2 Corinthians 8
Sahylyk nusgasy
1Indi bolsa, eý, doganlar, Hudaýyň Makedoniýanyň ýygnaklaryna beren merhemeti barada bilmegiňizi isleýäris. 2Olar agyr muşakgatlarda synalsa-da, joşgunly şatlykdan dolup-daşýarlar. Garyplygy çenden agyr bolsa-da, sahylyga baýdyrlar. 3Dogrudan-da, olar elinden gelen, hatda ondan hem artyk hemaýat kömegini sahylyk bilen meýletin berdiler. 4Olar Hudaýyň Iýerusalimdäki halkyna edilýän hyzmata özleriniň hem şärik edilmegini sorap, bize ýalbardylar. 5Bu eden tamamyzdan-da artyk boldy. Olar özlerini ilki Rebbe, soňra-da Hudaýyň islegine görä bize bagyş etdiler. 6Şonuň üçin biz Titusdan siziň araňyzda başlan bu haýyrly işini şol tärde-de soňuna çenli dowam etmegini haýyş etdik. 7Siziň imanyňyz güýçli; siz nädip wagyz etmelidigini bilýärsiňiz. Siziň düşünjäňiz, yhlasyňyz we bizden öwrenen söýgiňiz ▼▼Bizden öwrenen söýgiňiz – käbir golýazmalarda bize bolan söýgiňiz.
dolup-daşýar. Hakyky, siz ähli zady şeýle oňat başarýarsyňyz. Şonuň üçin-de, sahylykda-da şeýle bolmagyňyzy isleýäris. 8Ýok, bu buýruk däl. Beýleki ýygnaklaryň yhlasy barada aýtmak bilen, siziň söýgiňiziň näderejede hakykydygyny barlasym gelýär. 9Çünki siz Rebbimiz Isa Mesihiň merhemetini bilýäňiz: Ol baý bolsa-da, siziň hatyraňyz üçin garyp boldy. Isa Mesih muny Özüniň garyplygy arkaly siziň baý bolmagyňyz üçin edipdi. 10Siz geçen ýyl hemaýat bermekde ilkinji bolmak bilen çäklenmän, muny uly höwes bilen etdiňiz. Şunlukda, ine, meniň maslahatym: 11bu işi öz mümkinçiligiňizden ugur alyp bitiriň. Ony yhlasly başlaýşyňyz ýaly, yhlas bilen-de tamamlaň. 12Çünki hemaýat bermek höwesi bar bolsa, Hudaý ynsanyň ýok zadyna görä däl-de, elinde bar bolanyna görä kabul edýändir. 13Biz başgalaryň ýüküni ýeňletjek bolup, size agram salmak islämzok. Biz hemmelere deňlik bolsun diýýäris. 14Siziň bolelinligiňiz şu gün olaryň mätäçliginiň öwezini doldursa, ertirki gün olaryň bolelinligi siziň mätäçligiňiziň öwezini doldurar. Şeýlelikde, hemmelere deňlik bolar. 15 bÇünki Töwratda ýazylyşy ýaly: «Köp ýygnanyňkydan hiç zat artmady, az ýygnanyň hiç kem zady bolmady». Titus we beýleki doganlar Korintosa iberilýär
16Hudaýa müň-de bir şükür! Ol Titusyň-da ýüregine size bolan yhlasy saldy. 17Titus diňe biziň haýyş edenimiz üçin däl, eýsem size bolan yhlasy sebäpli ýanyňyza göwünjeňlik bilen gitdi. 18Titusyň ýany bilen imanly doganymyzy hem iberýäris. Onuň Hoş Habary ýaýmakdaky hyzmaty üçin, ony ähli ýygnaklar sylaýandyr. 19Mundan başga-da, ol ýygnaklar tarapyndan saýlanyp, hemaýat kömegini Iýerusalime äkitmek üçin bize ýoldaş bellendi. Biziň bu haýyrly işimiz Rebbi şöhratlandyryp, ýardam etmekdäki yhlasymyzy görkezýändir. 20Biz şeýle uly mukdardaky puly paýlamakda hiç bir aýyplanma sezewar bolmaz ýaly, ätiýajy elden bermeýäris. 21Biz diňe Rebbiň nazarynda däl, eýsem ynsanlaryň nazarynda hem halal işlemäge dyrjaşýandyrys. 22Şeýle-de Titusyň ýany bilen ýene-de bir doganymyzy iberýäris. Ol özüniň her dürli işlerde yhlaslydygyny ençeme gezek subut etdi. Size bolan ynamy sebäpli, ol mundan beýläk has-da köp yhlas etmäge taýyndyr. 23Titus babatda şuny aýtmakçy: ol meniň ýoldaşym we siziň araňyzdaky hyzmatdaşymdyr. Iberen doganlarymyz bolsa ýygnaklaryň wekilleri we Isa Mesihiň şöhratydyr. 24Şoňa görä-de, olaryň baryna öz söýgiňizi görkezip, siz babatdaky magtanjymyzyň ýerliklidigini ähli ýygnaklara subut ediň.
Copyright information for
TukLat16