‏ 2 Samuel 11

Dawut bilen Batşeba

1Ýaz paslynda, patyşalaryň ýörişe gidýän döwri Dawut öz nökerlerini, ähli ysraýyl goşunyny Ýowabyň ýolbaşçylygy astynda söweşe ýollady. Olar ammonlary kül-peýekun etdiler, Raba galasyny gabawa aldylar. Emma Dawut Iýerusalimde galypdy.

2Bir gün agşamara Dawut düşeginden turup, köşgüň üçegine çykdy-da, gezim etmäge başlady. Şol wagt suwa düşünip duran bir aýala onuň gözi düşdi. Aýal diýseň görmegeýdi. 3Aýalyň kimdigini bilmek islän Dawut onuň ýanyna adam iberdi. Iberilen gidip gelip, onuň Eligamyň gyzy, het halkyndan bolan Uryýanyň aýaly Batşebadygyny Dawuda habar berdi. 4Dawut adamlaryna aýaly getirmegi buýurdy. Aýal Dawudyň ýanyna geldi. Dawut aýbaşydan ýaňy arassalanan Batşeba bilen ýatdy. Soňra aýal öýüne gaýtdy. 5Aýal göwreli boldy we Dawuda: «Men göwreli» diýip habar ýollady.

6«Het halkyndan bolan Uryýany meniň ýanyma iber» diýip, Dawut Ýowaba habar etdi. Ýowap Uryýany Dawudyň ýanyna iberdi. 7Uryýa ýanyna gelende, Dawut ondan Ýowabyň we goşunyň hal-ýagdaýy, urşuň gidişi hakda soraşdyrdy. 8Soňra ol Uryýa: «Öýüňe bar-da, dynjyňy al» diýdi. Uryýa patyşanyň köşgünden çykanda, onuň yzyndan patyşanyň sowgadyny hem äkitdiler. 9Emma Uryýa öz jenabynyň ähli nökerleri bilen bile şa köşgüniň gapysynda ýatdy; öýüne gitmedi. 10Onuň öz öýüne gitmändigini Dawuda habar berenlerinde, ol Uryýadan: «Sen ýaňyja ýoldan geldiň. Näme üçin öýüňe gitmediň?» diýip sorady. 11Uryýa Dawuda: «Äht sandygy bilen ysraýyllardyr ýahudalar çadyrdakalar, jenabym Ýowapdyr onuň nökerleri meýdandakalar, men iýip-içmek we aýalym bilen ýatmak üçin öýüme gideýinmi? Seniň ömrüňden hem janyňdan ant içýärin, men beýle iş edip bilmerin» diýdi. 12Dawut Uryýa: «Bu günem şu ýerde bol, ertir men seni yzyňa ugradaryn» diýdi. Şunlukda, Uryýa ol gün hem Iýerusalimde galdy. 13Ertesi gün Dawut ony çagyryp, iýdirip-içirip serhoş etdi. Agşam Uryýa ýene-de öz öýüne gitmän, jenabynyň nökerleri bilen bile öňki ýatýan ýerine gitdi. 14Ertesi irden Dawut Ýowaba hat ýazyp, Uryýadan iberdi. 15Dawut hatynda şeýle ýazdy: «Uryýany söweşiň iň gazaply gidýän ýerinde goý-da, onuň ýanyndan aýryl. Goý, ol ýaralanyp ölsün». 16Ýowap galany gabaw astynda saklap, gowy synlansoň, gaýduwsyz adamlaryň bar ýerini bilýärdi. Ol Uryýany şol ýerde goýdy. 17Galanyň adamlary çykyp, Ýowap bilen söweşmäge başladylar. Dawudyň nökerlerinden birnäçesi öldi. Öldürilenleriň arasynda het halkyndan bolan Uryýa-da bardy. 18Ýowap adam iberip, söweş baradaky maglumatlaryň ählisini Dawuda ýetirdi. 19Ol çapara şeýle diýdi: «Söweş hakyndaky habarlaryň ählisini patyşa gürrüň berip bolanyňdan soň, 20patyşa gazaba münüp: „Näme üçin gala beýle golaý bardyňyz? Olaryň sizi diwaryň üstünden oka tutjakdyklaryny bilmeýärmidiňiz näme? 21Ýerubagalyň ogly Abymelegi bir aýalyň öldürendigini bilmeýärmidiňiz? Tebezde ol aýal diwaryň üstünden oňa degirmen daşyny zyňyp öldürmänmidi? Näme üçin diwara gaty golaý bardyňyz?“diýäýse, şol wagt: „Siziň het halkyndan bolan guluňyz Uryýa hem öldi“diýersiň».

22Çapar gidip, Ýowabyň tabşyranlarynyň ählisini Dawuda gürrüň berdi. 23Ol Dawuda şeýle gürrüň berdi: «Duşmanyň güýji biziňkiden agdyk eken. Olar biziň garşymyza meýdana çykdylar, emma biz derwezäniň agzyna çenli olaryň yzlaryndan kowduk. 24Şonda ýaýçylar diwaryň üstünden seniň adamlaryňy oka tutdular; olaryň arasynda ölenleri hem boldy. Het halkyndan bolan guluňyz Uryýa hem şonda öldi». 25Dawut çapara: «Ýowaba aýt, goý, bu iş üçin ol köp alada galmasyn; gylyç kä oňa deger, kä muňa. Galanyň üstüne hüjümi güýçlendirsinler-de, ony ýumursynlar. Şu sözler bilen ony ruhlandyr» diýdi.

26Uryýanyň aýaly adamsynyň ölendigini eşidip, onuň ýasyny tutdy. 27Ýas gutarandan soň, Dawut adam iberip, ol aýaly köşgüne getirtdi. Şeýdip, ol Dawudyň aýaly boldy. Ondan Dawudyň bir ogly boldy.

Ýöne Dawudyň eden bu işi Rebbiň nazarynda nejislikdi.
Copyright information for TukLat16