‏ 2 Kings 25:23-24

23Indi bütin goşunbaşylar we olaryň adamlary Babyl patyşasynyň Gedalýany häkim edip belländigi barada eşidenlerinde, Netanýanyň ogly Ysmaýyl, Kareýanyň ogly Ýohanan, netopaly Tanhumetiň ogly Seraýa we bir magakatlynyň ogly Ýazanýa dagy öz goşunlary bilen Mispa, Gedalýanyň ýanyna geldiler. 24Gedalýa olara we olaryň goşunyna ýüzlenip, ant içip: «Babyllylaryň hökümdarlaryndan gorkmaň. Ýurtda mesgen tutup, Babyl patyşasyna gulluk ediň. Şonda size oňat bolar» diýdi.
Copyright information for TukLat16