‏ 2 Kings 7

1Elýaşa şeýle jogap berdi: «Rebbiň sözüni eşit. Ol şeýle diýýär: „Ertir şu wagtlar Samariýanyň derwezesiniň agzynda bir kersen saýlama un adaty baha, ýagny üç mysgala
Üç mysgal – ýewreýçe bir şekel. Bir şekel 11,6 gr deňdir.
golaý kümşe, iki kersen arpa-da adaty baha, ýagny üç mysgala golaý kümşe satylar“».
2Onsoň patyşanyň iň ýakyn nökerleriniň biri Hudaýyň adamyna: «Hatda Reb gökden penjireler açaýanda-da, heý, şeýle-de bir zat bolup bilermi?» diýdi. Emma Elýaşa: «Sen muny öz gözüň bilen görersiň, ýöne ondan iýmersiň» diýdi.

Siriýalylar gaçýarlar

3 Samariýa galasynyň derwezesiniň daşynda dört sany ýokanç deri keselli adam bardy. Olar biri-birlerine şeýle diýişdiler: «Näme üçin biz ölýänçäk, şu ýerde oturmaly? 4Gala gireli diýsek, galada elhenç açlyk höküm sürýär, biz ol ýerde öleris. Emma biz bu ýerde otursagam öleris. Gel, indi siriýalylaryň düşelgesine gaçyp gideli. Eger olar bizi diri galdyrsalar-a, ýaşarys, öldürseler-de öleris». 5Şeýdip, olar siriýalylaryň düşelgesine gitmek üçin alagaraňkyda turup, olaryň düşelgesiniň gyrasyndan bardylar. Ol ýerde hiç kim ýokdy. 6Çünki Taňry Siriýa goşunyna söweş arabalarynyňdyr atlarynyň sesini we ägirt uly goşunyň goh-galmagalyny eşitdiripdi. Olar biri-birlerine: «Ysraýyl patyşasy bize garşy uruşmak üçin Het patyşalaryny, Müsür patyşalaryny hakyna tutandyr» diýişdiler. 7Şeýdip, siriýalylar gorkup, çadyrlaryny, atlarydyr eşeklerini we düşelgedäki bar zatlaryny şol durşuna taşlap, öz janlaryny halas etmek üçin alagaraňkyda yzlaryna gaçyp gidipdiler. 8Bu ýokanç deri keselli adamlar düşelgäniň gyrasyna gelip, bir çadyra girip iýip-içdiler. Onsoň ol ýerden kümüş, altyn, egin-eşik äkidip, olary gizlediler. Soňra olar ýene-de yzlaryna öwrülip gelip, başga bir çadyra girdiler. Ol ýerdäki bar bolan zatlary äkidip, olary-da gizlediler.

9Onsoň olar biri-birlerine şeýle diýişdiler: «Biziň bu edişimiz dogry däl. Bu gün hoş habar günüdir. Eger biz dymyp, ertir daň atara garaşsak, biziň başymyza bela geler. Şonuň üçin hem ýörüň, gideliň-de, patyşanyň köşgündäkileriň baryna habar bereliň». 10Şeýdip, olar gelip, şäheriň derwezebanlaryny çagyrdylar we gygyryp: «Biz siriýalylaryň düşelgesine gitdik. Emma ol ýerde diňe daňylgy duran atlardyr eşeklerden we taşlap gidişleri ýaly duran çadyrlardan başga ne adam bar, ne-de ses-üýn» diýip habar berdiler. 11Ondan soň derwezebanlar gygyryp, patyşanyň köşgündäkilere jar etdiler. 12Patyşa gije turup, hyzmatkärlerine şeýle diýdi: «Siriýalylaryň bize näme etjek bolýandyklaryny men size aýdyp bereýin. Olar biziň açlykdan ýaňa ölüp barýanymyzy bilip, çölde gizlenmek üçin düşelgäni taşlap giden bolmalydyrlar. Siriýalylar: „Ysraýyllar şäherden çykanlarynda, biz olary diri tutarys-da, şähere gireris“diýen pikirdedirler». 13Patyşanyň hyzmatkärleriniň biri: «Goý, birnäçe adam şäherde galan bäş aty alsyn-da, gidip, siriýalylaryň düşelgesini barlap gelsin. Çünki şäherde galanlaryň ykbaly-da edil öňki ölen ysraýyllaryňky ýaly bolar» diýdi. 14Şeýdip, olar iki adamy saýladylar, patyşa olary iki sany at we iki sany söweş arabasy bilen Siriýa goşunynyň yzyndan iberdi. Patyşa olara: «Gidiň-de, bar zady anyklaň» diýip buýruk berdi. 15Şeýdip, olar siriýalylaryň yzyndan Iordan derýasyna çenli gitdiler. Ýol boýy olaryň howlugyp, taşlap giden egin-eşiklerinden we beýleki goş-golamlaryndan doludy. Onsoň çaparlar yzlaryna dolanyp gelip, muny patyşa habar berdiler.

16Soň halk gidip, siriýalylaryň düşelgesini talady. Şeýdip, Rebbiň aýdyşy ýaly bir kersen saýlama un üç mysgala golaý kümşe, iki okara arpa-da üç mysgala golaý kümşe çalşyldy. 17Patyşa özüne iň ýakyn bolan nökerini derwezäniň agzynda goýdy. Halk ony derwezäniň agzynda basalady we ol öldi. Patyşa Hudaýyň adamynyň ýanyna gelende, nöker Hudaýyň adamynyň aýdyşy ýaly ölüpdi. 18 19Çünki Hudaýyň adamynyň patyşa: «Ertir şu wagtlar Samariýanyň derwezesiniň agzynda iki okara arpa üç mysgala golaý kümşe, bir okara saýlama un üç mysgala golaý kümşe çalşylar» diýende, patyşanyň iň ýakyn nökeri Elýaşa pygambere: «Eger Reb gökden penjireler açyp, däne ýagdyraýanda-da, heý, şeýle zat bolup bilermi?» diýipdi. Elýaşa pygamber hem: «Sen ony öz gözleriň bilen görersiň, ýöne sen ondan iýmersiň» diýip jogap beripdi. 20Ol nöker babatda hakykatdan hem şeýle boldy. Halk ony derwezäniň agzynda basalady we ol öldi.
Copyright information for TukLat16