2 Kings 23
Ýoşyýa butparazçylygyň soňuna çykýar
(2 Ýyl ýazgylary 34:3-7,29-33)
1Onsoň Ýoşyýa patyşa Ýahudanyň we Iýerusalimiň ýaşulularynyň baryny çagyrdyp, öz ýanyna toplady. 2Ýoşyýa patyşa bütin ýahuda halky, bütin Iýerusalim ilaty, ruhanylar, pygamberler, uludan-kiçä bütin halk bilen Rebbiň öýüne gitdi. Patyşa Rebbiň öýünden tapylan Äht kitabyndaky sözleri olara sesli okap berdi. 3Ýoşyýa sütüniň gapdalynda durup, Rebbiň tabşyryklaryny, permanlaryny, parzlaryny bütin kalby bilen, bütin jany-teni bilen berjaý edip, Rebbiň yzyna eýerjekdigine hem-de şu äht barada kitapda ýazylan sözleri berjaý etjekdikleri hakda Rebbiň huzurynda Onuň bilen äht edişdi. Bütin halk hem bu ähti oňlady. 4Bagala, Aşera we ähli asman jisimlerine sežde etmek üçin edilen gap-gaçlaryň baryny Rebbiň ybadathanasyndan çykarmak barada Ýoşyýa patyşa baş ruhany Hilkiýa, ikinji derejeli ruhanylara we gapy sakçylaryna tabşyryk berdi. Onsoň şol gap-gaçlaryň baryny Iýerusalimiň daşynda, Kidron deresinde ýakyp, olaryň külüni Beýtele äkitdiler. 5Ýahuda patyşalarynyň ýahuda galalarynyň we Iýerusalimiň töweregindäki seždegählerde ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin bellenen butparaz ruhanylary, şeýle hem Bagala, Güne, Aýa, ýyldyzlara we tutuş asman jisimlerine sadakalar hödürleýän ruhanylary wezipelerinden boşatdy. 6Ol Aşera butuny Rebbiň öýünden Iýerusalimiň daşyna, Kidron deresine çykaryp, şol ýerde ýakdy. Onsoň ony ýenjip, kül edip, külüni adamlaryň gabyrlarynyň üstüne sepdi. 7Ýoşyýa Rebbiň öýünde bolan azgyn erkekleriň öýlerini-de ýykdy. Ol ýerde aýallar Aşera üçin dokma işlerini edýärdiler. 8Ýoşyýa ýahuda galalaryndan ähli ruhanylary getirip, Gebadan Beýerşeba çenli ruhanylaryň ýakymly ysly tütetgi ýakýan seždegählerini harama çykardy. Ýoşyýa şäher häkimi Ýeşuwanyň şäher derwezesiniň çep tarapyndaky girelgesindäki seždegähleri ýok etdi. 9Seždegähleriň ruhanylaryna Rebbiň Iýerusalimdäki gurbanlyk sypasynda Rebbe gulluk etmäge rugsat edilmese-de, olar beýleki ruhanylaryň ülüşinden petir iýip bilýärdiler. 10Ýoşyýa patyşa hiç kim ogluny ýa-da gyzyny Molek ▼▼Molek – ammonlaryň hudaýy. Sözlüge seret.
üçin otdan geçirmesin diýip, Benhinnom deresindäki Topet diýen ýerini-de murdar etdi. 11Patyşa Rebbiň öýüniň girelgesinden Ýahuda patyşalary tarapyndan Güne çokunmaga bagyşlanan atlaryň heýkelini aýyrdy, atlar Natanmelek emeldaryň howlusynyň ýanyndady, şeýle hem ol Güne sežde etmek üçin ulanylýan arabalary ýakdy. 12Ýoşyýa Ýahuda patyşalary tarapyndan salnan Ahazyň ýokarky gatdaky jaýynyň üçeginde bolan gurbanlyk sypalaryny we Manaşanyň Rebbiň öýüniň iki howlusynda salan gurbanlyk sypalaryny ýykyp, olary kül-peýekun etdi. Ol gurbanlyk sypasynyň döwük böleklerini Kidron deresine taşlady. 13Ysraýyl patyşasy Süleýmanyň Iýerusalimiň gündogaryndaky Heläk dagynyň günortasynda, sidonlylaryň ýigrenji hudaýy Aştoret üçin, Mowabyň ýigrenji buty Kemoş üçin, ammonlaryň ýigrenji buty Milkom ▼▼Milkom – Molek hudaýyň beýleki ady.
üçin guran seždegählerini patyşa haramlady. 14Ýoşyýa patyşa dikme daşlary kül-peýekun edip, Aşera butlaryny çapyp, olaryň ýerlerini adam süňkleri bilen doldurdy. 15Şeýle hem ol Ysraýyla günä etdiren Nebadyň ogly Ýarobgamyň Beýtelde guran gurbanlyk sypasyny seždegäh bilen birlikde ýykdy. Ýoşyýa seždegähi kül-peýekun edip, ony ýakdy we Aşera butuny hem ýakdy. 16Ýoşyýa töweregine seredende, şol ýerdäki daglykdaky mazarlygy gördi. Onsoň ol şol ýere adam iberip, Rebbiň Hudaýyň adamynyň üsti bilen aýdan sözüne görä süňkleri mazarlardan çykartdy we olary gurbanlyk sypasynyň üstünde ýakyp, gurbanlyk sypasyny haram etdi. 17Onsoň Ýoşyýa patyşa gala adamlaryndan: «Meniň bu görýän heýkelim näme?» diýip sorady. Olar oňa: «Bu Ýahudadan gelen hem-de seniň Beýteldäki gurbanlyk sypasynyň garşysyna eden işleriň barada pygamberlik eden Hudaýyň adamynyň gabrydyr» diýip jogap berdiler. 18Ýoşyýa patyşa: «Ony öz gününe goýuň, hiç kim onuň süňklerine el degirmesin» diýip tabşyryk berdi. Şeýdip, adamlar Hudaýyň adamynyň süňkleri bilen Samariýadan gelen pygamberiň süňklerine el degirmediler. 19Mundan başga-da Ýoşyýa Samariýanyň galalaryndaky ähli seždegähleri ýok etdi. Ol ýerleri Ysraýyl patyşalary gurup, Rebbiň gaharyny getiripdiler. Ýoşyýa Samariýadaky seždegähleri-de, edil Beýteldäki gurbanlyk sypasyny edişi ýaly etdi. 20Ýoşyýa patyşa ol ýerdäki ähli seždegähleriň ruhanylaryny gurbanlyk sypalarynyň üstünde öldürip, gurbanlyk sypalarynyň üstünde adam süňklerini ýakdy. Şondan soň Ýoşyýa Iýerusalime dolanyp geldi. Ýoşyýa Pesah baýramyny belleýär
21Patyşa bütin halka tabşyryk berip: «Bu äht kitabynda ýazylyşy ýaly Hudaýyňyz Rebbe bagyşlap, Pesah baýramyny belläň» diýdi. 22Ysraýyly dolandyran serdarlaryň döwürlerinden bäri Ýahuda we Ysraýyl patyşalarynyň bütin ömründe bu Pesah baýramy ýaly baýram hiç haçan bellenilmändi. 23Emma Ýoşyýa patyşanyň şalygynyň on sekizinji ýylynda bu baýram Iýerusalimde Rebbe bagyşlap bellenildi. 24Şeýle hem Ýoşyýa Hilkiýa ruhanynyň Rebbiň öýünden tapan kitabynda ýazylan kanunda aýdylan zatlary berjaý etmek üçin, Ýahudada, Iýerusalimde edilýän ähli nejis işleriň, ähli öý butlarynyň, beýleki butlaryň, palçylaryň, jadygöýleriň barynyň soňuna çykdy. 25Rebbe Musanyň kanunyna laýyklykda bütin kalby, bar güýji bilen jan-tenden gulluk eden Ýoşyýa ýaly patyşa ondan öň hem, soň hem bolmady. 26Manaşanyň Rebbiň gaharyny getirip, eden pis işleri zerarly Onuň Ýahuda garşy tutaşan gazaby entek hem sowamandy. 27Reb şeýle diýdi: «Men Ysraýyly huzurymdan ýok edişim ýaly, Ýahudany-da huzurymdan ýok ederin. Men saýlan şäherim Iýerusalimi we „Maňa şu ýerde ybadat ediler“diýen öýümi-de terk ederin».Ýoşyýanyň ölümi
28Ýoşyýanyň patyşalygy baradaky başga wakalar we ähli eden işleri ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 29Ýoşyýa patyşanyň döwründe Müsüriň patyşasy faraon Neko Aşur patyşasyna kömek bermek üçin, Ýewfrat derýasyna tarap ýola düşdi. Ýoşyýa hem ony garşylamaga gitdi. Emma faraon Neko Ýoşyýa Megidoda sataşyp, ony şol ýerde öldürdi. 30Ýoşyýanyň hyzmatkärleri onuň jesedini Megidodan arabaly Iýerusalime getirip, öz guburynda jaýladylar. Ýurduň bütin ilaty Ýoşyýanyň ogly Ýehogahazy getirip, başyna ýag guýup, kakasynyň ýerine patyşa goýdular.Ýahuda patyşasy Ýehogahaz
31Ýehogahaz patyşa bolanda ýigrimi üç ýaşyndady. Ol Iýerusalimde üç aý patyşalyk etdi. Onuň ejesi Hamutal libnaly Ýermeýanyň gyzydy. 32Ýehogahaz ata-babalary ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. 33Faraon Neko Iýerusalimde patyşalyk etmesin diýip, Hamat ýurdunyň Ribla diýen ýerinde, Ýehogahazy ýesir aldy. Ol ýurduň başyna bir ýüz ýetmiş batman ▼▼Bir ýüz ýetmiş batman – ýewreýçe ýüz kikkar. Bu takm. 3,4 tonna deňdir.
kümüş, bir ýarym batmana ▼▼Bir ýarym batmana golaý – ýewreýçe bir kikkar. Bu takm. 34 kg deňdir.
golaý hem altyn salgyt saldy. 34Faraon Neko Ýoşyýanyň ogly Elýakymy kakasy Ýoşyýanyň ýerine patyşa etdi we onuň adyny üýtgedip, Ýehoýakym goýdy. Soňra ol Ýehogahazy alyp, Müsüre geldi. Ýehogahaz şol ýerde öldi. 35Ýehoýakym faraona kümüş bilen altyn berdi. Ol faraon Nekonyň tabşyrygyny ýerine ýetirmek üçin ýurda salgyt salyp, ýahuda halkynyň her birinden baýlygyna garap, altyn we kümüş aldy. Ýahuda patyşasy Ýehoýakym
36Ýehoýakym patyşa bolanda ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on bir ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Zebida rumaly Pedaýanyň gyzydy. 37Ýehoýakym edil ata-babalary ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi.
Copyright information for
TukLat16