2 Kings 11
Ýahuda şa aýaly Atalýa
(2 Ýyl ýazgylary 22:10–23:15)
1 Ýahuda patyşasy Ahazýanyň ejesi Atalýa oglunyň öldürilendigini eşiden badyna, Ahazýa patyşanyň tohum-tijiniň baryny öldürtdi. 2Emma Ýehoram patyşanyň gyzy, Ahazýa patyşanyň aýal dogany Ýehoşeba patyşanyň öldürilmeli ogullarynyň içinden Ýowaşy ogurlap, ony enekesi bilen ýatylýan otagda goýdy. Şeýdip, Ýehoşeba Ýowaşy Atalýadan gizledi we ol ölmän galdy. 3Ol Ýehoşeba bilen alty ýyllap Rebbiň öýünde gizlenip gezdi. Şol döwürde Atalýa ýurtda şalyk edýärdi. 4Ýedinji ýylda Ýehoýada ruhany Kari goşunynyň ýüzbaşylaryny we köşk garawullaryny öz ýanyna Rebbiň öýüne çagyrdy. Onsoň Ýehoýada şol ýerde olar bilen äht edişdi we olara ant içirip, soň Ahazýa patyşanyň ogly Ýowaşy olara görkezdi. 5Ýehoýada baştutanlara şeýle buýruk berdi: «Siz şeýle ediň: „Sabat güni nobatçylyga geleniňiziň üçden biri patyşanyň köşgüni garawullasyn. 6Beýleki üçden biriňiz Sur derwezesini garawullaň. Üçünji bölegiňiz bolsa derwezede beýleki garawullaryň arka tarapynda nobatma-nobat garawulçylyk ediň. 7Siziň Sabat güni nobatçylykdan boşaýan iki toparyňyz Rebbiň öýüni garawullamalydyr. 8Ähliňiziň eliňiz ýaragly bolsun, siz patyşanyň daşyny gabarsyňyz. Size ýakynlaşan adam öldürilsin. Patyşa girse-çyksa ýanynda boluň“». 9Serkerdeler Ýehoýada ruhanynyň tabşyran zatlaryny onuň aýdyşy ýaly ýerine ýetirdiler. Olaryň hersi öz adamlaryny Sabat güni nobatçylyk edenleri we nobatçylyk etmedikleri alyp, Ýehoýada ruhanynyň ýanyna geldiler. 10Ýehoýada ruhany Dawut patyşanyň Rebbiň öýündäki naýzalaryny, galkanlaryny serkerdelere berdi. 11Garawullaryň hersi elleri ýaragly patyşany goramak üçin Rebbiň öýüniň günortadan demirgazyk tarapyna çenli gurbanlyk sypasynyň we öýüň töwereginde durdular. 12Onsoň Ýehoýada Ahazýa patyşanyň ogly Ýowaşy daşary çykaryp, başyna täç geýdirip, oňa patyşalyk ähtiň nusgasyny berdi. Ýowaşyň başyna ýag guýup, ony patyşalyga bellediler. Garawullar Ýowaşy patyşa diýip yglan etdiler. Olar el çarpyşyp: «Ýaşasyn patyşa!» diýip gygyryşdylar. 13Atalýa garawullaryň we adamlaryň sesini eşidip, halkyň ýanyna Rebbiň öýüne geldi. 14Görse, ine, patyşa adata görä sütüniň ýanynda durdy. Serkerdelerdir surnaýçylar-da patyşanyň ýanyndadylar. Ýurduň bütin halky şatlanyp, surnaý çalýardy. Atalýa ýakasyny ýyrtyp: «Haýynlyk! Haýynlyk!» diýip gygyrdy. 15Onsoň Ýehoýada ruhany goşun ýüzbaşylaryna: «Atalýany bu ýerden çykaryň. Onuň yzyna eýereni gylyçdan geçiriň» diýip buýruk berdi. Çünki ruhany: «Goý, ol Rebbiň öýünde öldürilmesin» diýipdi. 16Şeýdip, olar Atalýany tutdular. Ony At derwezesinden patyşanyň köşgüne getirip, şol ýerde öldürdiler. 17Halk Rebbiň halky bolar ýaly, Ýehoýada Rebbiň, patyşanyň we halkyň arasynda äht etdi. Şeýle hem patyşa bilen halkyň arasynda-da äht etdi. 18Onsoň ýurduň bütin halky Bagalyň buthanasyna baryp, ony ýykdy. Ondaky gurbanlyk sypalaryny, butlary döwüp, bölek-bölek edip taşladylar. Olar Bagalyň ruhanysy Mattany gurbanlyk sypalarynyň öňünde öldürdiler. Onsoň Ýehoýada ruhany Rebbiň öýüne garawullar goýdy. 19Ol ýüzbaşylary, karileri, garawullary, ýurduň bütin halkyny özi bilen alyp gitdi. Olar patyşany Rebbiň öýünden garawullaryň derwezesiniň ýoly bilen köşge getirdiler. Ýowaş şa tagtynda oturdy. 20Şeýdip, ýurduň bütin ilaty şat boldy. Atalýa patyşanyň öýünde gylyç bilen öldürileninden soň, şäherde ümsümlik boldy. 21Ýowaş ▼▼Ýowaş – ýewreýçe Ýehowaş. Bu Ýowaşyň beýleki adydyr.
patyşalyk edip başlanda, ýedi ýaşyndady.
Copyright information for
TukLat16