‏ 2 Kings 10

Ýehu Ahabyň nesillerini öldürýär

1 2Ahabyň Samariýada ýetmiş ogly we ogul agtyklary bardy. Ýehu Samariýadaky Ýizregel baştutanlary bolan ýaşululara we Ahabyň nesillerine hossarlyk edýänlere şeýle mazmunly hat ýazyp iberdi: «Jenabyňyzyň ogullarydyr ogul agtyklary siziň ýanyňyzdadyr, şeýle hem atlar, söweş arabalary, gala we ýaraglar siziň hyzmatyňyzdadyr. 3Haty alan dessiňize patyşaňyzyň ogullarydyr ogul agtyklaryndan iň mynasybyny saýlap, ony atasynyň tagtynda oturdyp, jenabyňyzyň ogullarydyr agtyklary üçin uruş ediň». 4Samariýanyň baştutanlarynyň we Ahabyň nesillerine hossarlyk edýänleriň gorkudan ýaňa ýürekleri ýaryldy. Olar: «Seret, Ysraýyl patyşasy Ýoram bilen Ýahuda patyşasy Ahazýa Ýehuwa garşy durup bilmediler, onsoň biz nädip oňa garşy duraly» diýişdiler. 5Şeýdip, köşgi dolandyryjy, şäher häkimi, ýaşulular we Ahabyň nesillerine hossarlyk edýänler Ýehuwa habar ýollap: «Biz seniň gullaryň, biz seniň diýeniň bilen bolarys. Biz hiç kimi patyşalyga bellemeris. Özüň nämäni makul bilseň, şony-da et» diýdiler. 6Onsoň Ýehu Samariýa ikinji hatyny ýollap şeýle diýdi: «Eger siz meniň tarapymda bolup, meniň diýenlerime boýun bolsaňyz, onda siz patyşaňyzyň ogullarydyr agtyklarynyň barynyň kellesini alyp, ertir şu wagt meniň ýanyma Ýizregele geliň». Ahabyň ýetmiş ogludyr agtyklary özlerini terbiýeläp ýetişdiren şäher baştutanlarynyň ýanyndadylar. 7Olar haty alyp, onda aýdylyşy ýaly patyşanyň ogullarydyr agtyklarynyň ýetmişisini hem tutup, olaryň kellelerini kesdiler. Olar patyşa ogullarynyňdyr agtyklarynyň kellelerini sebede salyp, Ýizregele Ýehuwyň ýanyna iberdiler. 8Çapar gelip: «Patyşanyň ogullarynyňdyr agtyklarynyň kelleleri getirildi» diýip habar berdi. Ýehu: «Olary iki üýşmek ediň-de, ertire çenli derwezäniň agzynda goýuň» diýip tabşyryk berdi. 9Ertesi ir bilen Ýehu halkyň öňüne çykyp, şeýle diýdi: «Siz ýazyksyz adamlar. Jenabym Ýorama garşy dildüwşük gurup, ony öldüren men. Emma bu ýatanlary öldüren kim? 10Onda şuny bilip goýuň. Rebbiň Ahabyň ogullarydyr ogul agtyklaryna garşy aýdan sözleriniň hiç biri hem ýerde galmaz, çünki Reb Öz guly Ylýas arkaly diýen sözlerini berjaý etdi». 11Şeýdip, Ýehu Ahabyň Ýizregelde ýaşaýan garyndaşlarynyň baryny, onuň ähli baştutanlaryny, ýakyn dostlaryny, ruhanylaryny gyryp, ýekeje adamy hem diri galdyrmady.

12 13Onsoň Ýehu Samariýa tarap ýola düşdi. Ol ýolda çopanlaryň Beýteket diýen düşelgesinde Ýahuda patyşasy Ahazýanyň garyndaşlaryna sataşyp, olardan: «Siz kim bolarsyňyz?» diýip sorady. Olar: «Biz Ahazýanyň garyndaşlarydyrys. Biz şazadalar bilen, şa aýalynyň ogullary bilen görme-görşe barýardyk» diýip jogap berdiler. 14Ýehu öz adamlaryna: «Bulary diri tutuň» diýdi. Olar Ahazýanyň garyndaşlaryny diri tutup, şol ýerdäki Beýteket guýynyň ýanynda olaryň kyrk ikisini hem öldürdiler. Ýehu olardan ýekejesini hem diri galdyrmady.

15Ýehu ol ýerden gaýdyp, özüni garşylamaga gelýän Rekabyň ogly Ýonadaba sataşdy. Ýehu oňa salam berip, ondan: «Meniň ýüregimiň seniňki bilen bir bolşy ýaly, seniň ýüregiň-de meniňki bilen birmi?» diýip sorady. Ýonadap hem: «Birdir» diýip jogap berdi. Ýehu: «Eger şeýle bolsa, onda eliňi uzat» diýdi. Ýonadap Ýehuwa tarap elini uzatdy. Ýehu ony araba mündürdi. 16Ýehu oňa: «Meniň bilen git-de, Rebbe wepalydygymy gör» diýdi. Şeýdip, Ýehuwyň adamlary Ýehonadaby onuň söweş arabasyna mündürdiler. 17Ýehu Samariýa gelip, Rebbiň Ylýas arkaly aýdan sözüne görä Ahabyň galan tohum-tijiniň baryny iň soňkusyna çenli gyryp ýok etdi.

Ýehu Bagala sežde edýänleri ýok edýär

18Onsoň Ýehu bütin halky ýygnap, olara ýüzlenip şeýle diýdi: «Siz Ahap Bagala wepaly boldy diýip pikir edýänsiňiz, emma meniň – Ýehuwyň Bagala Ahapdan has wepalydygymy görersiňiz. 19Şonuň üçin hem şu wagt Bagalyň pygamberleriniň, Bagala sežde edýänleriň, onuň ruhanylarynyň baryny meniň ýanyma çagyryň. Olaryň ýekejesini hem galdyrmaň, çünki men Bagala uly gurbanlyk hödür etjek. Olaryň içinden ýekejesi gelmän galaýsa, ol diri galmaz». Emma bu Ýehuwyň Bagala sežde edýänleri ýok etmek üçin guran hilesidi. 20Ýehu öz adamlaryna: «Bagalyň hatyrasyna oňa sežde etmek üçin ýygnanyşyk gününi yglan ediň» diýip buýruk berdi. Ýehuwyň adamlary Bagala sežde edilmeli güni yglan etdiler. 21Ýehu tutuş Ysraýyla habar ýollady. Bagala sežde edýän ähli kişiler geldi, gelmän galan ýekeje adam hem ýokdy. Gelen adamlaryň bary Bagalyň buthanasyna girdi. Buthana tä bosagasyna çenli adamdan doldy. 22Ýehu Bagala sežde edilende geýilýän mukaddes donlary saklaýan ruhana: «Bagala sežde edýänleriň baryna don getirip ber» diýdi. Ol sakçy hem olaryň baryna don getirip berdi. 23Onsoň Ýehu Rekabyň ogly Ýonadap bilen Bagalyň buthanasyna girdi. Ýehu Bagala sežde edýänlere ýüzlenip: «Töweregiňize seredip görüň, araňyzda Rebbe sežde edýänlerden hiç kim bolmasyn, diňe Bagala sežde edýänler bolsun» diýdi. 24Ondan soň Ýehu bilen Ýonadap gurbanlyklary we ýakma gurbanlyklary hödürlemek üçin içeri girdiler. Ýehu buthananyň daşynda segsen adamy goýup, olara: «Siziň eliňize berýän bu adamlarymdan ýekejesi gaçyp gutulaýsa, olar üçin öz kelläňiz bilen jogap berersiňiz» diýdi.

25Ýehu ýakma gurbanlygyny berip gutaran badyna, esgerlere we olaryň serkerdelerine ýüzlenip: «Buthana giriň-de, olaryň baryny gyryň, ýekejesini hem gaçyraýmaň» diýdi. Şeýdip, olar Bagalyň gullarynyň baryny gylyçdan geçirdiler. Esgerler we serkerdeler olaryň jesetlerini daşary çykaryp taşladylar. Soňra olar Bagalyň buthanasyna ybadat edilýän içki otaga girdiler. 26Şol ýerde olar Bagalyň buthanasyndaky dikme daşy daşary çykaryp, ony kül-owram etdiler. 27Olar Bagalyň dikme daşyny ýykdylar. Bagalyň buthanasyny ýykyp, ony hajathana öwürdiler. Ol şu güne çenli hem şeýledir.

28Şeýdip, Ýehu Ysraýylda Bagala sežde edilmeginiň soňuna çykdy. 29Emma Ýehu Nebadyň ogly Ýarobgamyň günäli işlerinden el çekmedi. Ýarobgam Beýteldäki we Dandaky altyn gölelere sežde edip, ysraýyl halkyna günä etdirdi. 30Reb Ýehuwa: «Sen Meniň nazarymda dogry iş edip, Ahabyň tohum-tiji babatda Meniň ýüregimiň islegini ýerine ýetirdiň. Şonuň üçin hem seniň nesliň dördünji arka çenli Ysraýyla patyşa bolar» diýdi. 31Emma Ýehu Ysraýyl Hudaýy Rebbiň kanunlaryny bütin kalby bilen berjaý etmedi. Ol ysraýyl halkyna günä etdiren Ýarobgamyň günälerinden el çekmedi.

Ýehuwyň ölümi

32 33Şol döwürde Reb Ysraýylyň çäklerini kiçeltmäge başlady. Siriýa patyşasy Hazaýyl Iordan derýasynyň gündogaryndan gatlylara, rubenlilere we manaşalylara çenli bolan bütin Gilgat topragyny, Arnon jülgesiniň ýakasyndaky Arogerden Gilgada we Başana çenli bolan tutuş ýurdy basyp aldy. 34Ýehuwyň galan işleri, ähli eden işleri we edermenlikleri barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 35Şeýdip, Ýehu ata-babalaryna gowuşdy. Ol Samariýada atalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ornuna Ýehuwyň ogly Ýehogahaz patyşa boldy. 36Ýehu Samariýada Ysraýyla ýigrimi sekiz ýyl patyşalyk etdi.
Copyright information for TukLat16