‏ 2 Peter 1

Salamlar

1 Isa Mesihiň guly we resuly men Simun Petrusdan Hudaýymyz hem Halasgärimiz Isa Mesihiň dogrulygy arkaly biziň imanymyz ýaly gymmatly imana eýe bolanlara dogaýy salam! 2Hudaýy we Rebbimiz Isany tanamakda bol merhemet hem parahatlyk size ýar bolsun!

Imandan dänmäň

3Hudaýyň ýörelgesi boýunça ýaşamagymyz üçin Ol Öz güýji arkaly bize gerek bolan ähli zady berdi. Ol muny ýagşylyk we şöhrat bilen bizi Çagyrany tanamagymyz üçin etdi. 4Hudaý bize juda gymmatly beýik wadalary berdi. Ol bu wadalar arkaly siziň bu dünýädäki erbet höweslerden döreýän azgynçylykdan gaça durup, Özüniň tebigatyna şärik bolmagyňyzy niýet etdi. 5 6 7Şoňa görä-de, imanyňyzda has hem berkemäge jan ediň. Şeýdip, imanyňyzda ahlak päkligini, ahlak päkliginde bilimi, bilimde özerkliligi, özerklilikde çydamlylygy, çydamlylykda hudaýhonlygy, hudaýhonlykda mähribanlygy, mähribanlykda Hudaýyň söýgüsini artdyrmaga dyrjaşyň. 8Şu gowy häsiýetler sizde bar bolsa we köpelse, onda siz Rebbimiz Isa Mesihi tanamakda bikär hem hasylsyz galmarsyňyz. 9Kimde bu häsiýetler ýok bolsa, ol uzagy görýän däldir, hatda kördür, öňki günälerinden tämizlenendigini unudandyr. 10Şonuň üçin hem, eý, doganlar, Hudaý tarapyndan çagyrylanlaryň we saýlananlaryň arasyndadygyňyzy subut etmäge yhlas ediň. Şeýle etseňiz, asla imandan dänmersiňiz. 11Şonda Rebbimiz we Halasgärimiz Isa Mesihiň ebedi şalygyna girmek hukugy size boldan-bol eçiler.

Mukaddes Ýazgylardan öwreniň

12Siz bu zatlary bilseňiz-de, özüňizdäki hakykatda berk dursaňyz-da, men bulary size hemişe ýatladyp duraryn. 13Men şindi ýaşaýan wagtlaýyn çadyrymdan, ýagny bedenimden gidýänçäm, bulary ýadyňyza salmak bilen siziň aňyňyzy oýaryp durmagy dogry hasaplaýaryn. 14Sebäbi Rebbimiz Isa Mesihiň maňa bildirişi ýaly, bu pany çadyrymdan basym göçmelidigimi bilýärin. 15Göçenimden soňam bu zatlary elmydama ýada salmagyňyz üçin jan ederin. 16Size Rebbimiz Isa Mesihiň gudrat bilen gelşi hakda habar berenimizde, biz toslama ertekilere eýermedik. Biz Onuň şan-şöhratyny öz gözümiz bilen gördük. 17Şan-şöhratly Hudaýdan Oňa: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan gaty razydyryn» diýen ses gelende, Ogul Atamyz Hudaýdan hormat we şöhrat kabul etdi. 18Onuň bilen bile mukaddes dagdakak, gökden gelen bu sesi biz hem eşitdik.

19Şeýlelikde, pygamberleriň habary biziň üçin ýene-de ynamdardyr. Tä Gün dogýança we daň ýyldyzy kalbyňyza nur çaýýança, tümlükde ýagty saçýan nur deý oňa üns beriň! 20Ozaly bilen şuny bilip goýuň: Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlik sözleri pygamberleriň öz düşünjesinden gelip çykan däldir. 21Sebäbi hiç bir pygamber ynsan islegi bilen welilik etmedi. Bu pygamberler Mukaddes Ruh tarapyndan ugrukdyrylyp, Hudaýdan gelen sözleri aýtdylar.
Copyright information for TukLat16