‏ 2 Kings 16

Ýahuda patyşasy Ahaz

(2 Ýyl ýazgylary 28:1-27)

1Remalýanyň ogly Pekanyň şalygynyň on ýedinji ýylynda Ýotamyň ogly Ahaz Ýahuda patyşa boldy. 2Ahaz patyşa bolan mahaly ýigrimi ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on alty ýyl patyşalyk etdi. Ahaz atasy Dawudyň yzyna eýermän, öz Hudaýy Rebbiň nazarynda nädogry işleri etdi. 3Ahaz Ysraýyl patyşalarynyň ýoly bilen ýöräp, Rebbiň ysraýyllaryň ýurdundan kowup çykaran milletleriniň ýigrenji adaty boýunça öz ogluny otdan geçirdi. 4Ol seždegählerde, baýyrlyklarda we gür ýaprakly her bir agajyň astynda gurbanlyk berýärdi, ýakymly ysly tütetgi tütedýärdi.

5Şol wagt Siriýa patyşasy Resin bilen Ysraýyl patyşasy Remalýanyň ogly Peka Iýerusalimiň üstüne hüjüm edip, onuň daşyny gabadylar. Emma şonda-da ony ýeňip bilmediler. 6Şol döwürde Siriýa patyşasy Resin Eýlaty aram halkyna gaýtaryp berdi we ýahudalary Eýlatdan kowup çykardy. Edomlylar Eýlata geldiler we olar şu güne çenli hem şol ýerde ýaşaýarlar. 7Ahaz Aşur patyşasy Tiglatpileseriň ýanyna çaparlar ýollap: «Men seniň guluň hem-de ogluňdyryn. Gel-de, maňa garşy hüjüm edýän Siriýa patyşasy bilen Ysraýyl patyşasynyň elinden meni gutar» diýdi. 8Ahaz Rebbiň öýündäki we patyşanyň öýündäki hazynalarynda bar bolan altyndyr kümşi alyp, sowgat hökmünde Aşur patyşasyna iberdi. 9Aşur patyşasy Ahazyň sözüne gulak asdy. Aşur patyşasy Damaska garşy hüjüm edip, ony basyp aldy-da, ilatynyň baryny Kire ýesir edip äkitdi we Resini öldürdi.

10Ahaz patyşa Aşur patyşasy Tiglatpileseri garşylamak üçin Damaska baranda, Damaskdaky gurbanlyk sypasyny görüp, onuň nusgasyny we teswirini edil bolşy ýaly edip, Uryýa ruhana iberdi. 11Uryýa ruhany Ahaz patyşanyň Damaskdan iberen nusgasyna görä gurbanlyk sypasyny ýasady. Uryýa muny patyşa Damaskdan gelmänkä ýasap gutardy. 12 13Ahaz patyşa Damaskdan gelende, gurbanlyk sypasyny gördi. Ol gurbanlyk sypasynyň ýanyna gelip, onuň üstünde öz ýakma gurbanlygyny we galla sadakasyny hödür etdi, içgi sadakasyny guýdy, salamatlyk gurbanlygynyň ganyny gurbanlyk sypasyna tarap serpdi. 14Ahaz patyşa Rebbiň huzuryndaky öýüň öň tarapynda, öz gurbanlyk sypasy bilen Rebbiň öýüniň arasynda duran bürünçden ýasalan gurbanlyk sypasyny aýryp, ony öz gurbanlyk sypasynyň demirgazyk tarapynda goýdy. 15Ahaz patyşa Uryýa ruhana şeýle tabşyryk berdi: «Ertiriň ýakma gurbanlygyny, agşamyň galla sadakasyny, patyşanyň ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny ýurduň tutuş ilatynyň ýakma gurbanlyklaryny, galla sadakalaryny, içgi sadakalaryny şu uly gurbanlyk sypasynyň üstünde ber we ýakma gurbanlygynyň hem-de gurbanlyklaryň ganlaryny gurbanlyk sypasyna serp. Emma bürünç gurbanlyk sypasyny meniň maslahat soramagym üçin ulanmaga goýuň». 16Uryýa ruhany-da Ahaz patyşanyň tabşyran zatlarynyň baryny aýdyşy ýaly ýerine ýetirdi.

17Onsoň Ahaz patyşa arabalaryň gapdallaryny kesip, olaryň üstündäki legeni aýyrdy. Ol howzy aşagyndaky bürünç öküzleriň üstünden aýryp, ony bir daş sekiniň üstünde goýdy. 18Ahaz Sabat güni üçin ulanylýan Rebbiň öýündäki gurlan bassyrmany we patyşa üçin niýetlenen daşky girelgäni aýyrdy. Ol muny Aşur patyşasynyň göwnünden turmak üçin şeýle etdi. 19Ahazyň beýleki işleri ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 20Ahaz ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýlandy. Ogly Hizkiýa onuň ýerine patyşa boldy.
Copyright information for TukLat16