2 Kings 5
Nagaman ýokançly deri keselinden saplanýar
1Siriýa patyşasynyň Nagaman atly bir serkerdesi bardy. Ol jenabynyň öňünde iň abraýly hem-de iň uly hormata eýe bolan adamdy, çünki Reb Nagamanyň üsti bilen Siriýa ýeňiş beripdi. Bu batyr ýigit ýokançly deri keselinden ejir çekýärdi. 2Siriýalylar Ysraýyla çozuşlarynyň birinde bir ysraýylly gyzjagazy ýesir alypdylar. Bu gyzjagaz Nagamanyň aýalynyň hyzmatyna berlendi. 3Bir gün şol gyzjagaz bikesine: «Wah, meniň jenabym Samariýa şäherindäki pygamberiň ýanyna gitsedi! Ol Nagamanyň deri keselini bejererdi» diýdi. 4Onsoň Nagaman patyşanyň ýanyna gidip, oňa ysraýylly gyzjagazyň aýdan zatlaryny gürrüň berdi. 5Siriýa patyşasy oňa: «Bar, git, men Ysraýyl patyşasyna seniň bilen hat hem ýollaýyn» diýdi. Nagaman on ýedi batman ▼▼On ýedi batman – ýewreýçe on kikkar. Bu takm. 340 kg deňdir.
kümüş, alty müň altyn teňňe hem-de on laý egin-eşik alyp, Ysraýyl patyşasynyň ýanyna gitdi. 6Nagaman haty Ysraýyl patyşasyna getirip berdi. Hatda şeýle diýlip ýazylandy: «Şu haty okap, meniň hyzmatkärim Nagamany seniň ýanyňa iberendigimi bilersiň. Sen ony deri keselinden bejer». 7Ysraýyl patyşasy bu haty okap: «Jan alyp, jan berer ýaly men Hudaýmy? Näme üçin bu adam ýanyma adam ýollap, ony deri keselinden gutult diýýär? Ol meniň bilen dawalaşmaga bahana gözleýär» diýip, ýakasyny ýyrtyp gygyrdy. 8Hudaýyň adamy Elýaşa Ysraýyl patyşasynyň ýakasyny ýyrtanyny eşidip, onuň ýanyna bir habarçy ýollap: «Sen näme ýakaňy ýyrtan bolýaň? Nagaman meniň ýanyma gelip, Ysraýylda bir pygamberiň bardygyny bilsin» diýdi. 9Şeýdip, Nagaman atlary we söweş arabalary bilen gelip, Elýaşanyň öýüniň işiginde durdy. 10Elýaşa onuň ýanyna bir habarçy ýollap: «Git-de, Iordan derýasynyň suwuna ýedi gezek ýuwun, şonda sen keseliňden saplanyp tämizlenersiň» diýdi. 11Emma Nagamanyň muňa gahary gelip, şeýle diýdi: «Ol meniň üçin hökman daşary çykyp, ýanymda durup, öz Hudaýy Rebbe dileg edip, elini ýokançly deri keselli ýeriň üstüne goýup, ony bejerer öýtdüm. 12Damaskyň Abana we Parpar derýalary Ysraýyl suwlarynyň baryndan oňat dälmi näme? Men şol derýalarda ýuwnup, tämizlenip bilmeýärinmi näme?» Nagaman yzyna öwrüldi-de, gaharly gitdi. 13Emma Nagamanyň hyzmatkärleri onuň ýanyna gelip: «Eý, atamyz, eger pygamber saňa bir kyn iş buýran bolsa, sen ony etmezmidiň? Onuň saňa bar aýdan zady: „Ýuwun-da, tämiz bol“. Bu dagy nämejik?!» diýdiler. 14Şeýdip, Nagaman gidip, Hudaýyň adamynyň aýdyşy ýaly ýedi gezek Iordan derýasyna çümüp çykdy. Şondan soň onuň teni ýaş oglanyň teni ýaly bolup, ol keselinden saplandy we tämiz boldy. 15Onsoň Nagaman ýanyndakylar bilen bile Hudaýyň adamynyň ýanyna dolanyp bardy. Ol gelip, Elýaşanyň öňünde durup: «Men indi tutuş ýer ýüzünde Ysraýylyň Hudaýyndan başga hiç bir hudaýyň ýokdugyna göz ýetirdim. Haýyş edýärin, bu guluň peşgeşini kabul edäý» diýdi. 16Elýaşa: «Huzurynda hyzmat edýän Rebbimden ant içýärin, men hiç zat aljak däl» diýdi. Nagaman Elýaşa peşgeşi al diýip näçe ýalbarsa-da, ol almakdan boýun gaçyrdy. 17Onsoň Nagaman şeýle diýdi: «Eger peşgeşi kabul etmejek bolsaňyz, onda, goý, bu guluňa Ysraýyldan iki gatyr ýüki toprak berilsin, çünki bu guluň mundan beýläk diňe Rebbe sadakalar we ýakma gurbanlyklaryny hödürlär. 18Emma Reb meni şu işde bagyşlasyn: jenabym sežde etmek üçin Rimmon buthanasyna girende, meniň elimden ýapyşýar. Şonda men hem Rimmon buthanasynda onuň bilen sežde etmeli bolýaryn. Men ol ýerde sežde edenimde, goý, Reb men–guluňy bu iş üçin bagyşlasyn». 19Elýaşa pygamber: «Arkaýyn gidiber» diýip, Nagamany ugratdy. Nagaman Elýaşanyň ýanyndan gaýdyp, biraz ýol geçipdi. 20Hudaýyň adamy Elýaşanyň hyzmatkäri Geýhazy: «Meniň jenabym bu siriýaly Nagamana rehim edip, onuň özüne getiren peşgeşini kabul etmedi. Rebden ant içýärin, men onuň yzyndan ylgap gidip, ondan bir zatlar alaýyn» diýen pikire geldi. 21Şeýdip, Geýhazy Nagamanyň yzyndan gitdi. Nagaman kimdir biriniň yzyndan ylgap gelýänini görüp, ony garşylamak üçin arabadan böküp düşdi-de: «Eýgilikmidir?» diýip sorady. 22Geýhazy şeýle jogap berdi: «Eýgilikdir. Meniň jenabym: „Efraýym daglyk ýurdundan pygamberler toparyndan iki sanysy edil şu wagt meniň ýanyma geldi. Şolara gaýrat edip bir ýarym batman töweregi ▼▼Bir ýarym batman töweregi – ýewreýçe bir kikkar. Bu takm. 34 kg deňdir.
kümüş bilen iki laý eşik beräý“diýip, meni seniň ýanyňa iberdi». 23Nagaman: «Üç batmandan artyk edip alaý» diýip, Geýhaza öz diýenini etdirdi. Nagaman üç batmandan gowrak ▼▼Üç batmandan gowrak – ýewreýçe iki kikkar. Bu takm. 70 kg deňdir.
kümşi iki halta salyp, haltanyň agzyny daňdy. Ol olary iki laý eşigi bilen öz iki hyzmatkäriniň eline tutdurdy. Nagamanyň hyzmatkärleri bu haltalary göterip, Geýhazynyň öňünden ýöräp gitdiler. 24Olar gala ýetenlerinde, Geýhazy haltalary Nagamanyň hyzmatkärleriniň elinden alyp, öýde gizledi. Geýhazy hyzmatkärler bilen hoşlaşyp, olary yzlaryna ugratdy. 25Geýhazy jenabynyň ýanyna baryp, onuň öňünde durdy. Elýaşa ondan: «Geýhazy, sen nirede bolduň?» diýip sorady. Geýhazy hem: «Guluň hiç ýere-de gitmedi» diýip jogap berdi. 26Emma Elýaşa gaharlanyp: «Nagaman seni garşylamak üçin arabasyndan düşende, men ruhda seniň bilen dälmidim? Bu kümüş, egin-eşik, zeýtundyr üzüm baglary, goýunlar, öküzler we gullardyr gyrnaklar alynýan wagtymy näme? 27Şonuň üçin hem Nagamanyň deri keseli senden we seniň nesliňden hiç haçan aýrylmasyn» diýdi. Şeýdip, Geýhazy gar ýaly duw-ak deri keseli bilen Elýaşanyň ýanyndan çykyp gaýtdy.
Copyright information for
TukLat16