2 Kings 4
Elýaşa pygamber garyp dul aýala kömek edýär
1 Pygamberlerden bolan bir adamyň aýaly Elýaşa: «Guluň ärim öldi. Sen bilýärsiň, guluň Rebbi sylap, ondan gorkýardy. Algydarymyz iki çagamy özüne gul edinmek üçin alyp gitmäge gelipdir» diýip aglady. 2Elýaşa ondan: «Saňa nähili kömek edip bilerin? Maňa aýt, öýüňizde näme bar?» diýip sorady. Ol aýal: «Seniň gyrnagyňyň öýünde bir golça ýagyndan başga zady ýok» diýip jogap berdi. 3Elýaşa şeýle diýdi: «Bar, daşary çyk-da, ähli goňşularyňdan boş gap dile, näçe köp ýygnap bilseň, şonça-da gowy. 4Onsoň ogullaryň bilen bile içeri girip, gapyny ýap-da, ýygnan gaplaryňa ýag guýup başla, dolanlaryny bir gapdala aýyr-da goýyber». 5Ol aýal Elýaşanyň ýanyndan gaýtdy. Ol öýüne geldi-de, gapyny içinden ýapdy. Ogullary gaplary oňa getirip berýärdiler, ol doldurýardy. 6Gaplar dolanda, aýal ogluna: «Maňa ýene bir gap getirip ber» diýýärdi. Ogly oňa: «Başga gap ýok» diýip jogap berdi. Şondan soň ýag gelmesi kesildi. 7Ol aýal Hudaýyň adamynyň ýanyna gelip, oňa bar bolan zady gürrüň berdi. Elýaşa: «Bar ýaglary sat-da, karzyňy üz, galany hem ogullaryň bilen güzeran aýlamagyňyza ýeter» diýdi.Elýaşa pygamber şunemli gurply aýala kömek edýär
8Günleriň birinde Elýaşa Şunemiň üstünden geçip barýardy. Ol ýerde bir gurply aýal onuň çörege gelmegini haýyş etdi. Şeýdip, Elýaşa her sapar şol ýerden geçende, şol aýalyň öýüne çörege barardy. 9Ol aýal adamsyna şeýle diýdi: «Hemişe ýanymyzdan geçýän bu adamyň Hudaýyň mukaddes adamydygyna göz ýetirdim. 10Gel, oňa üçekde bir kiçijik otag salyp, onuň üçin ýorgan-düşek, saçak, oturgyç we çyra goýaly. Onsoň ol her sapar bize gelende, şol ýerde bolup biler». 11Bir gün Elýaşa olara geldi we ýaňky kiçijik otaga çykyp, şol ýerde ýatdy. 12Elýaşa hyzmatkäri Geýhaza ýüzlenip: «Şunemli aýaly çagyr» diýdi. Hyzmatkäri ony çagyrdy. Bu aýal gelip, hyzmatkäriň öňünde durdy. 13Elýaşa hyzmatkärine ýüzlenip: «Aýaldan: „Sen biziň üçin şunça zähmet çekipsiň. Saňa nähili kömek edip bileris? Seniň adyňdan patyşa ýa-da serkerde bilen gepleşeýinmi?“diýip sora» diýdi. Aýal hem: «Men öz halkymyň arasynda ýaşaýaryn» diýip jogap berdi. 14Elýaşa hyzmatkärinden: «Men onuň üçin başga näme edip bilerin?» diýip sorady. Geýhazy oňa: «Dogrudanam, onuň ogly ýok, äri hem garry» diýip jogap berdi. 15Elýaşa: «Aýaly çagyr» diýdi. Hyzmatkäri ony çagyrdy, aýal gelip, gapynyň agzynda durdy. 16Elýaşa aýala ýüzlenip: «Ýene bir ýyldan, edil şu wagt gujagyňda ogluň bolar» diýdi. Aýal: «Ýok, jenabym, eý, Hudaýyň adamy, gyrnagyňy aldama» diýdi. 17Emma ol aýal göwreli bolup, Elýaşanyň oňa aýdyşy ýaly, bir ýyldan, edil şol wagtda bir ogul dogurdy. 18Oglan ulalyp, günleriň birinde orakçylaryň arasyndaky kakasynyň ýanyna gitdi. 19Ol kakasyna: «Waý, kelläm, kelläm!» diýip gygyransoň, kakasy hyzmatkärine: «Ony ejesiniň ýanyna äkit» diýdi. 20Hyzmatkär ony göterip, ejesiniň ýanyna getirdi. Çaga günortana çenli ejesiniň dyzynda oturyp, onsoň öldi. 21Ejesi ony göterdi-de, ýokary çykaryp, Hudaýyň adamynyň düşeginde ýatyrdy. Onsoň ol gapyny ýapdy-da, çykyp gitdi. 22Aýal adamsyny çagyryp: «Gaýrat edip, hyzmatkärleriň birini eşegi bilen bile meniň ýanyma iber. Men tiz Hudaýyň adamynyň ýanyna gidip geleýin» diýdi. 23Adamsy ondan: «Bu gün aýyň başy däl ýa-da Sabat güni däl. Sen näme üçin onuň ýanyna şu gün gitjek?» diýip sorady. Aýaly hem: «Hemme zat gowy, alada etme» diýip jogap berdi. 24Aýal eşegi gaňňalap, hyzmatkärine: «Ýör, gaty sür, özüm aýdýançam eşegi haýallatma» diýdi. 25Şeýdip, aýal Karmel dagyna, Hudaýyň adamynyň ýanyna geldi. Hudaýyň adamy aýaly bir menzilden görüp, hyzmatkäri Geýhaza: «Seret, şunemli aýal gelýär! 26Sen tiz ylgap, aýalyň öňünden çyk-da, ondan: „Sag-salamatmysyň, adamyň sag-salamatmy? Çagaň sag-salamatmy?“diýip sora» diýdi. Aýal hem: «Sag-salamatlykdyr» diýip jogap berdi. 27Aýal dagdaky Hudaýyň adamynyň ýanyna baryp, onuň aýagyna ýapyşdy. Geýhazy ony aýyrjak bolup, oňa golaý geldi, ýöne Hudaýyň adamy oňa: «Aýala degme, çünki onuň kalby ajy hasratdan doludyr. Reb muny menden ýaşyrdy, maňa bu barada hiç zat aýtmady» diýdi. 28Onsoň aýal oňa: «Jenabym, men senden ogul diledimmi näme? Men saňa meni aldama diýmedimmi näme?» diýdi. 29Elýaşa Geýhaza şeýle diýdi: «Biliňi guşa-da, eliňe meniň hasamy alyp, ýola düş. Eger sen ýolda kimdir birine duşaýsaň, oňa salam berme, biri saňa salam berse, onuň salamyny alma. Sen meniň hasamy çaganyň ýüzüne goý». 30Onsoň çaganyň ejesi: «Rebden hem-de seniň adyňdan ant içýärin. Men sensiz hiç ýere gymyldamaryn» diýdi. Şondan soň Elýaşa ýerinden turup, ol aýalyň yzy bilen gitdi. 31Geýhazy olardan öňinçä baryp, hasany çaganyň ýüzüne goýdy, ýöne çaga demsiz-düýtsüz ýatyrdy. Geýhazy Elýaşanyň öňünden çykmaga gitdi. Ol oňa: «Çaga entek hem oýa däl» diýip habar berdi. 32 Elýaşa öýe girende, düşeginde ýatan öli çagany gördi. 33Şeýdip, ol içeri girip, gapyny ýapdy-da, Rebbiň adyna dileg etdi. 34Onsoň ol düşege, çaganyň ýatan ýerine gelip, agzyny onuň agzyna, gözlerini onuň gözlerine, ellerini onuň ellerine goýup, çaganyň üstüne ýazylyp ýatdy. Şondan soň çaganyň endamy ýylap başlady. 35Elýaşa ýerinden turup, otagda eýläk-beýläk gezmeledi. Onsoň ol ýene-de düşege geçip, ýatan çaganyň üstüne ýazylyp ýatdy. Çaga ýedi gezek asgyryp, gözlerini açdy. 36Elýaşa Geýhazyny çagyryp: «Şunemli aýaly çagyr» diýdi. Geýhazy ony çagyrdy. Aýal Elýaşanyň ýanyna geldi. Elýaşa oňa: «Ogluňy al» diýdi. 37Ol aýal gelip, tagzym edip, Elýaşanyň aýagyna ýykyldy. Onsoň ol ogluny alyp, çykyp gaýtdy.Zäherli çorba
38 Elýaşa Gilgala dolanyp baranda, ýurtda açlyk höküm sürýärdi. Pygamberler topary onuň öňünde otyrdy. Elýaşa hyzmatkärine ýüzlenip: «Uly gazany atar-da, pygamberlere çorba bişirip ber» diýdi. 39Pygamberleriň biri ot ýygmak üçin çöle gitdi. Ol ýabany üzüm agajyny tapdy. Ol şol agajyň miwesinden donuny dolduryp ýygdy. Ol ýabany miweleriň nämedigini bilmese-de, olary dograp, gazandaky çorbanyň içine atdy. 40Çorbadan adamlara guýup berdiler. Adamlar çorbany dadyp görüp: «Eý, Hudaýyň adamy, gazandaky çorbadan iýsek öleris» diýip gygyryşdylar. Adamlar ony iýip bilmediler. 41Elýaşa: «Maňa un getirip beriň» diýdi. Onsoň ol uny gazana atyp: «Adamlara çorba guýup ber, goý, olar iýsinler» diýdi. Şondan soň gazandaky çorbanyň zäheri aýryldy.Elýaşa pygamber ýüz adamy doýurýar
42Bagalşalyşadan bir adam geldi. Ol Hudaýyň adamy üçin hasylynyň ilkinji ýetişen miwesinden oňa azyk getirdi. Ol Elýaşa öz haltasynda ýigrimi sany arpa çöregi bilen täze bugdaý sümmüllerini getirip berdi. Elýaşa: «Bulary halka ber, goý, adamlar iýsinler» diýdi. 43Emma hyzmatkäri oňa: «Bujagazy men ýüz adamyň öňünde nädip goýaýyn?» diýdi. Emma Elýaşa ýene-de gaýtalap: «Muny halka ber, goý, adamlar iýsinler, çünki Reb şeýle diýýär: „Hemmeler iýip doýarlar we nahar artyp hem galar“» diýdi. 44Şeýdip, hyzmatkär barja zatlary adamlaryň öňünde goýdy. Olar nahardan iýip doýdular we Rebbiň aýdyşy ýaly nahar artyp hem galdy.
Copyright information for
TukLat16