaçlary bilen birlikde Babyla getirdip, onuň dogany Sidkiýany Ýahuda we Iýerusalime patyşa etdi.Ýahuda patyşasy Sidkiýa
(2 Patyşalar 24:18-20; Ýermeýa 52:1-3)
11Sidkiýa patyşa bolanda ýigrimi bir ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on bir ýyl patyşalyk etdi. 12Sidkiýa Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol Rebbiň adyndan geplän Ýermeýa pygamberiň öňünde özüni kiçeltmedi.Iýerusalimiň synmagy
(2 Patyşalar 25:1-21; Ýermeýa 52:3-11)
13Şeýle hem Sidkiýa özüne Hudaýdan ant içiren Babyl patyşasy Nebukadnesara garşy gozgalaň turuzdy. Sidkiýa Ysraýyl Hudaýy Rebbe tarap öwrülmejek bolup, boýnuýogynlyk etdi, ýüregini gatatdy. 14Ähli ruhany baştutanlary bilen halk birlikde milletleriň ähli ýigrenji işlerine eýerdiler, biwepalyk çakdanaşa artdy. Olar Rebbiň Iýerusalimde mukaddes eden öýüni murdar etdiler. 15Atalarynyň Hudaýy Reb olara pygamberleriň üsti bilen yzygiderli duýduryş berdi, çünki Onuň Öz halkyna we mesgenine rehimi indi. 16Emma olar Hudaýyň çaparlaryny masgaralap, Hudaýyň sözlerini äsgermezlik etdiler, Onuň pygamberlerini kemsitdiler. Onsoň Rebbiň Öz halkyna garşy gazaby şeýle bir lowlady welin, ondan gutular ýaly bolmady. 17Onsoň Reb Iýerusalimiň garşysyna Babyl patyşasyny çozdurdy. Babyllylar mukaddes öýünde ýaşlaryny gylyçdan geçirdiler; ýigitlerdir gyzlara, gojalardyr saçy agaranlara olar rehim etmediler. Reb olaryň baryny Babyl patyşasynyň eline berdi. 18Nebukadnesar Hudaýyň öýündäki ähli ululy-kiçili gap-gaçlary, Rebbiň öýündäki hazynalary, patyşanyň we onuň emeldarlarynyň hazynalaryny Babyla alyp gitdi. 19Babyllylar Hudaýyň öýüni ýakyp, Iýerusalimiň diwaryny ýykyp, ondaky ähli köşklere ot berip, ähli gymmatbaha zatlary ýok etdiler. 20Babyl patyşasy gylyçdan aman galanlary Babyla ýesir edip äkitdi. Ýesir edilip äkidilenler Pars patyşalygy häkimiýet başyna geçýänçä, Babyl patyşasyna we onuň ogullaryna gul boldular. 21Şeýdip, Rebbiň Ýermeýanyň üsti bilen aýdan sözi amala aşdy. Ýurt weýrançylykda bolan günleriniň dowamynda doly ýetmiş ýyllap dynçlykda boldy.Kureş patyşanyň permany
(Ezra 1:1-4)
22 Pars patyşasy Kureşiň patyşalygynyň birinji ýylynda Rebbiň Ýermeýanyň üsti bilen aýdan sözi amala aşar ýaly, Reb Kureş patyşanyň ulanýan ýazuwynda perman çykaryp, ony tutuş patyşalygyna çapar üsti bilen jar etmegi onuň kalbyna saldy. 23Pars patyşasy Kureş şeýle diýýär: «Gögüň Hudaýy Reb ýer ýüzündäki ähli patyşalyklary maňa berdi we Ýahudanyň Iýerusalim şäherinde Özüne ybadathana gurmagy maňa emr etdi. Araňyzda Hudaýyň halkyndan bolanyňyz bar bolsa, ýurduňyza dolanyň. Hudaýyňyz Reb size ýar bolsun!»
Copyright information for
TukLat16