‏ 2 Corinthians 1

1Hudaýyň yradasy bilen Isa Mesihiň resuly bolan men Pawlusdan we doganymyz Timoteosdan Hudaýyň Korintosdaky ýygnagyna, şeýle-de tutuş Ahaýa welaýatyndaky Hudaýyň halkynyň baryna dogaýy salam! 2Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy, goý, size ýar bolsun!

Teselli berýän Hudaý

3Ähli tesellileriň gözbaşy bolan merhemetli Ata Hudaýa, Rebbimiz Isa Mesihiň Hudaýyna we Atasyna alkyş bolsun! 4Hudaý ähli muşakgatlarymyzda bize teselli berýär. Biz hem öz gezegimizde her hili muşakgatlara uçran adamlara Hudaýdan alan tesellimiz arkaly teselli berýäris. 5Çünki Isa Mesihiň görgüleriniň durmuşymyzda artdygysaýy, Ol arkaly Hudaýdan alýan tesellimiz-de artýandyr. 6Eger biz görgüler görýän bolsak, bu siziň teselli tapmagyňyz we halas bolmagyňyz üçindir. Hudaý bize teselli berýän bolsa, bu biziň-de size teselli bermegimiz üçindir. Siz hem biz ýaly görgüler göreniňizde, şu tesellimizden teselli tapyp, muşakgatlaryň baryna döz gelersiňiz. 7Size baglaýan umydymyz berkdir, sebäbi siziň diňe muşakgatlarymyza däl, eýsem tesellimize-de şärikdigiňizi bilýäris.
Käbir golýazmalarda 6-njy we 7‑nji aýatlar şeýle görnüşde gelýär: Eger biz görgüler görýän bolsak, bu siziň teselli tapmagyňyz we halas bolmagyňyz üçindir. Şeýdip siz biziň ýaly görgüler göreniňizde, muşakgatlaryň baryna döz gelersiňiz. Size baglaýan umydymyz berkdir. Teselli tapýan bolsak, bu siziň teselli tapmagyňyz we halas bolmagyňyz üçindir, sebäbi siziň diňe muşakgatlarymyza däl, eýsem tesellimize-de şärikdigiňizi bilýäris.
8Eý, doganlar! Biziň Aziýa welaýatynda başymyza inen külpetlerden siziň-de habarly bolmagyňyzy isleýäris. Bu külpetler çekip-çydardan juda agyrdy, biz diri galarys-da öýtmedik. 9Hawa, ajal biziň ýakamyzdan tutandyr öýtdük. Bu ýagdaý biziň özümize däl-de, diňe Hudaýa, merhumlary direldýän Hudaýa bil baglamagymyz üçin ýüze çykypdy. 10 11Hudaý bizi ajalyň penjesinden halas etdi we ýene-de halas eder. Biziň üçin edýän doga-dilegleriňiz arkaly Onuň bizi ýene-de halas etjekdigine umyt baglaýarys. Şonda köpleriň doga-dilegine jogap hökmünde bize berlen merhemet üçin köp adamlar Hudaýa şükür ederler.

Pawlus niýetini üýtgedýär

12Ine, biz şuňa buýsanýarys: biz her kes, ylaýta-da siz babatda Hudaýyň beren göwnaçyklygy we päk ýürekliligi bilen hereket edýäris. Biz muny ynsan danalygyna däl-de, Hudaýyň merhemetine daýanyp edýäris. Muňa biziň ynsabymyz-da şaýatdyr. 13 14Biziň size ýazanlarymyzda okap düşünmez ýaly gümürtik zat ýok. Siz bize häzir bölekleýin düşünýärsiňiz, ýöne soňra doly düşünersiňiz diýen umydym bar. Onsoň Rebbimiz Isa Mesihiň geljek gününde biziň size buýsanyşymyz ýaly, siz-de bize buýsanyp bilersiňiz. 15Bu babatda ynamym bolansoň, ýanyňyza iki gezek baryp, şatlygyňyzy artdyrmakçydym. 16Soňra Makedoniýa gidip, ondan soň ýene size dolanmakçydym. Ol ýerden Ýahudyýa ýurduna meni ýola salarsyňyz diýen niýetim bardy. 17Eýsem men öz niýetlänlerimde durnuksyzlyk etdimmi? Ýa-da bulary niýetlänimde bu dünýäniň adamlary ýaly ikigöwünli bolup, ilki «hawa, hawa», soňra-da «ýok, ýok» diýýärinmi? 18Hudaý ynamdardyr. Ol biziň aýdanlarymyzyň şol bir wagtyň özünde hem «hawa», hem-de «ýok» däldigine şaýatdyr. 19Men, Silwan
Silwan – bu Silasyň beýleki ady.
we Timoteos dagy araňyzda Hudaýyň Ogly
Hudaýyň Ogly – Köne Ähtde bu at patyşalar üçin ulanylýardy. Täze Ähtde bolsa bu at Hudaý tarapyndan saýlanyp-seçilen diýmegi aňladýar. Sözlüge seret.
Isa Mesih barada wagyz etdik. Biziň wagyz eden Isa Mesihimiz hem «hawa», hem «ýok» diýen däldir. Hudaý Isa Mesih arkaly «hawa» diýýändir.
20Çünki Hudaýyň beren wadalarynyň ählisi Isa Mesih arkaly «hawadyr». Hudaýy şöhratlandyryp aýdýan «omyn» sözümiz-de Isa Mesih arkalydyr. 21Hudaý bizi siz bilen birlikde Isa Mesihe baglap, imanda berk durmagymyza ýardam berýär. Ol bizi seçip-saýlady-da, 22möhürläp, bularyň kepili hökmünde ýüregimize Mukaddes Ruhuny berdi.

23Men sizi gynandyrmaýyn diýip, Korintosa dolanyp barmadym. Munuň hakykatdygyna Hudaý-da şaýatdyr. 24Biz siziň imanyňyzyň üstünden höküm sürmekçi bolamzok, tersine, şatlygyňyzyň hatyrasyna siz bilen hyzmatdaşlyk edýäris. Çünki siz imanda berk dursuňyz.
Copyright information for TukLat16