2 Kings 22
Ýahuda patyşasy Ýoşyýa
(2 Ýyl ýazgylary 34:1-2)
1Ýoşyýa patyşa bolan wagty sekiz ýaşyndady. Ol Iýerusalimde otuz bir ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Ýedida boskatly Adaýanyň gyzydy. 2Ýoşyýa Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi. Ol saga-sola sowulman, atasy Dawudyň ýollaryndan ýöredi.Töwrat tapylýar
3Ýoşyýanyň patyşalygynyň on sekizinji ýylynda patyşa Asalýanyň ogly, Meşullamyň agtygy Şapan mürzäni şeýle tabşyryk bilen Rebbiň öýüne iberdi: 4«Baş ruhany Hilkiýanyň ýanyna bar-da, oňa gapy sakçylarynyň halkdan ýygnap, Rebbiň öýüne getiren kümşüniň baryny sana diý. 5– 6Goý, ol kümüş Rebbiň öýüniň işine bellenen baştutanlaryň eline berilsin. Baştutanlar hem bu kümşi Rebbiň öýüni bejerýän işçilere, agaç ussalaryna we daş örüjilere hem-de beýleki gurluşykçylara bersin. Goý, olar bu kümşi Rebbiň öýüni bejerer ýaly agaç we ýonulan daş satyn almak üçin ulansynlar. 7Emma olaryň eline berlen kümşüň hetdi-hasaby soralmasyn, çünki olar sadyklyk bilen işleýärler». 8Baş ruhany Hilkiýa Şapan mürzä: «Men Rebbiň öýünden Töwrady tapdym» diýdi. Hilkiýa kitaby oňa berdi, ol hem bu kitaby okady. 9Onsoň Şapan mürze patyşanyň ýanyna gelip: «Seniň gullaryň Rebbiň öýündäki bar kümşi boşadyp, Rebbiň öýüniň işine bellenen baştutanlaryň eline beripdirler» diýip, bar zady oňa habar berdi. 10Şapan mürze patyşa ýene: «Hilkiýa ruhany maňa bir kitap berdi» diýdi. Onsoň ol kitaby alyp, patyşa sesli okap berdi. 11Patyşa Töwradyň sözlerini eşidip, ýakasyny ýyrtdy. 12Onsoň patyşa Hilkiýa ruhana, Şapanyň ogly Ahykama, Mikaýanyň ogly Akbora, Şapan mürzä we öz hyzmatkäri Asaýa şeýle tabşyryk berdi: 13«Baryň-da, tapylan bu kitapdaky aýdylýan sözlere görä meniň üçin, meniň halkym bolan bütin ýahuda halky üçin Rebden soraň, çünki Rebbiň bize garşy lowlaýan gazaby gaty güýçlüdir. Biziň atalarymyz bu kitabyň biziň üçin ýazylan sözlerini berjaý etmediler». 14Şeýdip, Hilkiýa ruhany, Ahykam, Akbor, Şapan we Asaýa dagy Hulda atly pygamber aýalyň ýanyna gitdiler. Hulda egin-eşik sakçysy Harhasyň agtygy, Tikwanyň ogly Şallumyň aýalydy. Ol aýal Iýerusalimiň ikinji bölüminde ýaşaýardy. 15Hulda olara: «Ysraýyl Hudaýy Reb sizi meniň ýanyma iberen adama şeýle diýýär: 16Reb şeýle diýýär diýiň: „Men Ýahuda patyşasynyň bu kitapda okan zatlaryna görä hökman bu ýere we bu ýerde ýaşaýanlaryň başyna bir betbagtçylyk indererin. 17Olaryň Meni terk edip, başga hudaýlara ýakymly ysly tütetgi ýakyp, öz pis işleri bilen Meniň gaharymy getirendikleri üçin Meniň bulara bolan gaharym has tutaşdy, ol indi hiç haçan sönmez“. 18Emma Ysraýyl Hudaýy Reb Özünden soramak üçin şu ýere ýollan Ýahuda patyşasyna onuň eşiden sözleri barada şeýle diýýär: 19„Meniň bu ýurdy weýran edip, onuň ýaşaýjylaryny näletlemek baradaky sözlerimi eşideniňde, seniň ýüregiň ýumşady. Özüňi Rebbiň huzurynda peseltdiň, ýakaňy ýyrtyp, öňümde dady-perýat etdiň. Şonuň üçin Men seniň dilegiňi eşitdim. Muny Men-Reb aýdýandyryn. 20Indi Men seni atalaryňyň ýanyna ýygnaryn, sen asudalyk bilen öz gabryňa girersiň. Meniň bu ýere getirjek betbagtçylygymy sen görmersiň“». Olar bu habary patyşa ýetirdiler.
Copyright information for
TukLat16