2 Chronicles 9
Şeba melikesi Iýerusalime gelýär
(1 Patyşalar 10:1-13)
1Şeba melikesi Süleýmanyň at-owazasyny eşidip, ony kyn sowallar bilen synamaga Iýerusalime geldi. Şeba melikesi ummasyz baýlyk, hoşboý ysly zatlar, köp mukdarda altyn we gymmatbaha daşlar ýüklenen düýeler bilen Iýerusalime geldi. Ol Süleýmanyň ýanyna gelip, ýüregine düwen ähli sowallary hakynda onuň bilen söhbetleşdi. 2Süleýman onuň ähli sowallaryna jogap berdi. Patyşa onuň ýekeje sowalyny-da jogapsyz galdyrmady. 3– 4Şeba melikesi Süleýmanyň paýhasyny, onuň guran öýüni, saçagyndaky näz-nygmatlary, emeldarlarynyň ýaşaýan ýerlerini, hyzmatkärleriniň hyzmatyny, onuň sakylaryny, olaryň egin-eşiklerini, Rebbiň öýünde berýän ýakma gurbanlyklaryny görende, onuň bu zatlara akyly haýran boldy. 5– 6Ol patyşa şeýle diýdi: «Ýurdumda işleriň hakda, parasatyň hakda eşiden sözlerim dogry eken, ýöne men gelip, öz gözlerim bilen görýänçäm, aýdylanlara ynanmadym. Maňa danalygyňyň hatda ýarysyny hem aýtmandyrlar. Seniň pähim-paýhasyň, rowaçlygyň meniň eşidenimden has artyk eken. 7Seniň halkyň nähili bagtly! Hemişe huzuryňda bolup, pähim-paýhasyňy eşidýän emeldarlaryň nähili bagtly! 8Senden hoşal bolup, Hudaýyň Rebbiň patyşasy bolmagyň üçin seni Öz tagtynda oturdan Hudaýyň Rebbe alkyş bolsun! Hudaý Ysraýyly söýensoň, ony ebedilik berkarar etmek üçin, adalaty we hakykaty berjaý etmegiň üçin seni patyşa etdi». 9Onsoň Şeba melikesi Süleýman patyşa iki ýüz batman ▼▼Iki ýüz batman – ýewreýçe ýüz ýigrimi kikkar. Bu takm. 4 tonna deňdir.
altyn, köp mukdarda atyrlary we gymmatbaha daşlary berdi. Süleýman patyşa Şeba melikesiniňki ýaly şeýle köp mukdarda hoşboý ysly zatlar heniz berilmändi. 10Huramyň we Süleýmanyň Opyrdan altyn getiren hyzmatkärleri mundan başga-da sandal agajyny we gymmatbaha daşlary hem getirdiler. 11Patyşa sandal agajyndan Rebbiň öýüne, patyşanyň köşgüne basgançaklar, aýdymçylar üçin liradyr arfalar ýasady; beýle saz gurallary Ýahudada henize çenli görlüp-eşidilmändi. 12 Süleýman patyşa Şeba melikesiniň göwnüniň islän zadyny berdi. Süleýman oňa özüne getiren zatlaryndan has köp zatlary berdi. Şeýdip, Şeba melikesi emeldarlary bilen öz ýurduna dolandy. Süleýmanyň baýlygy
(1 Patyşalar 10:14-28)
13– 14Süleýmana bir ýylda gelýän altynyň agramy bir müň bir ýüz otuz batmandan gowrakdy ▼▼Bir müň bir ýüz otuz batman – ýewreýçe alty ýüz altmyş alty kikkar. Bu takm. 23 tonna deňdir.
. Bu alyş-beriş edýän adamlardan, söwdagärleriň söwdasyndan gelýän altyndan daşarydy. Ähli arap şalary, ýurduň häkimleri hem Süleýmana altyn-kümüş berýärdiler. 15Süleýman patyşa döwme altyndan iki ýüz sany uly galkan ýasady. Her bir uly galkana, on ýedi gadak ▼▼On ýedi gadak – ýewreýçe alty ýüz şekel. Bu takm. 7 kg deňdir.
altyn sarp edildi. 16Ol döwme altyndan üç ýüz galkan ýasady; her galkana sekiz ýarym gadak ▼▼Sekiz ýarym gadak – ýewreýçe üç ýüz şekel. Bu takm. 3,3 kg deňdir.
altyn sarp edildi. Patyşa bulary «Liwan jeňňeli» atly köşgünde goýdy. 17Patyşa tagtyny piliň süňki bilen haşamlap, sap altyna gaplady. 18Tagtyň alty basgançagy we altyndan aýak kürsüsi oňa berkidilendi. Tagtyň iki tarapynda hem tirseklikler, tirseklikleriň gapdalynda-da iki ýolbars durdy. 19Alty basgançagyň her tarapynda bir ýolbars, jemi on iki ýolbars durdy. Beýle zat entek asla hiç bir ýurtda ýasalmandy. 20Süleýmanyň gap-gaçlarynyň barysy altyndandy. Onuň «Liwan jeňňeli» atly köşgüniň ähli gap-gaçlary-da sap altyndandy. Kümüş Süleýmanyň döwründe hiç zatça görülmeýärdi. 21Çünki Süleýmanyň Huramyň adamlary bilen birlikde Tarşyşa gatnaýan gämileri bardy. Deňiz gämileri üç ýylda bir gezek gelip, altyn, kümüş, pil süňküni, maýmynlary we tawuslary getirerdiler. 22Şeýdip, Süleýman patyşa baýlykda, pähim-paýhasda ýer ýüzündäki ähli patyşalardan öňe geçdi. 23Hudaýyň Süleýmanyň ýüregine salan paýhasyny eşitmek üçin ähli milletleriň patyşalary onuň didaryna zardy. 24Süleýmanyň ýanyna gelen her kes ýylyň ýylyna kümüşdir altyn enjamlardan, egin-eşiklerden, ýaraglardan, hoşboý ysly zatlardan, atlardyr gatyrlardan ybarat bolan sowgatlaryny getirýärdi. 25 Süleýmanyň atlar bilen söweş arabalary üçin dört müň athanasy bardy, on iki müň arabaly esgerleri bardy. Süleýman olaryň birnäçesini öz ýanynda – Iýerusalimde, galanlaryny bolsa söweş arabalarynyň saklanýan galalarynda ýerleşdirdi. 26Süleýman Ýewfrat derýasyndan piliştlileriň ýurduna we Müsür serhedine çenli aralykda bolan ähli patyşalaryň üstünden höküm sürdi. 27Süleýman Iýerusalimde kümşi daşlar bilen deň etdi, kedr agajyny bolsa günbatar baýyrlykda gögerýän ýabany injir agajy kimin köpeltdi. 28Süleýmanyň atlary Müsürden, beýleki ähli ýurtlardan getirildi. Süleýmanyň ölümi
(1 Patyşalar 11:41-43)
29 Süleýmanyň galan ähli işleri – owalky we soňky eden işleri Natan pygamberiň taryh kitabynda, şiloly Ahyýanyň pygamberliginde we Ydo görgüriň Nebadyň ogly Ýarobgam baradaky görnüşlerinde ýazylandyr. 30Süleýman Iýerusalimde bütin Ysraýyla kyrk ýyl patyşalyk etdi. 31Süleýman ata-babalaryna gowuşdy. Ol kakasy Dawudyň galasynda jaýlandy. Ogly Rehabgam onuň ýerine patyşa boldy.
Copyright information for
TukLat16