‏ 2 Samuel 1

Şawulyň öldi habary

1Şawul ölenden soň, amalekleri ýeňip, dolanyp gelen Dawut iki gün Ziklagda galdy. 2Üçünji gün diýlende Şawulyň düşelgesinden ýakasyny ýyrtyp, başyndan gum sowran bir adam Dawudyň ýanyna geldi. Ol Dawudyň öňünde ýere ýüzin düşüp tagzym etdi. 3Dawut ondan: «Nireden gelýärsiň?» diýip sorady. Ol: «Men Ysraýyl düşelgesinden gaçyp gaýtdym» diýdi. 4Dawut oňa: «Aýt, näme boldy?» diýdi. Ol: «Goşun ýeňlip gaçdy, adamlaryň köpüsi gyryldy. Şawul bilen onuň ogly Ýonatan hem öldi» diýdi. 5Dawut bu habary getiren ýaş ýigitden: «Şawul bilen onuň ogly Ýonatanyň ölenini nireden bilýäň?» diýip sorady. 6Ýaş ýigit Dawuda şeýle jogap berdi: «Edil şol wagt men Gilboga dagyndadym. Men Şawulyň naýzasyna söýenip duranyny, duşmanyň söweş arabalarynyň we olary sürýän esgerleriň bolsa oňa golaýlaşyp barýandyklaryny gördüm. 7Şawul ýeňsesine seredende meni görüp, ýanyna çagyrdy. Men: „Näme agam?“diýdim. 8Ol: „Sen kim?“diýip sorady. „Men amalek tiresinden“diýip jogap berdim. 9Soňra ol maňa: „Gel-de, meni öldür, çünki entek içimde janym bolsa-da, ajalym görnüp dur“diýdi. 10Menem bardym-da, ony öldürdim. Sebäbi men onuň indi diri galmajakdygyna göz ýetiripdim. Başyndaky täji bilen elindäki bilezigini jenabyma alyp gaýtdym, ine, olar jenabym». 11Muny eşiden Dawut ýakasyny tutup, geýimlerini ýyrtdy, onuň ýanyndakylar hem şeýtdiler. 12Olar gylyçdan geçirilen Şawul üçin, onuň ogly Ýonatan üçin, Rebbiň goşuny we ysraýyl halky üçin agşama çenli agyz bekläp, ýas tutup aglaşdylar. 13Dawut habar getiren ýaş ýigitden: «Sen nireli?» diýip sorady. Ol: «Men gelmişek bir amalegiň ogly» diýip jogap berdi. 14Dawut oňa: «Gorkman, Rebbiň seçip-saýlan adamyny öldürmäge nädip milt etdiň?» diýdi. 15Soňra Dawut ýaş ýigitleriň birini ýanyna çagyryp: «Gel, şuny öldür!» diýdi. Ýigit ony urup öldürdi. 16Dawut amalege: «Döken ganyň öz başyňa barsyn. Çünki sen Rebbiň seçip-saýlan adamyny öldürendigiňe öz diliň bilen şaýatlyk etdiň» diýdi.

17Şawul we onuň ogly Ýonatan üçin, Dawut şu agyny aýtdy. 18(Dawut bu «Peýkam aýdymyny» ýahuda halkyna öwrenmegi buýurdy. Bu Dogruçyllyk kitabynda ýazylandyr.) Ol şeýle diýdi: 19«Eý, Ysraýyl, şöhratyň dem-düýtsüz ýatyr depeleriňde!
Gerçekler nädip ýere ýazyldy?!
20Gatlylara aýtmaň muny,
Aşkelonyň köçelerinde ýaýmaň.
Ýogsam piliştlileriň gyzlary joşar,
sünnetsizleriň gyzlary heşelle kakar.
21Eý, Gilboga daglary!
Üstüňize çyg-da, ygal-da düşmesin!
Sizden hasyl önmesin!
Çünki gerçegiň galkany,
Şawulyň gaýdyp ýaglanmajak galkany
siziň üstüňizde syndy.

22Ýonatanyň ýaýy sowa geçmezdi
öldürilenleriň teninden,
Şawulyň gylyjy boş geçmezdi
gerçekleriň ýaýyndan.

23Söýgülidi, ezizdi
Şawul bilen Ýonatan.
Dirilikde, ölümde olar jyda düşmedi.
Çalasyndylar bürgütden,
güýçlüdiler arslandan.

24Eý, Ysraýyl gyzlary,
aglaň, Şawul üçin aglaň!
Al-elwan geýdiren üçin,
geýimiňizi zer bilen nagyşlan üçin aglaň!

25Gerçekler nädip ýere ýazyldy jeň meýdanynda!
Ýonatan dem-düýtsüz ýatyr depäňde.

26Seniň üçin halym teňdir, eý, Ýonatan dogan!
Juda eziz bolupdyň maňa.
Zenan söýgüsinden-de
artykdy söýgiň maňa.

27Gerçekler nädip ýere ýazyldy?!
Ok-ýaraglar döwüldi!»
Copyright information for TukLat16