‏ 2 Corinthians 2

1Şunlukda, men ýene gamlanmaýyn diýip, ýanyňyza barmazlygy ýüregime düwdüm. 2Eger men sizi gamlandyrýan bolsam, meni kim şatlandyrsyn? Meniň gamlandyranlarymmy?! 3Şoňa görä-de, baranymda meni şatlandyrmaly adamlar göwnümi gamlandyrmasyn diýip, şol haty ýazdym. Meniň şatlygyma siziň-de şatlanjakdygyňyza berk ynanýaryn. 4Men şol haty paralanan ýürekden muşakgat içinde ýazypdym. Ýöne meniň niýetim sizi gynandyrmak däl-de, size bolan çäksiz söýgimi görkezmekdi.

Pawlus korintoslylara günäkärleri bagyşlamagy ündeýär

5Meni gamlandyran adam diňe meni däl-de, ulaltmaýyn welin, belli bir derejede hemmäňizi gamlandyrandyr. 6Köpçüligiň ony ýazgarmagy onuň üçin ýeterlik jezadyr. 7Ol bütinleý gam laýyna batmaz ýaly, indi ony bagyşlamalysyňyz, teselli bermelisiňiz. 8Haýyş edýärin: ony dogrudan-da söýýändigiňizi tassyklaň. 9Şoňa görä-de, men şol haty sizi synamak we her bir zatda tabyn bolup-bolmaýanlygyňyzy bilmek üçin ýazdym. 10Siziň bagyşlan kişiňizi men hem bagyşlaýaryn, sebäbi men hem birini bir zatda bagyşlan bolsam, bagyşlanymy siziň hatyraňyz üçin Mesihiň huzurynda bagyşladym. 11Men muny şeýtan bizden üstün çykmasyn diýip etdim. Onuň kezzaplygy bize mälim ahyryn.

Pawlus öz hyzmatyny goraýar

12Men Mesihiň Hoş Habaryny wagyz etmäge Troas şäherine baranymda, maňa Reb tarapyndan bir gapy açyldy. 13Muňa garamazdan, köňlüm rahat däldi, sebäbi men ol ýerde doganym Titusy tapmadym. Şonuň üçin-de, olar bilen hoşlaşyp, Makedoniýa ugradym. 14Ýöne Hudaýa müň-de bir şükür! Ol Mesihiň dabaraly ýörişine bizi elmydama şärik edýär. Hudaý Özi baradaky bilimi biz arkaly ähli ýere müşk-anbar kimin ýaýýar. 15Çünki biz gutulyş ýolundan barýanlaryň-da, heläkçilik ýolundan barýanlaryň-da arasynda Hudaý üçin Mesihiň müşki-anbarydyrys. 16Biz heläkçilik ýolundan barýanlar üçin ölüm ysy bolsak, gutulyş ýolundan barýanlar üçin ýaşaýyş müşki-anbarydyrys. Beýle işiň hötdesinden geljek asla ýokdur! 17Biz gara nebislerine çapýan adamlar kimin Hudaýyň Hoş Habaryny ýoýmaýarys. Tersine, Hudaý tarapyndan iberilen we Mesihe hyzmat edýän kişiler ýaly Hudaýyň huzurynda päk ýürekden wagyz edýäris.
Copyright information for TukLat16