2 Samuel 6
Dawut Äht sandygyny Iýerusalime getirdýär
(1 Ýyl ýazgylary 13:1-14; 15:1–16:3,43)
1 Dawut ýene-de Ysraýylyň men diýen adamlaryndan otuz müňüsini toplady. 2Ol Hudaýyň Äht sandygyny getirmek üçin, adamlary bilen bile Bagala Ýahuda galasyna gitdi. Sandyk keruplaryň ▼▼Kerup – perişdeleriň bir görnüşi. Sözlüge seret.
arasynda tagt guran Hökmürowan Reb diýip atlandyrylýar. 3Olar Hudaýyň sandygyny täze araba ýükläp, baýyrlykda ýerleşýän Abynadabyň öýünden alyp çykdylar. Täze arabany Abynadabyň ogullary Uza bilen Ahýo sürüp barýardylar. 4Uza Hudaýyň sandygynyň gapdalyndan ▼▼Uza Hudaýyň sandygynyň gapdalyndan – bu jümle käbir golýazmalarda Hudaýyň sandygyny Abynadabyň baýyrlykdaky öýünden alyp çykdylar diýip duş gelýär.
, Ahýo bolsa sandygyň öňünden ýöräp barýardy. 5Dawut we tutuş ysraýyl halky Rebbiň huzurynda bar güýçleri bilen serwi agajyndan edilen dürli saz gurallaryny: lira, arfa, deprek, kimwaldyr kastanet çalyp tans edýärdiler. 6Nakonyň harman jaýyna ýetenlerinde, olaryň öküzleri büdredi, Uza elini uzadyp, Hudaýyň sandygyndan tutdy. 7Uza garşy Rebbiň gahary geldi. Biperwaýlyk edendigi üçin, Hudaý ony şol ýerde öldürdi. Uza edil Hudaýyň sandygynyň ýanynda jan berdi. 8Dawut Rebbiň Uzany öldürendigi üçin gaharlandy. (Ol ýer şu güne çenli Peres Uza ▼▼Peres Uza – bu söz Uza garşy gazap diýmegi aňladýar.
diýlip atlandyrylýar.) 9Dawut şol gün Rebden gorkup: «Rebbiň sandygyny nädip meniň ýanyma getirip bolarka?» diýdi. 10Şunlukda, Dawut Rebbiň sandygyny Dawut galasyna äkitmek islemedi. Ol sandygy Gat galasyndan bolan Obededomyň öýünde goýup gitdi. 11Rebbiň sandygy üç aýlap Obededomyň öýünde durdy. Reb Obededomy we onuň tutuş hojalygyny ýalkady. 12«Reb Obededomyň hojalygyny hem-de oňa degişli bolanlaryň ählisini Hudaýyň sandygy üçin ýalkady» diýip, Dawut patyşa habar berdiler. Dawut gidip, Hudaýyň sandygyny uly şatlyk bilen Obededomyň öýünden Dawut galasyna getirdi. 13Rebbiň sandygyny göterijiler alty ädim ýöränden soň, Dawut bir öküz bilen semiz göläni gurbanlyk berdi. 14Dawut nepis zygyr matadan tikilen efot geýip, Rebbiň huzurynda bar güýji bilen joşup tans edýärdi. 15Şunlukda, Dawut hem-de tutuş ysraýyl halky şatlyk bilen gygyryşyp, şahdan edilen surnaý çalyp, Rebbiň sandygyny getirýärdiler. 16Rebbiň sandygy Dawut galasyna getirilende, Şawulyň gyzy Mikal penjireden seretdi. Dawudyň Rebbiň huzurynda bökjekläp tans edişini görüp, ol öz ýanyndan Dawuda göwnüýetmezçilik bilen seretdi. 17Olar Rebbiň sandygyny getirip, Dawudyň onuň üçin ýörite guran çadyrynyň içinde öz ýerinde goýdular. Soňra Dawut Rebbiň huzurynda ýakma hem salamatlyk gurbanlyklaryny berdi. 18Ol ýakma hem salamatlyk gurbanlyklaryny berip bolandan soň, Hökmürowan Rebbiň adyndan halka pata berdi. 19Aýal-erkek diýmän, ysraýyl halkynyň hersine bir çörek, bir bölek et hem-de kişmiş paýlady. Şondan soň tutuş jemagat öýüne dargady. 20 Dawut öz maşgalasyna pata bermek üçin gaýdyp gelýärkä, Şawulyň gyzy Mikal öňünden çykyp, oňa şeýle diýdi: «Bir bolgusyzyň utançsyzlyk bilen ýalaňaçlanyşy ýaly, öz emeldarlarynyň gyrnaklarynyň öňünde ýarym-ýalaňaçlanyp, gör, bu gün ysraýyl patyşasy özüne nähili hormat gazandy!» 21Dawut Mikala şeýle diýdi: «Bu seniň ataňyň hem onuň nesliniň ýerine meni saýlan, meni Öz halky Ysraýyla hökümdar eden Rebbiň huzurynda boldy. Hawa, men Rebbiň huzurynda tans etjek. 22Men özümi öňküdenem has kiçeldip, mertebämi peseltjek. Emma seniň diýýän gyrnaklaryň meni şöhrata beslärler». 23Şawulyň gyzy Mikal dünýäden perzentsiz ötdi.
Copyright information for
TukLat16