2 Corinthians 6
1Biz Hudaýyň işdeşleri hökmünde size ýalbarýarys: Ondan alan merhemetiňizi harlamaň. 2 aÇünki Hudaý şeýle diýýär: «Merhemet görkezjek döwrümde seni eşitdim,gutulyş gününde Men kömek etdim».
Ine, indi merhemet günüdir, indi gutulyş günüdir! 3Biz hyzmatymyz abraýdan düşmesin diýip, hiç kimiň büdremegine sebäp bolamzok. 4Tersine, ähli zatda özümizi Hudaýyň hakyky hyzmatçylary hökmünde äşgär edýäris. Biz muşakgatlara, mätäçliklere, çykgynsyz ýagdaýlara, 5urlup-ýenjilmelere, tussag edilmelere, pitnelere, agyr zähmete, ukusyz gijelere, aç-suwsuzlyga sabyr-takatlyk bilen çydaýarys. 6Biz muny päklik, bilim, tutanýerlilik, rehim-şepagat, Mukaddes Ruhuň barlygy, çyn söýgi, 7hakykat habary, Hudaýyň güýji arkaly subut edýäris. Dogrulyk – biziň ýaragymyz. Biz ony hem sag, hem-de sol elimizde göterýäris. 8Adamlar bizi sylasalar-da, kemsitseler-de, myjabat ýapsalar-da, öwseler-de – biz barybir Hudaýa hyzmat edýäris. Olar bizi ýalançy saýýarlar, ýöne biz hakykaty sözleýändiris. 9Biz tanalsak-da, ret edilýäris; ajal ýakamyzdan tutsa-da, diridiris; jezalandyrylsak-da, öldürilen däldiris; 10ynjatsalar-da, elmydama şatdyrys; garyp bolsak-da, köpleri baýadýandyrys; hiç zadymyz bolmasa-da, ähli zada eýediris. 11Eý, korintoslylar! Biz siziň bilen aç-açan gürleşdik, size ýüregimizi açdyk. 12Sizden söýgimizi aýamasak-da, siz bizden öz söýgiňizi aýaýarsyňyz. 13Men size hut öz çagalaryma ýüzlenýän ýaly ýüzlenýärin: biz ýüreklerimizi size açyşymyz ýaly, siz-de ýürekleriňizi bize açyň.
Butparazlykdan gaça duruň
14Iman etmedikler bilen bir boýuntyryga girmäň! Dogrulygyň pislik bilen näme şärikligi bar? Ýa-da nur bilen tümlügiň näme umumylygy bar? 15Isa Mesih bilen şeýtanyň arasynda ylalaşyk, heý-de, bolup biljek zatmy? Imanly bilen imansyzyň näme şärikligi bar? 16 bHudaýyň ybadathanasy bilen butlaryň, heý-de, özara ylalaşygy bolarmy? Çünki biz diri Hudaýyň ybadathanasydyrys. Hudaý: «Men olaryň arasynda mesgen tutaryn we olaryň arasynda bolaryn. Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolarlar» diýipdi ahyryn. 17 c«Şoňa görä-de, olaryň arasyndan çykyň-da,olardan aýrylyň».
Muny Reb diýýär.
«Haram zatlara el degirmäň,
şonda Men sizi kabul ederin».
18«Men size Ata bolaryn
siz hem Meniň ogul-gyzlarym bolarsyňyz».
Muny Hökmürowan Reb diýýär.
Copyright information for
TukLat16