‏ 2 Samuel 13

Amnon we Tamar

1Aradan esli wagt geçdi. Dawudyň ogly Abşalomyň Tamar atly bir owadan uýasy bardy. Dawudyň başga bir ogly Amnon oňa aşyk boldy. 2Öz enebaşga uýasy Tamara bolan yşk heserinden ýaňa gussa çekip, ol keselledi. Ol boý gyz bolansoň, oňa bir zat etmek Amnona kyn bolup görünýärdi. 3Ýöne Amnonyň Ýonadap diýen bir dosty bardy. Ýonadap Dawudyň dogany Şimganyň ogludy. Ol juda mekir adamdy. 4Ýonadap Amnona: «Eý, şazada, gün-günden halyň perişan bolup barýar-la! Belki, munuň sebäbini maňa aýdarsyň?!» diýdi. Amnon oňa: «Doganym Abşalomyň uýasy Tamara aşyk boldum» diýdi. 5Ýonadap oňa: «Kesellän bol-da, düşegiňe geçip ýat. Kakaň halyňy soramaga gelende, oňa: „Uýam Tamar gelip, meni naharlasyn. Ol öz ýanymda nahar taýýarlasyn. Onuň öz ýanymda nahar taýýarlanyny göräýeýin hem-de nahary onuň öz elinden iýäýeýin“diýip aýt» diýdi. 6Şunlukda, Amnon kesellän kişi bolup, düşegine geçip ýatdy. Patyşa halyny soramaga gelende, ol: «Uýam Tamar gelip, ýanymda tagamly kökeler bişirip bersedi, men onuň öz elinden iýsedim» diýdi.

7 Dawut: «Dogany Amnonyň öýüne barsyn-da, oňa nahar taýýarlasyn» diýip, Tamaryň yzyndan adam iberdi. 8Tamar doganynyň öýüne bardy. Amnon düşekde ýatyrdy. Tamar hamyr ýugrup, ony ýaýdy, doganynyň ýanynda tagamly kökeler bişirdi. 9Kökeleri tabaga saldy-da, getirip, onuň öňünde goýdy, ýöne ol iýmedi. Amnon: «Ýanymdakylaryň ählisi çyksyn» diýdi. Hemmeler onuň ýanyndan çykdylar. 10Şonda Amnon Tamara: «Kökeleri ýatjak jaýyma elt, men ony öz eliňden iýjek» diýdi. Tamar bişiren tagamly kökelerini dogany Amnonyň ýatjak jaýyna alyp bardy. 11Tamar kökeleri onuň ýanyna alyp gelende, Amnon oňa ýapyşyp: «Uýam, gel, bile ýataly-la!» diýdi. 12Tamar oňa şeýle diýdi: «Ýok, dogan, namysyma degme! Ysraýylda munuň ýaly zat görlen däldir. Beýle nejis iş etme! 13Beýle masgaraçylykdan soň men nirä giderin?! Senem Ysraýylyň binamyslarynyň biri bolup galarsyň. Gowusy, git-de, patyşa bilen gepleş. Ol meni senden gaýgyrmaz». 14Ýöne Amnon oňa gulak asmagam islemän, ondan güýçli bolansoň, ony zorlady. 15Şondan soň onda Tamara bolan güýçli ýigrenç döredi. Bu ýigrenç onuň öňki yşk heserinden-de has güýçlüdi. Amnon oňa: «Çyk!» diýdi. 16Emma Tamar: «Ýok, dogan, kowmak bilen maňa edýän bu ýamanlygyň öňki eden ýamanlygyňdan hem uludyr» diýdi. Emma Amnon oňa gulak asmady. 17Ol hyzmatkär ýigidini çagyryp: «Şu aýaly öýden çykar-da, gapyny ýap» diýdi. 18Hyzmatkär ony öýden çykaryp, gapyny ýapdy. (Tamaryň egninde ýeňli uzyn köýnegi bardy. Ir döwürlerde şalaryň ýetişen gyzlary şeýle geýner ekenler.) 19Tamar başyndan kül sowrup, egnindäki köýneginiň ýakasyny ýyrtdy. Elleri bilen başyny tutup, ýolboýy möňňürip aglap gitdi.

20Dogany Abşalom oňa: «Saňa doganyň Amnon el urdumy? Häzirlikçe sesiňi çykarma, uýam, ol seniň doganyň. Munuň üçin özüňi horlama» diýdi. Şeýdip, Tamar dogany Abşalomyň öýünde ýalňyz ýaşaberdi.

21Bolan işi eşidende, Dawut patyşanyň juda gahary geldi. 22Uýasynyň namysyna degendigi üçin, Abşalom Amnony ýigrenýärdi. Ýöne ol Amnona ýagşydan-ýamandan hiç zat diýenokdy.

Abşalom ar alýar

23Iki ýyldan soň Abşalom Efraýyma golaý bolan Bagalhasorda goýun gyrkdyrýardy. Ol patyşanyň ähli ogullaryny şol ýere çagyrdy. 24Abşalom patyşanyň ýanyna gelip: «Guluň häzir goýun gyrkdyrýar. Özüňiz hem-de adamlaryňyz men guluň bilen bile gidäýseňiz» diýdi. 25Emma patyşa oňa: «Ýok, oglum, hemmämiz gitmäli; biz saňa ýük bolarys» diýdi. Abşalom hernäçe ýalbarsa-da, Dawut gitmäge razy bolmady, ýöne oňa ak pata berdi. 26Abşalom oňa: «Bolmasa, doganym Amnon gidäýsin» diýdi. Patyşa oňa: «Näme üçin ol seniň bilen gitmeli?» diýip sorady. 27Emma Abşalom ýalbaryp, Amnony we beýleki ähli ogullaryny özi bilen ibermäge patyşany razy etdi. 28Abşalom hyzmatkärlerine şeýle buýruk berdi: «Serediň, Amnon şerapdan serhoş bolanda, men: „Amnony uruň“diýerin. Şonda siz ony öldürersiňiz. Gorkmaň. Size muny men buýurýandyryn. Gorkmaň, mert boluň!» 29Abşalomyň adamlary Amnony buýrulyşy ýaly etdiler. Şanyň beýleki ogullary bolsa öz gatyrlaryna münüp gaçdylar.

30Olar entek ýoldakalar, Dawuda: «Abşalom seniň ogullaryňyň ýekesini-de goýman, baryny öldüripdir» diýip habar berdiler. 31Patyşa turup, ýakasyny ýyrtyp, ýer bagyrtlady. Onuň ýanyndaky adamlary-da ýakalaryny ýyrtdylar. 32Emma Dawudyň dogany Şimganyň ogly Ýonadap: «Şa hezretleri: „Ogullarymyň baryndan dyndarypdyrlar“diýip pikir etmesin. Öldürilen diňe Amnon. Bu Amnonyň öz uýasy Tamaryň namysyna degen gününden bäri Abşalomyň ýüregine düwen niýetidi. 33Şoňa görä, goý, şa hezretleri ogullarynyň ählisi ölen ýaly bolup, özüni horlap oturmasyn. Diňe Amnon öldi» diýdi.

34Abşalom gaçyp gidipdi. Dag tarapdaky Horonaýym ýolundan bir topar adamyň gelýändigine gözegçi nökeriň gözi düşdi. 35Ýonadap patyşa: «Hanha, seret, guluňyň aýdyşy ýaly, ogullaryň gelýär» diýip, 36sözüni soňlap-soňlamanka, şanyň ogullary gelip ýetdiler. Olar ses edip aglaşdylar. Patyşa bilen onuň adamlary-da gözýaş döküp aglaşdylar.

37Abşalom gaçyp, Geşur patyşasy Emihudyň ogly Talmaýyň ýanyna gitdi. Dawut bolsa uzak wagtlap oglunyň ýasyny tutdy.

38Geşura gaçyp baran Abşalom ol ýerde üç ýyl ýaşady. 39Amnonyň ölüminden soň, köp wagtyň geçmegi bilen Dawut patyşa köşeşdi, ol indi Abşalomy yzarlajak hem bolmady
Ol indi Abşalomy yzarlajak hem bolmady – ýa-da ol Abşalomy küýseýärdi.
.
Copyright information for TukLat16