‏ 2 Kings 1

Reb Ahazýa patyşany jezalandyrýar

1 Ysraýyl patyşasy Ahap ölenden soň, Mowap ýurdy Ysraýylyň garşysyna gozgalaň turuzdy.

2Bir gün Ahazýa Samariýa şäherindäki köşgüniň ýokarky gatyndaky penjireden ýykylyp, şikeslendi. Onsoň ol: «Gidiň-de, Ekron hudaýy Bagalzebupdan soraň, men bu şikesden gutulyp bilerinmi?» diýip çaparlar ýollady. 3Emma Rebbiň perişdesi tişbeli Ylýas pygambere şeýle diýdi: «Git-de, Samariýanyň patyşasynyň çaparlarynyň öňünden çykyp, olara: „Siz Piliştiň Ekron galasynyň hudaýy Bagalzebupdan patyşaňyz barada soramaga gider ýaly Ysraýylda Hudaý ýokmy näme?“diý. 4Bu eden işiň üçin Reb şeýle diýýär: „Sen ýatan düşegiňden galmarsyň, hökman ölersiň“». Şeýdip, Ylýas pygamber özüne berlen tabşyrygy berjaý etdi.

5Çaparlar patyşanyň ýanyna dolanyp geldiler. Patyşa olardan: «Siz näme üçin yzyňyza dolanyp geldiňiz?» diýip sorady. 6Olar şeýle jogap berdiler: «Öňümizden bir adam çykyp, bize Reb şeýle diýýär diýdi: „Sizi iberen patyşaňyzyň ýanyna baryň-da, oňa sen Ekron hudaýy Bagalzebupdan soramaga adam iberer ýaly, Ysraýylda Hudaý ýokmy näme? Munuň üçin sen ýatan düşegiňden galmarsyň, hökman ölersiň“diýiň». 7Patyşa çaparlardan: «Öňüňizden çykyp, size bu sözleri diýen adamyň sypaty nähilidi?» diýip sorady. 8Olar patyşa: «Ol düýe ýüňünden tikilen donludy we biline-de gaýyş guşak guşalandy» diýip jogap berdiler. Patyşa: «Ol tişbeli Ylýasdyr» diýdi.

9Onsoň patyşa ellibaşyny ýanynyň elli adamy bilen Ylýasyň ýanyna ýollady. Ellibaşy bir baýryň üstünde oturan Ylýasyň ýanyna gelip, oňa: «Eý, Hudaýyň adamy, patyşa saňa aşak düşmegi buýurýar» diýdi. 10Ylýas ellibaşa: «Eger men Hudaýyň adamy bolsam, goý, Hudaý gökden ot inderip, seni we seniň elli adamyňy ýakyp kül etsin» diýdi. Onsoň gökden ot inip, ellibaşyny we onuň elli adamyny ýakyp kül etdi.

11Patyşa ýanynyň elli adamy bilen ikinji ellibaşyny Ylýasyň ýanyna ýollady. Ol hem Ylýas pygamberiň ýanyna gelip, oňa: «Eý, Hudaýyň adamy, patyşa saňa tiz aşak düşmegi buýurýar» diýdi. 12Ylýas oňa: «Eger men Hudaýyň adamy bolsam, goý, Hudaý gökden ot inderip, seni we seniň elli adamyňy ýakyp kül etsin» diýdi. Onsoň gökden Hudaýyň ody inip, ol ellibaşyny we onuň elli adamyny ýakyp kül etdi.

13Patyşa ýanynyň elli adamy bilen üçünji ellibaşyny Ylýasyň ýanyna ýollady. Şeýdip, üçünji ellibaşy Ylýasyň ýanyna gelip, öňünde dyza çöküp, ýalbaryp: «Eý, Hudaýyň adamy, meniň we bu elli guluňyň janyna haýpyň gelsin. 14Öňki iki ellibaşy elli adamy bilen gökden inen oda ýanyp kül boldy, emma indi seniň meniň janyma haýpyň gelsin» diýdi. 15Onsoň Rebbiň perişdesi Ylýasa: «Onuň bilen aşak düş, ondan gorkma» diýdi. Şeýdip, Ylýas aşak düşüp, ellibaşy bilen patyşanyň ýanyna gitdi. 16Ylýas patyşa: «Reb şeýle diýýär: „Sen Ekron galasynyň hudaýy Bagalzebupdan gutulyşyň barada soramaga adam iberer ýaly Ysraýylda Hudaý ýokmy näme? Munuň üçin sen ýatan düşegiňden galmarsyň, hökman ölersiň“» diýdi.

17Şeýdip, Rebbiň Ylýasyň üsti bilen aýdan sözüne görä, Ahazýa patyşa dünýäden ötdi. Ahazýa patyşa ölenden soň, ýerine dogany Ýoram patyşa boldy, sebäbi onuň ogly ýokdy. Ol Ýahuda patyşasy Ýehoşapadyň ogly Ýehoramyň patyşalygynyň ikinji ýylynda Ysraýyla patyşa boldy. 18Ahazýanyň beýleki eden işleri ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.
Copyright information for TukLat16