2 Kings 15
Ýahuda patyşasy Uzyýa
(2 Ýyl ýazgylary 26:1-23)
1 Ysraýyl patyşasy Ýarobgamyň şalygynyň ýigrimi ýedinji ýylynda Amazýanyň ogly Ýahuda patyşasy Uzyýa patyşalyk edip başlady. 2Uzyýa patyşa bolanda on alty ýaşyndady. Ol Iýerusalimde elli iki ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Ýekolýa Iýerusalimdendi. 3Uzyýa öz kakasy Amazýa ýaly Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi. 4Muňa garamazdan Uzyýa seždegähleri aýyrmady. Bütin halk entek-enteklerem şol ýerlere baryp gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardy. 5Reb oňa ýokançly deri keseli bilen ezýet berdi. Ol tä ölýänçä ýokançly deri keselinden ejir çekip, aýratyn ýerde ýaşady. Patyşanyň ogly Ýotam ýurtdaky halka baştutanlyk edip, köşgi dolandyrdy. 6Uzyýanyň beýleki işleri we ähli eden işleri ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 7Uzyýa ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Ýotam patyşa boldy.Ysraýyl patyşasy Zakarýa
8 Ýahuda patyşasy Uzyýanyň şalygynyň otuz sekizinji ýylynda Ýarobgamyň ogly Zakarýa Ysraýyla patyşa bolup, Samariýada alty aý şalyk sürdi. 9Zakarýa hem atalary ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol Nebadyň ogly Ýarobgam Ysraýyla etdiren günälerinden el çekmedi. 10Ýabeşiň ogly Şallum Zakarýa garşy dildüwşük gurap, ony halkyň öňünde urup öldürdi-de, onuň ýerine özi patyşa boldy. 11Zakarýanyň beýleki işleri ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 12Rebbiň Ýehuwa: «Seniň nesilleriň dördünji arka çenli Ysraýyl tagtynda oturarlar» diýip beren wadasy berjaý boldy.Ysraýyl patyşasy Şallum
13 Ýahuda patyşasy Uzyýanyň şalygynyň otuz dokuzynjy ýylynda Ýabeşiň ogly Şallum patyşa bolup, Samariýada bir aý patyşalyk etdi. 14Onsoň Gadynyň ogly Menahym Tirsadan çykyp, Samariýa geldi. Ol Samariýada Ýabeşiň ogly Şallumy öldürip, özi onuň ýerine patyşa boldy. 15Şallumyň beýleki işleri, guran dildüwşügi barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 16Şol döwürde Menahym Tirsadan başlap, Tipsada we onuň etraplarynda ýaşaýanlaryň baryny gyrdy. Özüne galanyň derwezesini açmandyklary üçin, olaryň baryny gyrdy we göwreli aýallarynyň garynlaryny ýardy.Ysraýyl patyşasy Menahym
17 Ýahuda patyşasy Uzyýanyň şalygynyň otuz dokuzynjy ýylynda Gadynyň ogly Menahym Ysraýyla patyşa boldy. Ol Samariýada on ýyl patyşalyk etdi. 18Menahym Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol bütin ömrüne Nebadyň ogly Ýarobgamyň Ysraýyla etdiren günälerinden el çekmedi. 19Aşur patyşasy Pul ▼▼Pul – Puluň beýleki ady Tiglatpileser. Seret: 2Pat 15:29.
Ysraýyla hüjüm etdi. Menahym öz patyşalygyny kuwwatlandyrmaga kömek ederi ýaly, Pula bir müň ýedi ýüz batman ▼▼Bir müň ýedi ýüz batman – ýewreýçe müň kikkar. Bu takm. 34 tonna deňdir.
kümüş berdi. 20Menahym Aşur patyşasyna kümüş bermek üçin Ysraýyldaky baýlaryň baryna jan başyna bir ýüz mysgaldan ▼▼Bir ýüz mysgal – ýewreýçe elli şekel. Bu takm. 600 gr deňdir.
gowrak kümüş salgyt saldy. Şondan soň Aşur patyşasy ýurtda galman yzyna gaýtdy. 21Menahymyň beýleki işleri we ähli eden işleri barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 22Menahym ata-babalaryna gowuşdy. Ogly Pekahýa onuň ýerine patyşa boldy. Ysraýyl patyşasy Pekahýa
23 Ýahuda patyşasy Uzyýanyň şalygynyň ellinji ýylynda Menahymyň ogly Pekahýa Ysraýyla patyşa bolup, Samariýada iki ýyl şalyk sürdi. 24Pekahýa Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol Nebadyň ogly Ýarobgamyň Ysraýyla etdiren günälerinden el çekmedi. 25Öz serkerdesi Remalýanyň ogly Peka elli sany gilgatly bilen Pekahýa garşy dildüwşük gurady. Peka Samariýada köşgüň içki galasynda Argop we Arýe bilen birlikde Pekahýanyň üstüne hüjüm edip, ony öldürip, ýerine özi patyşa boldy. 26Pekahýanyň beýleki işleri we ähli eden işleri ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.Ysraýyl patyşasy Peka
27 Ýahuda patyşasy Uzyýanyň şalygynyň elli ikinji ýylynda Remalýanyň ogly Peka Ysraýyla patyşa bolup, Samariýada ýigrimi ýyl şalyk sürdi. 28Peka Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol Nebadyň ogly Ýarobgamyň Ysraýyla etdiren günälerinden el çekmedi. 29Ysraýyl patyşasy Pekanyň döwründe Aşur patyşasy Tiglatpileser gelip, Yýony, Abelbeýtmagakany, Ýanowany, Kedeşi, Hasory, Gilgady, Jeliläni we tutuş Naftaly ýurduny basyp alyp, olaryň halklaryny Aşura ýesir edip äkitdi. 30Onsoň Elanyň ogly Hoşeýa Remalýanyň ogly Peka garşy dildüwşük gurap, onuň üstüne hüjüm etdi we ony öldürdi. Soňra Uzyýanyň ogly Ýotamyň patyşalygynyň ýigriminji ýylynda Hoşeýa Pekanyň ýerine patyşa boldy. 31Pekanyň beýleki işleri we ähli eden işleri ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.Ýahuda patyşasy Ýotam
(2 Ýyl ýazgylary 27:1-9)
32Remalýanyň ogly Ysraýyl patyşasy Pekanyň şalygynyň ikinji ýylynda Uzyýanyň ogly Ýahuda patyşasy Ýotam patyşalyk edip başlady. 33Ýotam patyşa bolan wagty ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on alty ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Ýeruşa Sadogyň gyzydy. 34Ýotam kakasy Uzyýa ýaly Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi. 35Muňa garamazdan, ol seždegähleri aýyrmady. Halk entek-enteklerem şol ýerlere baryp, gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardy. Ýotam Rebbiň öýüniň demirgazyk derwezesini gurdy. 36Ýotamyň beýleki işleri we ähli eden işleri ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 37Şol döwürde Reb Siriýa patyşasy Resini, Remalýanyň ogly Pekany Ýahudanyň garşysyna goýberip başlady. 38Ýotam ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýlandy. Ogly Ahaz onuň ýerine patyşa boldy.
Copyright information for
TukLat16