‏ 2 Kings 18:1-3

Ýahuda patyşasy Hizkiýa

(2 Ýyl ýazgylary 29:1-2; 31:1)

1 Ysraýyl patyşasy Elanyň ogly Hoşeýanyň patyşalygynyň üçünji ýylynda Ýahuda patyşasy Ahazyň ogly Hizkiýa Ýahuda patyşa boldy. 2Hizkiýa patyşa bolan wagty ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalimde ýigrimi dokuz ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesiniň ady Abydy. Ol Zakarýanyň gyzydy. 3Hizkiýa atasy Dawut ýaly Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi.
Copyright information for TukLat16